Peýdaly maslahatlar

Petruşkaň peýdasy

https://www.ussatnews.com/storage/posts/3587/original-1628cffa1151f3.jpeg

Petruşkadaky süýüm iýmit siňdiriş ulgamynyň hereketini ýokarlandyrýar. Süňkleri berkitmek, gözüň saglygyny goramak we keselleriň öňüni almak üçin bu önümiň peýdasy uludyr.

Petruşka, esasan, K witaminine baý bolup, ol süňkleri berkitmäge, onuň mineral dykyzlygyny ýokarlandyrmaga kömek edýär. Onda süňkleriň berk bolmagyna ýardam edýän kalsiý, ergosterol we C witamini bar.

Bu ösümligiň düzümindäki üç karotinoid — lýutein, beta-karotin we zeaksantin — gözüň görejini we sagdynlygyny saklamaga kömek edýär.

Onda flawonoidleriň bolmagy ýürek-damar ulgamynyň güýçlenmegini üpjün edýär. Petruşkadaky peýdaly maddalar gan basyşyny we holesteriniň derejesini peseldýär, gan damarlarynyň diwarlaryny berkidýär.

Şeýle hem petruşkanyň antibakterial häsiýetleri bar. Ol peşewiň kadaly çykmagyna, kalsiniň bölünip çykmagyny azaltmaga we böwrek daşlaryny owratmaga ýardam edýär.

Gipertoniýa, gipotireoz, göwreliligiň başlangyç döwürlerinde, bagyr, böwrek keselleriniň dermanlary kabul edilende bu ösümligi az mukdarda iýmek maslahat berilýär.

Taýýarlan Nury ORAZOW,

Türkmen döwlet binagärlik - gurluşyk institutynyň talyby.

Başga peýdaly maslahatlar
168385199ec441.jpeg
Çepbekeýler adaty bolmadyk çemeleşmeleri tapýarlar

Donald Kostello işewürlik kollejiniň amerikan alymlary tarapyndan geçirilen täze gözleg çep eliň hünär kämillikde we baýlyga ýetmekde möhüm esas bolup biljekdigini görkezýär.


16837ee42d4fcf.jpeg
Bagbançylygyň ähmiýeti

Gözlegleriň netijesi bagbançylygyň adam beýnisine we bedenine oňyn täsir edýändigini görkezdi.


167f50c336288c.jpeg
Aýdym aýtmak – saglygyňy berkitmek

Gadymyýetden bäri adamlar öz sesiniň güýji bilen saglygyny dikeldip bilipdirler. Aristotel we Pifagor akyl taýdan bozulmalary bejermekde aýdym aýtmagy maslahat beripdirler.

16640718866af2.webp
Çopantelpegiň adam saglygyna ýetirýän peýdaly täsirleri

Gadymy döwürlerden bäri halk lukmançylygynda şypaly ösümlik hökmünde giňden ulanylýan, dünýä ýurtlarynyň köpüsinde duş gelýän çopantelpek saglygymyz üçin örän peýdalydyr.


1663c945c93a7d.jpeg
«Bejeriş binagärligi» hassalaryň ünsüni gussaly duýgulardan sowup, olarda ruhubelentlik döredýär

Ösümlikleriň, arassa howanyň, janly-jandarlaryň bejeriş ukyplary barada bilýän hem bolsak, binagärligiň şypa berijilik häsiýeti barada seýrek eşidilýär.