Makalalar

Süýjülikleriň döreýiş taryhyndan

https://www.ussatnews.com/storage/posts/3944/original-162d3251d00188.jpeg

Ynsan ilkidurmuş ýaşaýşyndan tä şu günlere çenli özüniň ýaşaýyş-durmuş medeniýetini, şol sanda azyk medeniýetini köptaraply kämilleşdirip gelýär. Adam gündelik durmuşynda we toý-baýramçylyk çärelerinde saçagy esasy iýmit görnüşleri bilen birlikde dürli süýjülikler bilen bezeýär. Eýsem şolaryň iň esasy we öňden dowam edip gelýän görnüşi bolan kemputlary taýýarlamak haçandan başlandyka?

Taryhy maglumatlar onuň ilkinji bolup gadymy Müsür, Ýewropa, Hindistan ýaly ýerlerde ýüze çykandygyny habar berýär. Latyn dilindäki «konfet» sözi «hünärmentçilik önümi» diýmegi aňladypdyr. Hakykatdan-da, kemputlary taýýarlamak ilki döwürlerde halk hünärmentçiligi hasap edilipdir. Ol ýörite miweleri kakadyp, bal bilen gaýnadyp, hoşboý ysly garyndylary sepip taýýarlanypdyr. Şu hili usulda taýýarlanan kemputlary Gadymy Müsürde patyşanyň halkyň arasyna çykan pursatlary paýlapdyrlar.

Ýewropa we Hindistana şeker çiňriginiň getirilmegi bilen, kemputlary taýýarlamak aýrybaşgalaşan hünär derejesine eýe bolupdyr.

Ilkinji döwürlerde kemputlar dürli sökelliklerde, meselem, nerw bozulmalarynda rahatlandyryjy hökmünde lukmanlar, tebipler tarapyndan ýazylyp hem berlipdir.

Allamyrat SAPARMYRADOW,

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň talyby.

Başga makalalar
16a26f5f6da69f.jpeg
Owganystanda TOPH gaz geçirijisiniň strategik böleginiň gurluşygy dowam edýär

«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýen şygar astynda geçýän ýylda häzirki döwrüň iri halkara energetika taslamalarynyň biri — Türkmenistan — Owganystan — Pakistan —Hindistan (TOPH) gaz geçirijiniň gurluşygy dowam edýär.


169e5f1af28ddf.jpeg
Türkmen-hytaý hyzmatdaşlygy pugtalanýar

«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip yglan edilen 2026-njy ýylyň 17-nji aprelinde Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary esasynda, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Hytaý Halk Respublikasynyň Döwlet Geňeşiniň Premýeriniň birinji orunbasary Din Sýuesýanyň Mary welaýatynyň Ýolöten etrabynyň çäginde «Galkynyş» gaz känini özleşdirmegiň dördünji tapgyrynyň gurluşyk işlerine badalga beren güni berkarar Watanymyzyň täze taryhyna altyn harplar bilen ýazyldy.


169cccd28c36ec.jpeg
TOPH: sebitiň ykdysady ösüşiniň gözbaşy

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň başyny başlan hem-de Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýän Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisiniň (TOPH) taslamasy häzirki döwrüň iri halkara energetika taslamalarynyň biri bolup durýar.

1699c18b017e55.jpeg
TOPH — SEBITDE HYZMATDAŞLYGYŇ WE ÖSÜŞIŇ ENERGETIKA KÖPRÜSI

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow ýakynda Amerikanyň Birleşen Ştatlaryna saparynyň çäklerinde «Al-Arabiya» teleýaýlymyna beren interwýusynda Türkmenistanyň iri halkara energetika taslamalarynyň biri bolan Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan (TOPH) gaz geçirijisiniň üstünlikli amala aşyrylýandygyny aýratyn nygtady.


16988434a4ad1a.jpeg
Maýa goýum syýasaty — Türkmenistanyň durnukly ösüşiniň mäkäm binýady

Türkmenistanyň yzygiderli we öňdengörüjilikli maýa goýum syýasaty durnukly durmuş-ykdysady ösüşiň hem-de halkyň hal-ýagdaýynyň ýokarlanmagynyň möhüm şerti bolup durýar.