Sagdyn horlanmak

16:51 17.05.2022

https://www.ussatnews.com/storage/posts/3533/original-162838c5b55c41.jpeg

Kabul edilýän iýmitiň kaloriýasy sarp edişden artyk gelse, bedende artykmaç agram, semizlik peýda bolýar. Sarp edilmeýän energiýa bedende ýag görnüşinde ýygnalyp, wagtyň geçmegi bilen howply keselleriň döremegine sebäp bolup bilýär. Ylmy maglumatlara görä, semizlikden ejir çekýän adamlaryň diňe 5 göterimi artykmaç agramdan özbaşdak dynyp, ony gerekli derejede saklap bilýär. Horlanmak üçin dürli görnüşli berhizler, ýörite düzülen iýmit rejeleri, fiziki hereketler ulanylýar.

Häzirki döwürde dünýä ilatynyň agramly bölegi semizlikden ejir çekýär. Olaryň köpüsi horlanmak üçin derman serişdelerini ulanýarlar. Şeýle derman serişdeleri horlanmakda peýdaly bolup biler, ýöne olary oýlanyşykly, lukman bilen maslahatlaşyp ulanmak ýerliklidir. Şeýle dermanlaryň hatarynda ýag ýakyjy häsiýetli serişdeler bar. Olar ýaglaryň bölünmegini çaltlaşdyrmaga we energiýa sarp edilişini ýokarlandyrmaga ukyplydyr, käbirleri bolsa dokumalarda ýagyň emele gelmegini saklaýar. Şeýle-de bolsa, çylşyrymly düzümi sebäpli bu serişdeleri kän ulanmak maslahat berilmeýär.

Merkezi hereket edýän dermanlar (anorektika) gönüden-göni nerw ulgamyna täsir edýär, doýma merkezini işjeňleşdirýär we açlyk merkezini saklaýar. Bu serişdeler ýiti täsir ediji bolup, ýaramaz netijeleri bilen bellidir. Şonuň üçin olar lukmanyň görkezmesi boýunça kabul edilýär, käbir ýurtlarda bolsa olar gadagan edilendir. Bulardan başga-da artykmaç agramdan dynmak üçin ulanylýan derman serişdeleriniň görnüşleri köp, muňa garamazdan lukmanlar tebigy ýagdaýda horlanmagy maslahat berýärler.

Horlanmak üçin ylgaw, suwda ýüzmek, hereketli oýunlar, gimnastika ýaly fiziki işjeňlikler peýdalydyr. Şunda sport bilen meşgullanmagyň mukdary däl-de, yzygiderligi wajyp orny eýeleýär. Oýlanyşykly, yzygiderli ýola goýlan berhiz, şeýle-de sportuň ýeňil görnüşleri bilen meşgullanmak, peýdaly, az kaloriýaly önümleri ulanmak, maksadaokgunlylyk garaşylýan netijäni gazanmakda esas bolup durýar. Lukmanlar bedeniň öwrenişen ýaşaýyş-durmuş tertibini gysga wagtda däl-de, dowamly, tapgyrlaýyn üýtgetmegi maslahat berýärler.

Saparmyrat BABAÝEW,

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň talyby.

Başga makalalar
165e747935707c.jpeg
Çaganyň aň-akyl ösüşi üçin peýdaly önümler

Çaganyň aň-akyl taýdan kadaly ösmegi okuw-terbiýeçilik işinde esasy wezipe bolup durýar. Her bir ýaşda iýmitlenmegiň belli bir kadasy bolşy ýaly, çagalyk döwründe hem bu şeýledir.


165b91eda2f571.jpeg
Beýiniň peýdasy

Beýi peýdaly häsiýeti ýokary bolan miweleriň hataryna degişlidir. Biziň Türkmenistan ýurdumyzda hem beýi urugyndan adaty beýi görnüşi ösdürilip ýetişdirilýär. Aslynda, beýiniň gelip çykan ýerleri Kawkaz we Ortaýer deňiz kenarýakalary hasaplanýar. Beýi agaç görnüşli we gyrymsy bag bolup, boýy 8 metre çenli ýetýär.


1658d4df34d0ed.jpeg
Nohudyň peýdasy

Nohut — iň gadymy ösümlikleriň biri. Onuň watany günorta-günbatar Aziýa we ýakyn Gündogar hasaplanýar. Ösümlik bu ýerlerde miladydan öňki 7-nji müňýyllykda ösdürilip ýetişdirilipdir. Dünýäde nohudyň 70-e golaý görnüşi belli bolup, olardan diňe iki görnüşi giňden ulanylýar. Ol gök çig görnüşinde we gabykly bişen görnüşinde ulanylýar. Ösümlik beloklaryň ajaýyp çeşmesidir. Onuň 100 gramynda takmynan 25 gram belok bar. Şonuň üçin nohut sagdyn iýmitlenişiň aýrylmaz bölegi hasaplanýar.

1658bce4e243ca.jpeg
Greýpfrut — peýdaly miwe

Greýpfrut tropiki miwelere degişli bolup, onuň watany Barbados adasy hasaplanýar. Ol elmydama ýaşyl öwüsýän agaçda ýetişip, sowuk howany halamaýar. Miwe ýolunmanka daşky görnüşi boýunça üzüme çalym edýär.


16586e84d1b85d.jpeg
Täze jaýyň gurluşygy — peýdaly maslahatlar

Täze jaýyň gurluşygy her bir adamyň durmuşynda jogapkärli we wajyp aladalaryň biri bolup durýar. Jaý gurluşygy köp wagt, zähmet we serişde talap edýär. Bu işde ýyllaryň dowamynda toplanan peýdaly maslahatlar oňat netijeleri berip bilýär.