BSG-niň wekili Türkmenistanyň DIM-inde hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmegiň mümkinçiliklerini maslahatlaşdy
Duşenbe güni Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň binasynda wise-premýer, daşary işler ministri R.Meredow bilen Aşgabada iş sapary bilen gelen Bütindünýä Söwda Guramasynyň (BSG) Baş direktorynyň orunbasary Çjan Sýançeniň arasynda geçirilen duşuşykda BSG bilen ählitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmegiň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Bu barada Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň saýty habar berýär.
R.Meredow Guramanyň Baş direktorynyň orunbasaryna BSG girmek üçin ýurtda alnyp barylýan taýýarlyk işleri barada maglumat berdi. Bu işler milli kanun çykaryjy binýadyň, daşary syýasy işleriň we kadalaryň kämilleşdirimegini hem-de KHBS arkaly ilatyň we işewürler toparlaryň arasynda düşündiriş işleriň geçirilmegini öz içine alýar.
Bellenilişi ýaly, soňky ýyllarda Türkmenistanyň we BSG-niň arasynda gatnaşyklar işjeňleşdirildi. Mälim bolşy ýaly, şu ýylyň fewralynda BSG-niň Baş geňeşiniň dowamynda türkmen tarapy Marrakeş ylalaşygynyň XII maddasyna laýyklykda, BSG agzalygyna girmek üçin resmi taýdan talapnamasyny berdi. Netijelere görä, BSG-niň Baş geňeşiniň agza-ýurtlarynyň biragyzdan Türkmenistanyň talapnamasy goldanyldy we oňa “goşulýan ýurt” derejesiniň berilmegi barada çözgüt kabul edildi. Daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçysy BSG-niň sekretariatyna hem-de Türkmenistanyň talapnamasyny goldan agza-ýurtlara tüýs ýürekden minnetdarlygyny bildirdi.
Şeýle hem häzirki zaman dünýäde ykdysadyýetiň ählumumylaşdyrylmagynyň ähmiýetiniň ösýändigi barada nygtaldy, hususan-da pandemiýadan soňky ýagdaýlarda Türkmenistanyň öňünde halkara söwda-ykdysady gatnaşyklar ulgamyna işjeň integrirlenmegi boýunça wezipe goýuldy. Bu maksatlara ýetmek üçin netijeli ýollaryň biri hökmünde BSG bilen hemmetaraplaýyn hyzmatdaşlygyň giňeldilmegi bellenildi.
«Nebit-gaz» gazetiniň 15 ýyllygy dabaraly bellenildi
«Nebitgaz» gazetiniň redaksiýasynda neşiriň ilkinji sanynyň çap edilip başlanmagynyň 15 ýyllygyna bagyşlanan dabaraly çäre geçirildi. Oňa “Türkmengaz” we “Türkmennebit” döwlet konsernleriniň, Türkmenistanyň Nebitgaz senagaty toplumynyň işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň Geňeşiniň wekilleri, şeýle hem redaksiýanyň işgärleri gatnaşdylar.
«Ýaş tebigatçy» jemgyýetçilik guramasy intellektual bäsleşige çagyrýar!
16-njy sentýabrda sagat 14:00-da «Arkaç» SÖMerkeziniň «Iş nokady» koworking merkezinde «Ýaş tebigatçy» jemgyýetçilik guramasy Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrliginiň ýanyndaky Ozon merkezi bilen bilelikde Halkaara ozon gatlagyny goramak gününe bagyşlanan intellektual bäsleşik geçirýär.
Türkmenistanyň Prezidentiniň mekdep okuwçylaryna, talyp ýaşlaryna, mugallymlaryna we bilim işgärlerine gutlagy
Türkmenistanyň Prezidentiniň mekdep okuwçylaryna, talyp ýaşlaryna, mugallymlaryna we bilim işgärlerine gutlagy.
Ýerasty suw ýataklarynyň gor baýlygy artdyrylýar
«Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasynyň ýurdumyzyň welaýatlaryndaky gidrogeologiýa ekspedisiýalarynyň işgärleri halkymyzy gündelik arassa agyz suwy bilen üpjün etmek babatda möhüm işleri durmuşa geçirýärler. «Marygidrogeologiýa» ekspedisiýasynyň işgärleriniň alyp barýan işleri hem şunuň bir mysalydyr.
Türkmenistanyň erkin göreşçileri okuw-türgenleşik ýygnanyşyklaryny geçirdiler
2026-njy ýylyň awgust aýynda Mary we Aşgabat şäherlerinde erkin göreş boýunça geçirilen tapgyrlaýyn okuw-türgenleşik ýygnanyşyklary sport ussatlygyny ýokarlandyrmaga, tejribe alyşmaga hem-de pälwanlaryň geljekki ýaryşlara fiziki taýýarlygyny pugtalandyrmaga gönükdirildi.