Peýdaly maslahatlar

Gawun — şirin derman

https://www.ussatnews.com/storage/posts/4102/original-162f94f5ae99af.jpeg

Tomus möwsüminde bereketli türkmen topragynyň boldan eçilýän lezzetli önümleriniň biri-de gawundyr. Gadym zamanlardan bäri güneşli Diýarymyzyň bereketli topragynda ýetişen gawun-garpyzlar beýleki döwletlerde uly meşhurlykdan peýdalanýar.

Gawun diňe bir datlylygy bilen däl, eýsem ynsan bedenine peýdaly taraplary bilen hem meşhurdyr. Onuň düzüminde köp mukdarda saklanýan ösümlik süýümleri peýdaly maddalaryň esasylarynyň biridir. Ol häzirki zaman lukmançylygynda esasan, bedeni we içegeleri arassalamak üçin ulanylýar. Gawun peşew halta, öt halta, bagra, aşgazana, içegelere oňat täsir edýär, nerw ulgamynyň işini sazlaýar, rahatlandyrýar, şeýle-de Gün şöhlesiniň ýaramaz täsirilerinden goraýar. Waharman gawunynyň ternesi inçekeseliň, öýken keselleriniň, demgysmanyň dermany hasaplanýar.

Halkymyzda gawundan toşap, kak, sök ýaly peýdaly önümler taýýarlanylýar. Bu önümler hem saglygyňy goramakda we dikeltmekde örän peýdalydyr.

Gawunyň bejerjilik häsiýeti barada Abu Aly Ibn Sinanyň, Muhammet Huseýiniň we beýleki alymlaryň işlerinde giňden bellenilýär. Halk arasynda Lukman Hekim ady bilen tanalýan Ibn Sina «Lukmançylyk ylymlarynyň kanunlary» atly eserinde gawunyň peýdasy barada giňişleýin belläp geçipdir.

Gawunyň düzüminde kaliý, demir, B, PP, A, C witaminler we minerallar bar. Ýagynyň ýarymdoýgun däl ýag turşulary gawunyň düzüminiň 50 göteriminden gowragyny emele getirýär. Gawunyň ýany bilen sowuk suwlary, süýt önümlerini, çaly goşmak maslahat berilmeýär. Gawun ganazlykda, aterosklerozda, ýürek-damar, nerw, bagyr, böwrek kesellerinde örän peýdalydyr.

Şeýle-de bolsa, süýjüli diabet, aşgazan we on iki barmak içege näzaslygy bolan adamlara gawun iýmek howplydyr. Gawunyň düzüminiň baýlygy ony durmuşyň, önümçiligiň dürli ugurlarynda peýdaly bolmagyna sebäp bolýar. Meselem, häzirki wagtda gawun owadanlyk, dermanlyk, boýag serişdelerini öndürmekde hem işjeň peýdalanylýar.

Atajan MUHAMMETGULYÝEW,

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň talyby.

Başga peýdaly maslahatlar
168385199ec441.jpeg
Çepbekeýler adaty bolmadyk çemeleşmeleri tapýarlar

Donald Kostello işewürlik kollejiniň amerikan alymlary tarapyndan geçirilen täze gözleg çep eliň hünär kämillikde we baýlyga ýetmekde möhüm esas bolup biljekdigini görkezýär.


16837ee42d4fcf.jpeg
Bagbançylygyň ähmiýeti

Gözlegleriň netijesi bagbançylygyň adam beýnisine we bedenine oňyn täsir edýändigini görkezdi.


167f50c336288c.jpeg
Aýdym aýtmak – saglygyňy berkitmek

Gadymyýetden bäri adamlar öz sesiniň güýji bilen saglygyny dikeldip bilipdirler. Aristotel we Pifagor akyl taýdan bozulmalary bejermekde aýdym aýtmagy maslahat beripdirler.

16640718866af2.webp
Çopantelpegiň adam saglygyna ýetirýän peýdaly täsirleri

Gadymy döwürlerden bäri halk lukmançylygynda şypaly ösümlik hökmünde giňden ulanylýan, dünýä ýurtlarynyň köpüsinde duş gelýän çopantelpek saglygymyz üçin örän peýdalydyr.


1663c945c93a7d.jpeg
«Bejeriş binagärligi» hassalaryň ünsüni gussaly duýgulardan sowup, olarda ruhubelentlik döredýär

Ösümlikleriň, arassa howanyň, janly-jandarlaryň bejeriş ukyplary barada bilýän hem bolsak, binagärligiň şypa berijilik häsiýeti barada seýrek eşidilýär.