Rus dilinde neşir edilen “Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi” atly kitabyň tanyşdyryş dabarasy
Paýtagtymyzda Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 25 ýyllygyna bagyşlanyp geçirilýän Halkara serginiň nobatdaky gününiň çäklerinde, Söwda-senagat edarasynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň rus dilinde neşir edilen “Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi” atly kitabynyň tanyşdyryş dabarasy geçirildi.
Daşary işler ministrligi tarapyndan guralan çärä Russiýa Federasiýasynyň Türkmenistanaky ilçihanasynyň, ýurdumyzyň jemgyýetçilik we döredijilik guramalarynyň, ýokary okuw mekdepleriniň hem-de köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.
Tanyşdyryş dabarasynda çykyş edenler Türkmen döwletiniň Baştutanynyň häzirki şanly ýylda çapdan çykan täze eseriniň medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygy, ýurtlaryň we halklaryň arasyndaky dostluk hem-de özara düşünişmek gatnaşyklaryny pugtalandyrmak maksadyny özünde jemleýändigini nygtadylar.
Russiýa bilen Türkmenistanyň arasyndaky özara bähbitli hyzmatdaşlygyň, şol sanda ylym, medeniýet we bilim ulgamlarynda gatnaşyklaryň kökleri bardyr. Şu günki waka hem taryhyň, ruhy gymmatlyklaryň umumylygy bilen baglanyşykly bolan halklarymyzyň özara islegleriniň subutnamasy bolup durýar, dostlugy berkidýär hem-de köptaraply gatnaşyklary hil taýdan täze mazmun bilen baýlaşdyrýar.
Çünki hut medeniýet rowaçlygyň, abadançylygyň we häzirki hem-de geljekki nesilleriň gülläp ösmeginiň bähbidine dürli milletleriň wekillerini birleşdirýän, üstünlikli hem-de netijeli döwletara hyzmatdaşlygynyň binýady bolup hyzmat edýän baglanyşdyryjy halkadyr.
“Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi” atly kitabyň rus diline terjime edilmegi rus halkyna türkmen halkynyň baý medeni mirasy, asylly maksatlary hem-de ahlak ýörelgeleri bilen has-da ýakyndan tanyşmaga, öwrenilmegi, goralyp saklanylmagy we giňden wagyz edilmegi hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýan milli däplere oňat düşünmäge mümkinçilik berer.
Şonuň bilen birlikde, giň okyjylar köpçüligine niýetlenen kitap medeniýeti öwrenijiler we bu ugurda ylmy barlaglary alyp barýanlar üçin aýratyn gymmatlyga eýedir. Bu eseriň milli medeniýetiň taryhy hakynda maglumatlaryň diňe bir ulgamlaşdyrylan ýygyndysy bolman, durmuşy wakalardan we söýgüden doly ösen jemgyýetiň esasyny emele getirýän halkyň ynsanperwerligi baradaky ýiti duýgulara beslenen gürrüňleriň jemidigini bellemek gerek.
Kitap eýýäm dünýäniň halklarynyň ençeme dillerine terjime edildi. Bu bolsa adamzat ösüşiniň gazananlarynyň genji-hazynasyna ägirt uly goşant goşan halkymyzyň taryhyna, däp-dessurlaryna hem-de baý medeni gymmatlygyna ählumumy gyzyklanmanyň barha artýandygyna şaýatlyk edýär.
Tanyşdyryş dabarasyna gatnaşyjylar hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa Türkmenistanyň abadançylygyna we rowaçlygyna, giň halkara hyzmatdaşlygynyň ösdürilmegine gönükdirilen köptaraply işlerinde täze ajaýyp üstünlikleri arzuw etdiler.
Ussat news
«Nebit-gaz» gazetiniň 15 ýyllygy dabaraly bellenildi
«Nebitgaz» gazetiniň redaksiýasynda neşiriň ilkinji sanynyň çap edilip başlanmagynyň 15 ýyllygyna bagyşlanan dabaraly çäre geçirildi. Oňa “Türkmengaz” we “Türkmennebit” döwlet konsernleriniň, Türkmenistanyň Nebitgaz senagaty toplumynyň işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň Geňeşiniň wekilleri, şeýle hem redaksiýanyň işgärleri gatnaşdylar.
«Ýaş tebigatçy» jemgyýetçilik guramasy intellektual bäsleşige çagyrýar!
16-njy sentýabrda sagat 14:00-da «Arkaç» SÖMerkeziniň «Iş nokady» koworking merkezinde «Ýaş tebigatçy» jemgyýetçilik guramasy Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrliginiň ýanyndaky Ozon merkezi bilen bilelikde Halkaara ozon gatlagyny goramak gününe bagyşlanan intellektual bäsleşik geçirýär.
Türkmenistanyň Prezidentiniň mekdep okuwçylaryna, talyp ýaşlaryna, mugallymlaryna we bilim işgärlerine gutlagy
Türkmenistanyň Prezidentiniň mekdep okuwçylaryna, talyp ýaşlaryna, mugallymlaryna we bilim işgärlerine gutlagy.
Ýerasty suw ýataklarynyň gor baýlygy artdyrylýar
«Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasynyň ýurdumyzyň welaýatlaryndaky gidrogeologiýa ekspedisiýalarynyň işgärleri halkymyzy gündelik arassa agyz suwy bilen üpjün etmek babatda möhüm işleri durmuşa geçirýärler. «Marygidrogeologiýa» ekspedisiýasynyň işgärleriniň alyp barýan işleri hem şunuň bir mysalydyr.
Türkmenistanyň erkin göreşçileri okuw-türgenleşik ýygnanyşyklaryny geçirdiler
2026-njy ýylyň awgust aýynda Mary we Aşgabat şäherlerinde erkin göreş boýunça geçirilen tapgyrlaýyn okuw-türgenleşik ýygnanyşyklary sport ussatlygyny ýokarlandyrmaga, tejribe alyşmaga hem-de pälwanlaryň geljekki ýaryşlara fiziki taýýarlygyny pugtalandyrmaga gönükdirildi.