Gaýnag suw – derdiňe derman

Tomus paslynda howanyň aşa gyzmagy ynsan bedenine ýaramaz täsirlerini ýetirip bilýär. Jöwzaly günlerde saglygyňy goramak üçin bellenen düzgünleri, berilýän maslahatlary ýerine ýetirmek örän wajypdyr. Lukmanlar her gün azyndan 2 litr suw içmegi maslahat berýär. Şeýle-de, hünärmenler suwy gaýnadyp içmegiň peýdasy barada aýratyn belleýär.
Gaýnag suwy ir bilen ajöze içmek has-da peýdaly hasaplanýar. Şeýle edilende ol içki beden agzalarynda, aýratyn hem bokurdakda, içegelerde ýygnanan ownuk hapalardan saplaýar. Şeýle-de, gaýnadylan suw adaty suwa garanyňda, düzümi boýunça has arassa bolýar. Şonuň üçin çagalara gaýnag suw bermek we onuň bilen gök önümleri ýuwmak ýerliklidir.
Häzirki wagtda, adamlaryň köpüsi semizlikden, artykmaç agramdan ejir çekýär, muňa bolsa ilki bilen az hereketlilik, agyr iýmitleri kabul etmek sebäp bolýar. Horlanmak isleýän adamlara ilkinji emleriň biri hökmünde limon sykylan gaýnag suw içmek maslahat berilýär.
Bokurdakda we burunda döreýän dykylmalary açmakda gaýnag suwuň peýdasy uludyr. Şonuň üçin ses bilen işleýän adamlara (aýdymçylara, alypbaryjylara) hemişe gaýnag suw içmek nygtalýar. Gaýnag suw sesiň hemişe dury we açyk bolmagyna kömek edýär. Şeýle-de, gan basyşyny sazlaýjy täsiri gaýnag suwuň esasy aýratynlyklaryndan biridir.
Mekan HOJAGELDIÝEW,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň talyby.

Çepbekeýler adaty bolmadyk çemeleşmeleri tapýarlar
Donald Kostello işewürlik kollejiniň amerikan alymlary tarapyndan geçirilen täze gözleg çep eliň hünär kämillikde we baýlyga ýetmekde möhüm esas bolup biljekdigini görkezýär.

Bagbançylygyň ähmiýeti
Gözlegleriň netijesi bagbançylygyň adam beýnisine we bedenine oňyn täsir edýändigini görkezdi.

Aýdym aýtmak – saglygyňy berkitmek
Gadymyýetden bäri adamlar öz sesiniň güýji bilen saglygyny dikeldip bilipdirler. Aristotel we Pifagor akyl taýdan bozulmalary bejermekde aýdym aýtmagy maslahat beripdirler.

Çopantelpegiň adam saglygyna ýetirýän peýdaly täsirleri
Gadymy döwürlerden bäri halk lukmançylygynda şypaly ösümlik hökmünde giňden ulanylýan, dünýä ýurtlarynyň köpüsinde duş gelýän çopantelpek saglygymyz üçin örän peýdalydyr.

«Bejeriş binagärligi» hassalaryň ünsüni gussaly duýgulardan sowup, olarda ruhubelentlik döredýär
Ösümlikleriň, arassa howanyň, janly-jandarlaryň bejeriş ukyplary barada bilýän hem bolsak, binagärligiň şypa berijilik häsiýeti barada seýrek eşidilýär.