Balkanabatda dört gatly ýaşaýyş jaýlarynyň 6-sy ulanylmaga berildi
Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly baýramçylygynyň öňüsyrasynda Balkan welaýatynyň edara ediş merkezinде birbada dört gatly ýaşaýyş jaýlarynyň 6-synyň açylyş dabarasy boldy. Şolaryň her birinde iki, üç we dört otagly öýleriň 36-sy bar. Öýleriň meýdançasy degişlilikde 79, 101 we 119 inedördül metre barabardyr. Giň hem-de ýagty otaglaryň ýerleşdirilişi gowulandyrylyp, aşhanalary we eýwanlary ajaýyp mebeller bilen üpjün edildi.
Täze ýaşaýyş toplumynda jemi dört gatly 32 jaýyň gurulmagy meýilleşdirilen. Bu ýerde esasy işleri Türkmenabadyň “Demirbetonönümleri” kärhanasynyň önümçilik bölümleri ýerine ýetirdiler.
Geljekde täze ýaşaýyş toplumynda mekdep, çagalar bagy, saglyk hem-de söwda merkezleri, medeni-köpçülikleýin çäreleri geçirmäge niýetlenen meýdançalar we durmuş düzümine degişli beýleki desgalar bina ediler.
Täze ýaşaýyş jaýlarynyň ýanynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda noýabr aýynyň aýagynda açylan metjidiň bardygyny bellemeli. Uly Balkan dagynyň eteginde ýerleşen künjekde kaşaň “Türkmeniň ak öýi” binasynyň gurluşygy alnyp barylýar.
Ussat news
«Nebit-gaz» gazetiniň 15 ýyllygy dabaraly bellenildi
«Nebitgaz» gazetiniň redaksiýasynda neşiriň ilkinji sanynyň çap edilip başlanmagynyň 15 ýyllygyna bagyşlanan dabaraly çäre geçirildi. Oňa “Türkmengaz” we “Türkmennebit” döwlet konsernleriniň, Türkmenistanyň Nebitgaz senagaty toplumynyň işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň Geňeşiniň wekilleri, şeýle hem redaksiýanyň işgärleri gatnaşdylar.
«Ýaş tebigatçy» jemgyýetçilik guramasy intellektual bäsleşige çagyrýar!
16-njy sentýabrda sagat 14:00-da «Arkaç» SÖMerkeziniň «Iş nokady» koworking merkezinde «Ýaş tebigatçy» jemgyýetçilik guramasy Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrliginiň ýanyndaky Ozon merkezi bilen bilelikde Halkaara ozon gatlagyny goramak gününe bagyşlanan intellektual bäsleşik geçirýär.
Türkmenistanyň Prezidentiniň mekdep okuwçylaryna, talyp ýaşlaryna, mugallymlaryna we bilim işgärlerine gutlagy
Türkmenistanyň Prezidentiniň mekdep okuwçylaryna, talyp ýaşlaryna, mugallymlaryna we bilim işgärlerine gutlagy.
Ýerasty suw ýataklarynyň gor baýlygy artdyrylýar
«Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasynyň ýurdumyzyň welaýatlaryndaky gidrogeologiýa ekspedisiýalarynyň işgärleri halkymyzy gündelik arassa agyz suwy bilen üpjün etmek babatda möhüm işleri durmuşa geçirýärler. «Marygidrogeologiýa» ekspedisiýasynyň işgärleriniň alyp barýan işleri hem şunuň bir mysalydyr.
Türkmenistanyň erkin göreşçileri okuw-türgenleşik ýygnanyşyklaryny geçirdiler
2026-njy ýylyň awgust aýynda Mary we Aşgabat şäherlerinde erkin göreş boýunça geçirilen tapgyrlaýyn okuw-türgenleşik ýygnanyşyklary sport ussatlygyny ýokarlandyrmaga, tejribe alyşmaga hem-de pälwanlaryň geljekki ýaryşlara fiziki taýýarlygyny pugtalandyrmaga gönükdirildi.