Gülküli keşpleriň ussady Amangül MÄMMETÝAZOWA

17:59 11.07.2022

https://www.ussatnews.com/storage/posts/3904/original-162cc1e98cf204.jpeg

Sungatyň jadyly dünýäsine kökerilen her bir ynsan oňa maýyl bolýar. Köňül köprüsine öwrülen bu sungatyň ynsanlary has-da jebisleşdirýändiginiň şaýady bolmak – uly bagt. Her bir sahna oýnunda tomaşaçynyň ilkinji ünsüni çekýän zat artistiň şol keşbi ussatlyk bilen ýerine ýetirmegidir. Sungatyň ylham beriji güýjüni kalbyňa guýmazdan, kämillik hakda söz açmak mümkin däl. Çagalykdan sungaty hemra tutunan, özüniň gülküli sahna çykyşlary bilen halkyň söýgüsini gazanan, Türkmenistanyň at gazanan artisti Amangül MÄMMETÝAZOWA bilen söhbetdeşligimiz sungatymyzyň ösüşli menzilleri dogrusynda boldy.

– Amangül, söhbedimiziň başyny sungat ýolundaky ilkinji ädimleriňiz baradaky gürrüňleriňizden başlaýsak?!

– Maşgalada on çaganyň biri bolup ulaldym. Kakam mugallym, ejem bolsa, öý bikesi. Çagakam aýdymçy bolasym gelýärdi. Ýaňy 5-nji synpda okap ýören döwürlerim oba medeniýet öýümiziň ýörite aýdym-saz gurnagyna gatnardym. Kakam her çykyşyma uly höwes bilen tomaşa etmäge barardy. Mekdebimizde baýramçylyk mynasybetli geçirilýän dabaralarda halypalaryň agzyna öýkünip aýdym aýdardym, gülküli keşpleri ýerine ýetirerdim.

Soňra lukmançylyk mekdebini tamamlap, alan hünärim boýunça Tejen şäherinde zähmet çekdim.

– Amangül, siziň Ämängülüň, Toty daýzanyň keşplerini ussatlyk bilen ýerine ýetirişiňiz ýaş nesle diýseň ýaraýar. Siziň gurjaklary «jora» tutunmagyňyz bolsa, has-da üýtgeşik ...

– Döredijilik işgäri mydama gözlegde bolup, ynsan dünýäsine mähir çaýýar. Höwesiň ykbalyňa nähilem bolsa öz täsirini ýetirýän ekeni. Men muňa öz durmuşymda doly göz ýetirdim. Aşgabada göçüp gelemsoň, «Serpaý» folklor-etnografik döredijilik toparynda sungatyň inçe syrlaryna berlip, soňra Türkmen döwlet medeniýet institutynyň gurjak teatrynyň aktýory bölümini tamamladym. Gurjak teatrynda birnäçe keşpleri döretdim. Aşyr Gurbanow, Halbike Dowyýewa, Oguljan Bekiýewa, Haýtmyrat Durdyýew ýaly belli, ussat artistler bilen sahnada keşp döretmek diýseň gyzykly. Olar bilen bir sözde düşünişip bolýar. Döredýän her bir keşbiňden tomaşaçy azajyk bolsa-da, täsirlenip bilse, onda seniň yhlasyň ýerine düşdügidir.

– Amangül, töweregiňizem durşuna gurjak. Olary «janlandyrmagyňam» inçe syrlary bardyr?!

– Her bir ynsan tüýs ýürekden yhlas etse, hökman maksadyna ýetýär. Bagtyýar döwrümiziň ýaşlary gören, eşiden zatlaryny berk ýatda saklap, özleşdirmegi başarýarlar. Bilmedigini öwrenmäge çalyşýarlar. Ýaş nesle döwrebap bilim-terbiýe bermek, olary watansöýüji, giň gözýetimli, kämil hünärmenler edip ýetişdirmek üçin janaýamazakly zähmet çekmek bolsa, mukaddes borjumyzdyr. Institutda mugallym hökmünde-de talyplara gurjaklaryň ýasalyşyny, olara nädip «jan bermelidigini» öwredýän. Artist durmuşa näçe belet boldugyça, döredýän keşpleri hem şoňa görä bolýar.

– Amangül, üstünligiň syry nämede diýip hasaplaýarsyňyz?

– Üstünlik seniň diňe şu günki ýeten derejäň bilen kesgitlenmeýär. Geljekde-de, köpçüligiň göwnünden turaýjak keşpleri janlandyrmaly. Sungatda üstünlige, ussatlyga ýetmek üçin halypalaryň hyzmaty uly. Halypa şägirdini sungatyň hakyky mekdebine gönükdirýär. Şägirdine diňe bir aýdym-sazyň, keşpleriň ýerine ýetirilişini öwretmek bilen çäklenmän, eýsem, sahnada, halkyň içinde özüňi alyp barmagyň hem inçe tärlerini öwredýär. Hatda oýnap ýören körpejelerdenem, tomaşa edýän islendik kinofilmiňdenem bir zatjagaz öwrenmäge çalyşýan. Öwrenmek öňki bilýäniňiň üstüni ýetirmek diýip düşünýän. Kitap okamak meniň endigim. Daşary ýurtlaryň degişme sahnalaryna tomaşa etmegi halaýan. Ähli üstünlikleriň gönezligi şu aýdýan zatlarymda jemlenýändir diýip pikir edýän.

