Makalalar

Ýangyç-ýylylyk öndüriji çeşmedir

https://www.ussatnews.com/storage/posts/3434/original-16272b3310346b.jpeg

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň galkynyşy döwründe “halkyň Arkadagly zamansy” diýilip halkymyz tarapyndan teklip edilen ýylda beýleki pudaklar bilen bir hatarda ýangyç-energetika pudagy ýokary derejelerde ösdürilýär. Ýangyç-munuň özi ýylylyk öndürmäge ukyply bolup olar gaty, suwuk we gaz halyndaky ýangyç düzümlerine bölünýärler. Ýangyjyň görnüşine garamazdan onuň 83-85% uglerod; 12-13% wodorod 0,5-0,8% bolsa kislorod tutýar.

Gaty görnüşli ýangyçlara kömür, agaç, suwuk görnüşli ýangyçlara nebitden alynýan benzin, salýarka, kerosin, gaz görnüşli ýangyçlara biziň ýurdumyzyň esasy tebigy baýlygy bolan tebigy gazymyz degişlidir. Nebit öz düzüminde suw ýangyjyň birnäçe görnüşini bölüm çykarýar. Dünýä döwletlerinde nebit çig mal görnüşinde ýerlenilmän ony gaýtadan işläp ondan alynýan dürli önümler ösen bazar şertlerinde bazara ýaramly önüm görnüşine getirilip ýerlenilýär.

Biziň döwletimizde nebit öndürilip ol gaýtadan işlenýän önüm bolup ondan otuzdan gowrak önüm alynýar. Nebit-ýokary ýanyjylyk ukybyna eýe bolup onuň gaýtadan işlemekde ýokary tehnologiýa maşynlar bilen bir hatarda ýylylyk energiýasyndan peýdalanmak arkaly gaýtadan işlenýär. Nebiti gaýtadan işlemekde bug öndüriji gazan desgalarynda öndürilýän bug ulanylyp, nebit bilen bug garyşmaz ýaly ýylylyk çalşyjy apparatlardan peýdalanylýar. Nebit gaýtadan işlenendäki alynýan önümleriň özi ýurdumyzyň ykdysady kuwwatynyň ýokarlanmagyna özüniň oňyn täsirini ýetirýär.

Bulardan başga-da ýurdumyzyň esasy tebigy baýlyklarynyň biri bolan tebigy gazymyz hem ýurdumyzyň ykdysady kuwwatlylygyny ýokarlandyrmakda möhüm orny eýeleýär. Olar diňe bir gaz görnüşli ýangyç höküminde ulanylman, ony gaýtadan işlemek arkaly ýokary derejedäki benzin hem öndürilýär. Bularyň özi ýurdumyzyň nebit-gaz pudagynyň ösdürilmeginiň diňe bir bu pudagyň ösüş-özgerişine oňyn täsirini ýetirmän beýleki pudaklaryň hem ýokary derejelerde ösdürilmegine, ýokary ykdysady netijeleriň şol pudaklarda-da gazanylmagyna giň ýol açýar.

Alihan AÇILOW,

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň talyby.

Başga makalalar
169e5f1af28ddf.jpeg
Türkmen-hytaý hyzmatdaşlygy pugtalanýar

«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip yglan edilen 2026-njy ýylyň 17-nji aprelinde Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary esasynda, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Hytaý Halk Respublikasynyň Döwlet Geňeşiniň Premýeriniň birinji orunbasary Din Sýuesýanyň Mary welaýatynyň Ýolöten etrabynyň çäginde «Galkynyş» gaz känini özleşdirmegiň dördünji tapgyrynyň gurluşyk işlerine badalga beren güni berkarar Watanymyzyň täze taryhyna altyn harplar bilen ýazyldy.


169cccd28c36ec.jpeg
TOPH: sebitiň ykdysady ösüşiniň gözbaşy

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň başyny başlan hem-de Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýän Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisiniň (TOPH) taslamasy häzirki döwrüň iri halkara energetika taslamalarynyň biri bolup durýar.


1699c18b017e55.jpeg
TOPH — SEBITDE HYZMATDAŞLYGYŇ WE ÖSÜŞIŇ ENERGETIKA KÖPRÜSI

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow ýakynda Amerikanyň Birleşen Ştatlaryna saparynyň çäklerinde «Al-Arabiya» teleýaýlymyna beren interwýusynda Türkmenistanyň iri halkara energetika taslamalarynyň biri bolan Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan (TOPH) gaz geçirijisiniň üstünlikli amala aşyrylýandygyny aýratyn nygtady.

16988434a4ad1a.jpeg
Maýa goýum syýasaty — Türkmenistanyň durnukly ösüşiniň mäkäm binýady

Türkmenistanyň yzygiderli we öňdengörüjilikli maýa goýum syýasaty durnukly durmuş-ykdysady ösüşiň hem-de halkyň hal-ýagdaýynyň ýokarlanmagynyň möhüm şerti bolup durýar.


16978adf15fea7.jpeg
Watanymyz — bagtymyz, buýsanjymyz

Watanyňy söýmek — ýurduňa, halkyňa, medeniýetiňe we taryhyňa çuňňur buýsanç hem-de wepalylyk duýgusydyr. Ol diňe bir çuňňur duýgy bolman, eýsem, Watanyňa gulluk etmäge, göbek ganyň daman topragyny goramaga, ýurduň rowaçlygy, halkyň abadançylygy ugrunda yhlasyňy gaýgyrman zähmet çekmäge taýýar bolmakda jemlenýän borçdur.