Hurma — Remezan miwesi

Hurma Oraza saçaklarynyň aýratyn bezegidir. Onuň Bagdat hurmasy, Medine hurmasy, Eýran hurmasy, Asýa hurmasy, Kudus hurmasy, Tunus hurmasy, Sukkary hurmasy, Sugaý hurmasy, Berni hurmasy, Şelebi hurmasy, Jennet — Trabzon hurmasy ýaly görnüşleri bar. Agyz beklenende hurma iýmek bedeni açlykdan, suwsuzlykdan gorap, ýeterlik derejede kuwwat berýär. Bu miwäniň düzüminde gurplandyryjy ýokumlar agdyklyk edýär.
Hurma ýürek we aşgazan keselleri üçin peýdalydyr. Orazada hurma iýilmegi-de munuň aýdyň beýany bolup durýar. Ol beloklara we uglewodlara baý bolup, gündelik iýmitimizde möhüm orny eýeleýär. Şeýle-de, bu miwe ýokumly maddalary, witaminleri özünde jemleýän antioksidant çeşmesi hasaplanýar. Onuň düzümindäki ftorid, ftor ýaly elementler dişiň çüýremeginiň öňüni alýar we immunitet ulgamyny güýçlendirýär.
Hurma damar dykylmada, ýürek kesellerinde, aň-huş näsaglyklarynda aýratyn ähmiýete eýedir. Ol ýüregiň sagdyn işlemegine goşant goşup, şol bir wagtda ýady güýçlendirýär.
Keremberdi MÄMMEDOW,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň talyby.

Çepbekeýler adaty bolmadyk çemeleşmeleri tapýarlar
Donald Kostello işewürlik kollejiniň amerikan alymlary tarapyndan geçirilen täze gözleg çep eliň hünär kämillikde we baýlyga ýetmekde möhüm esas bolup biljekdigini görkezýär.

Bagbançylygyň ähmiýeti
Gözlegleriň netijesi bagbançylygyň adam beýnisine we bedenine oňyn täsir edýändigini görkezdi.

Aýdym aýtmak – saglygyňy berkitmek
Gadymyýetden bäri adamlar öz sesiniň güýji bilen saglygyny dikeldip bilipdirler. Aristotel we Pifagor akyl taýdan bozulmalary bejermekde aýdym aýtmagy maslahat beripdirler.

Çopantelpegiň adam saglygyna ýetirýän peýdaly täsirleri
Gadymy döwürlerden bäri halk lukmançylygynda şypaly ösümlik hökmünde giňden ulanylýan, dünýä ýurtlarynyň köpüsinde duş gelýän çopantelpek saglygymyz üçin örän peýdalydyr.

«Bejeriş binagärligi» hassalaryň ünsüni gussaly duýgulardan sowup, olarda ruhubelentlik döredýär
Ösümlikleriň, arassa howanyň, janly-jandarlaryň bejeriş ukyplary barada bilýän hem bolsak, binagärligiň şypa berijilik häsiýeti barada seýrek eşidilýär.