– Sizi tomaşaçylar gülküli-degişmeli sahnalaryň ussady hökmünde tanaýarlar. Maşgalaňyz, şeýle-de döredijilikde size ylham berýän zatlar barada-da gürrüň beräýseňiz?

– Men özümi iň bagtly zenan hasaplaýaryn. Maşgalamyz sungata sarpa goýýar. Perzentlerim – oglum Guwanç, gyzym Ejegyz sungatyň aşygy. Tomaşaçy artistden köp zada garaşýar. Her bir döredýän keşbiňden tomaşaçy lezzet alyp bilýän bolsa, onda artistiň uly üstünligi, işiň hem ýerine düşdügi bolýar. Keşp janlandyranyňda, sen bütin durkuň bilen, ähli hereketleriň bilen wakanyň içinde ýaşamagy başarmaly.

Mähriban Arkadagymyzyň «Bereketli türkmen saçagy» atly kitaby esasynda «Datly desserhan» atly gepleşigi ildeşlerimize hödürledik. Teletomaşaçylarymyzyň söýgüsini gazanan bu gepleşige her bir öýde, her bir maşgalada uly höwes bilen tomaşa edilýär. Käwagt köpçüligiň üýşen ýerinde bilesigeliji gelnejelerimiz: «Amangül, seniň eliň-ä süýjüdir» diýip, degişme bilen gep goşýarlar. Bu-da maňa ýaraýar.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sungat işgärlerini täze döredijiliklere ruhlandyrýar. Ajaýyp döwrümiziň, eşretli zamanamyzyň waspyny ýetirmek meniň üçin uly bagt. Nesip bolsa, kärdeşlerim bilen halkymyza gülki, şatlyk paýlamagymyzy dowam ederis. Arkadagly Serdarymyz döredijilikli işlemek üçin ähli mümkinçilikleri döredýär. Milli medeniýetimizi, sungatymyzy dünýä ýaýmakda bitirýän dünýä nusgalyk işleri üçin Hormatly Prezidentimize alkyşlarymyzyň çägi ýok. Gün-günden gözelleşýän Watanymyza, bagtly durmuşymyza guwanyp, geljekde-de, gowudan-gowy keşpleri döretmek üçin yhlasymyzy gaýgyrmarys.

– Amangül, beren gürrüňleriňiz üçin sag boluň! Size sungat äleminde mundan beýläk hem uly üstünlikleri arzuw edýäris.

– Sag boluň!

Ýazgül ANNAÝEWA,

ussatnews.com.

 

Başga makalalar
16621837325e1e.jpeg
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow: «Ylym, bilim we halkara hyzmatdaşlyk ýurduň ähli pudaklarynyň ösüşine itergi bermelidir»

Nebitgaz senagaty üçin ýokary hünär derejeli işgärleri taýýarlamak esasy wezipeleriň biri bolup, geljekde Türkmenistanyň milli ykdysadyýetiniň ösüşi şol wezipäniň çözgüdine baglydyr.


166178aee0ef99.jpeg
Bagtyýarlyk döwrüniň teatr sungaty

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň medeniýet ulgamyny kämilleşdirmek Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň durmuş ugurly syýasatlarynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir.


165f9d3ed4c5c0.jpeg
Eserleri — ruhy hazyna

Magtymguly Pyragy türkmeniň ruhy sütünleriniň biridir. Akyldaryň döwredijiligi halkymyzyň durmuşynda we terbiýe mekdebinde mynasyp orun eýeleýär.

165f44c5a3a8f1.jpeg
Gaz akdyryjylaryň rowaçly gadamlary

«Türkmengaz» döwlet konserniniň «Türkmengazakdyryş» birleşiginiň «Daşoguzgazakdyryş» müdirliginiň gazçylary «Döwletabat — Derýalyk» ugry boýunça türkmen gazynyň dünýä bazaryna çykarylmagy ugrunda hem-de ýurdumyzyň demirgazyk welaýatynyň ilatynyň gymmatly «mawy ýangyç» bilen ýokary derejede üpjün edilmegi babatda nusgalyk işleri alyp barýarlar.


165dc6a2670a92.jpeg
Türkmenistanda habar beriş serişdeleriniň sanlylaşdyrylmagy täze mümkinçilikleri açýar

Ählumumy sanlylaşdyrma we internet asyry täze habar beriş serişdeleriniň döremegi üçin mümkinçilikleri açmak bilen çäklenmän, eýsem, sanly ulgamdan peýdalanýan okyjylaryň täze neslini kemala getirdi. Olar üçin maglumatlaryň esasy çeşmesi bolup metbugat sahypasy däl-de, kompýuteriň, planşetiň ýa-da smartfonyň multimedia ekrany hyzmat edýär.