Agyz beklemek — saglyga peýdaly

Türkmen halky Oraza baýramyna ruhy tämizligiň we ahlak arassalygynyň, hoşniýetliligiň baýramy hökmünde garaýar. Oraza tutmak, agyz bekleme mukaddes hasaplanýar. Oraza aýynda agyz beklemek arkaly ynsanyň bedeni we ruhy dünýäsi tämizlenýär. Bu döwürde adamyň bedeni, aňy we ruhy dünýäsi jebisleşip ajaýyp sazlaşygy emele getirýär.
Lukmanlaryň bellemegine görä, ynsan bedeniniň energiýasynyň agramly bölegi iýmit siňdirmäge sarp edilýär. Hut şonuň üçin-de, agyz beklemek arkaly adamyň bedenine iýmitiň barmasy kesilen ýagdaýynda, bedenimiz ähli güýjüni zyýanly mikroblardan dynmaga, «zibillerden» arassalanmaga, taplanmaga, dikelmäge gönükdirýär.
Açlygy bejergi hökmünde öwrenen nemes alymlary ýylyň dowamynda 3-4 hepde hiç zat iýmän-içmezligiň saglyk üçin örän peýdalydygyny subut etdiler. Lukmanlaryň bellemegine görä, agyz beklemede beden artyk agramyndan dynyp, immun ulgamynyň işi gowulanýar, bagyr we böwrekler arassalanýar, alyş-çalyş ýagdaýlary kadalaşýar. Şeýle-de iýmit siňdiriş ulgamynyň işi ýeňilleşýär, tüýkülik mäzleri, aşgazan, bagyr, aşgazanasty mäzi, içege dynç alýar. Agyz bekleme endokrin mäzleriniň işine-de oňaýly täsir edýär. Musulman dünýäsiniň mukaddes Oraza baýramynda haýyr-sahawat işleri, berilýän sadakalar, haýyrly dogalar has-da artyp, her bir ynsanyň köňli, ruhy dünýäsi tämizlenýär we ýagtylanýar.
Berdimyrat DURDYÝEW,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň talyby.

Çepbekeýler adaty bolmadyk çemeleşmeleri tapýarlar
Donald Kostello işewürlik kollejiniň amerikan alymlary tarapyndan geçirilen täze gözleg çep eliň hünär kämillikde we baýlyga ýetmekde möhüm esas bolup biljekdigini görkezýär.

Bagbançylygyň ähmiýeti
Gözlegleriň netijesi bagbançylygyň adam beýnisine we bedenine oňyn täsir edýändigini görkezdi.

Aýdym aýtmak – saglygyňy berkitmek
Gadymyýetden bäri adamlar öz sesiniň güýji bilen saglygyny dikeldip bilipdirler. Aristotel we Pifagor akyl taýdan bozulmalary bejermekde aýdym aýtmagy maslahat beripdirler.

Çopantelpegiň adam saglygyna ýetirýän peýdaly täsirleri
Gadymy döwürlerden bäri halk lukmançylygynda şypaly ösümlik hökmünde giňden ulanylýan, dünýä ýurtlarynyň köpüsinde duş gelýän çopantelpek saglygymyz üçin örän peýdalydyr.

«Bejeriş binagärligi» hassalaryň ünsüni gussaly duýgulardan sowup, olarda ruhubelentlik döredýär
Ösümlikleriň, arassa howanyň, janly-jandarlaryň bejeriş ukyplary barada bilýän hem bolsak, binagärligiň şypa berijilik häsiýeti barada seýrek eşidilýär.