Jana şypaly garpyz

Türkmen topragynyň bereketli önümi bolan garpyz tomus paslynda suwsuzlygyňy gandyryjy, şirin tagamly, saglygyňa peýdaly, hemmeler tarapyndan uly höwes bilen saçaklara alynýan, günde diýen ýaly kabul edilýän önümleriň birine öwrülýär. Garpyzyň düzüminde A, B, C, E witaminleri, magniý, kaliý, kalsiý, fosfor, demir, natriý ýaly himiki elementler bar. Şeýle-de, onuň düzüminiň 90 göterimi suwdan ybaratdyr. Bu bolsa bedeniň suwunyň deňagramlylygyny saklamakda peýdalydyr.
Bu önüm bedenden suwlaryň tiz çykmagyny üpjün edýär hem-de dokluk duýgusyny döredýär. Bu bolsa horlanmak isleýänler üçin önümiň has-da peýdaly taraplarynyň biridir. Garpyzyň nerw we ýürek ulgamlarynyň kadaly işlemeginde peýdasynyň uludygy subut edildi. Onuň 100 gramynda 37 kkal, 0,9% fruktoza, 5% glýukoza, 3% saharoza, 2%-11%-e çenli mukdarda uglewodlar saklanýar.
Garpyzyň düzümindäki iň gymmatly elementleriň biri magniý bolup, ol gan damarlarynyň çeýeligini saklaýar we bedeniň holesterinden saplanmagyna getirýär. Adam bedeni üçin günüň dowamynda gerek bolan magniniň möçberini garpyzyň 150 gramyny iýmek bilen gazanyp bolýar.
Elbetde, garpyzyň saglyga has peýdaly boljagyny saýlamakda hem iş bar. Garpyz saýlananda, şikeslenen garpyzdan gaça durmaly, şeýle-de, ol öte kiçi ýa-da has uly bolmaly däl. Ortaça ululykdaky garpyzyň agramy 5 — 7 kilogram bolýar. Garpyzda sary reňkli ýeri bolsa, garpyz şonça-da bişen we süýji bolýar.
Kemal BERDIMÄMMEDOW,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň talyby.

Çepbekeýler adaty bolmadyk çemeleşmeleri tapýarlar
Donald Kostello işewürlik kollejiniň amerikan alymlary tarapyndan geçirilen täze gözleg çep eliň hünär kämillikde we baýlyga ýetmekde möhüm esas bolup biljekdigini görkezýär.

Bagbançylygyň ähmiýeti
Gözlegleriň netijesi bagbançylygyň adam beýnisine we bedenine oňyn täsir edýändigini görkezdi.

Aýdym aýtmak – saglygyňy berkitmek
Gadymyýetden bäri adamlar öz sesiniň güýji bilen saglygyny dikeldip bilipdirler. Aristotel we Pifagor akyl taýdan bozulmalary bejermekde aýdym aýtmagy maslahat beripdirler.

Çopantelpegiň adam saglygyna ýetirýän peýdaly täsirleri
Gadymy döwürlerden bäri halk lukmançylygynda şypaly ösümlik hökmünde giňden ulanylýan, dünýä ýurtlarynyň köpüsinde duş gelýän çopantelpek saglygymyz üçin örän peýdalydyr.

«Bejeriş binagärligi» hassalaryň ünsüni gussaly duýgulardan sowup, olarda ruhubelentlik döredýär
Ösümlikleriň, arassa howanyň, janly-jandarlaryň bejeriş ukyplary barada bilýän hem bolsak, binagärligiň şypa berijilik häsiýeti barada seýrek eşidilýär.