Banan möhüm iýmit

Banan dünýäde iň möhüm iýmit ekinleriniň biridir. Bu önüm bedenimizi insultdan we gipertoniýadan goraýar, agramy gözegçilikde saklaýar, immuniteti goldaýar.
100 g üçin bişen bananlaryň kaloriýasy we ýokumlylygy: kaloriýa — 88, beloklar — 0,74 g, ýaglar — 0,29 g, uglewodlar — 23 g, iýmit süýümi — 4,6 g.
Banan uglewodlaryň baý çeşmesi hasaplanylýar, immuniteti güýçlendirmek üçin B (B1, B2, B6), C we P witaminlerini öz içine alýar. Çydamly krahmalyň we süýümiň köp bolmagy sebäpli bu miweleriň pes glisemiki görkezijisi bar (GI).
Bişmedik bananlaryň esasy düzümi (80%-e çenli) çydamly («siňdirilmeýän») krahmal we pektin bedende prebiotik hökmünde hereket edýär, iýmit siňdiriş ulgamynda peýdaly bakteriýalaryň ösmegine itergi berýär we saglygy berkidýär.
Şeýle-de bolsa, bişiş döwründe krahmalyň köp bölegi şekere (fruktoza we glýukoza) öwrülýär. Şol sebäpli birneme bişmedik bananlar gowy doýurýar we agramyny bir kadada saklajak bolýan adamlar üçin amatlydyr.
Esger RYZAKULYÝEW,
Türkmen döwlet binagärlik - gurluşyk institutynyň talyby.

Çepbekeýler adaty bolmadyk çemeleşmeleri tapýarlar
Donald Kostello işewürlik kollejiniň amerikan alymlary tarapyndan geçirilen täze gözleg çep eliň hünär kämillikde we baýlyga ýetmekde möhüm esas bolup biljekdigini görkezýär.

Bagbançylygyň ähmiýeti
Gözlegleriň netijesi bagbançylygyň adam beýnisine we bedenine oňyn täsir edýändigini görkezdi.

Aýdym aýtmak – saglygyňy berkitmek
Gadymyýetden bäri adamlar öz sesiniň güýji bilen saglygyny dikeldip bilipdirler. Aristotel we Pifagor akyl taýdan bozulmalary bejermekde aýdym aýtmagy maslahat beripdirler.

Çopantelpegiň adam saglygyna ýetirýän peýdaly täsirleri
Gadymy döwürlerden bäri halk lukmançylygynda şypaly ösümlik hökmünde giňden ulanylýan, dünýä ýurtlarynyň köpüsinde duş gelýän çopantelpek saglygymyz üçin örän peýdalydyr.

«Bejeriş binagärligi» hassalaryň ünsüni gussaly duýgulardan sowup, olarda ruhubelentlik döredýär
Ösümlikleriň, arassa howanyň, janly-jandarlaryň bejeriş ukyplary barada bilýän hem bolsak, binagärligiň şypa berijilik häsiýeti barada seýrek eşidilýär.