Kömelegiň peýdasy

Ýer ýüzünde kömelekleriň Panellus, Sezar kömelegi, Klawariýa kömelegi, Rodotus.... ýaly birnäçe täsin görnüşleri bar. Kömelekler iýilýän, şertli iýilýän we iýilmeýän hem-de zäherli görnüşlere bölünýär. Iýilýän kömelekler ak kömelekdir.
Kömelegiň düzüminde adam bedeni üçin wajyp bolan beloklar, uglewodlar, ýaglar, mikroelementler we aminokislotalar bar. Onda aminoturşular saklanýar. Şeýle-de, kömelekde B witaminler toplumy, D witamin, demir, sink, kükürt, fosfor, kaliý, kalsiý ýaly mikroelementler bar. Tebigatyň bu täsin önümi ýürek-damar, nerw ulgamynyň sazlaşykly işlemegine, ganazlygyň öňüni almakda, miokardyň diwarlaryny berkitmekde örän wajyp hasaplanýar.
Amerikaly alymlaryň geçiren barlaglary kömelegiň 2-nji derejeli süýji keseli bilen kesellemek howpunyň öňüni almakda netijelidigini ýüze çykardy. Şeýle-de bu önümi hepde içinde iki gezekden 100-120 gr köp iýmek maslahat berilmeýär. Iki ýaşamadyk çagalara kömelek bermek düýbünden ýol berilmeli däldir. Iki ýaşdan uly çagalaryň iýmitine azajykdan kömelekli çorbalary, ýeňil naharlary goşmak mümkin. Çaga 10 ýaşdan, haçan-da iýmit siňdiriş ulgamynyň kemala gelmegi tamalanandan soň, kömelegi doly derejede bermek mümkin.
Ak kömelekler tagamlylygy boýunça iň gowusy hasaplanýar. Olara başgaça «kömelekleriň şasy» hem diýilýär. Lukmanlar kömelegiň peýdaly taraplary bilen birlikde, zyýanly bolup biljek ýagdaýlarynyň hem bardygyny duýdurýarlar. Kömelek siňmesi kyn we allergetik önüm hasaplanýar, şonuň üçin iýmit siňdiriş ulgamynda näsazlyklary, allergiýa ýakyn bolan adamlara bu önümden ýüz öwürmek ýerlikli bolar.
Muhammetberdi MUHAMMETBERDIÝEW,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň talyby.

Çepbekeýler adaty bolmadyk çemeleşmeleri tapýarlar
Donald Kostello işewürlik kollejiniň amerikan alymlary tarapyndan geçirilen täze gözleg çep eliň hünär kämillikde we baýlyga ýetmekde möhüm esas bolup biljekdigini görkezýär.

Bagbançylygyň ähmiýeti
Gözlegleriň netijesi bagbançylygyň adam beýnisine we bedenine oňyn täsir edýändigini görkezdi.

Aýdym aýtmak – saglygyňy berkitmek
Gadymyýetden bäri adamlar öz sesiniň güýji bilen saglygyny dikeldip bilipdirler. Aristotel we Pifagor akyl taýdan bozulmalary bejermekde aýdym aýtmagy maslahat beripdirler.

Çopantelpegiň adam saglygyna ýetirýän peýdaly täsirleri
Gadymy döwürlerden bäri halk lukmançylygynda şypaly ösümlik hökmünde giňden ulanylýan, dünýä ýurtlarynyň köpüsinde duş gelýän çopantelpek saglygymyz üçin örän peýdalydyr.

«Bejeriş binagärligi» hassalaryň ünsüni gussaly duýgulardan sowup, olarda ruhubelentlik döredýär
Ösümlikleriň, arassa howanyň, janly-jandarlaryň bejeriş ukyplary barada bilýän hem bolsak, binagärligiň şypa berijilik häsiýeti barada seýrek eşidilýär.