Peýdaly maslahatlar

Gyşda awtoulaglaryň aýnalarynyň doňmagynyň öňüni almagyň alty usuly

https://www.ussatnews.com/storage/posts/432/original-15fe62acfa72ae.jpeg

Sowukda awtoulaglaryň aýnalarynda, köplenç, buz emele gelýär. Munuň özi sürüjiniň görüş ukybyny peseldýär we ýol hereketiniň howpsuzlygyna gönüden-göni ýaramaz täsir edýär.

Nädip awtoulagyň içinde çyglylygy peseltmeli we şonuň bilen birlikde aýnanyň bugaryp, soňra bolsa doňmagynyň öňüni almaly?

1.Gyş döwründe hereket edýän awtoulagyň içinde elmydama howa çalşygy, mümkin boldugyça, gyzgyn howa çalşygy bolmaly. Üflenilýän howany öň tarapyndaky we iki gapdaldaky aýnalara ugrukdyrmaly.

2. Gyşda rezin düşegiň ornuna, dokma düşek bolsa has amatly. Dokma düşekler çygy özüne çekýär. Şol bir wagtyň özünde rezin düşekler çyglylygy aýagyň aşagyna ýygnaýar. Şonuň netijesinde hem awtoulagda çyglylygy ýokarlandyrýar.

3. Awtoulagyň aýnasy diňe bir hereket edýän wagty doňmaýar. Duralgada sowuk gijeden soň irden bu aladalardan dynmak hem-de arkaýyn ýola düşmek köp wagty talap edýär. Awtoulagyň hereketlendirijisini herekete getireniňizden soň, onuň içini gyzdyrmaga mümkinçilik beriň. Aýnanyň ýüzündäki gary ýa-da doňy aýryň.

4.Awtoduralga gelip ýetmezden 5-10 minut öň awtoulagyň içiniň gyzdyryjysyny öçüriň we aýnasyny açyň.

5. Awtoulagy ýerleşdirenden soň, ulagyň gapylaryny bir-iki minut açyň. Munuň özi awtoulagyň içiniň we daşynyň gyzgynlyk derejesini deňleşdirýär.

6. Hatda köne halk usulyny peýdalanmak hem bolar. Mata süpürijä duz sepmeli we aýnany iç tarapyndan süpürmeli. Şondan soň aýnanyň doňmaklygy köp derejede peseler.

 

 

Başga peýdaly maslahatlar
168385199ec441.jpeg
Çepbekeýler adaty bolmadyk çemeleşmeleri tapýarlar

Donald Kostello işewürlik kollejiniň amerikan alymlary tarapyndan geçirilen täze gözleg çep eliň hünär kämillikde we baýlyga ýetmekde möhüm esas bolup biljekdigini görkezýär.


16837ee42d4fcf.jpeg
Bagbançylygyň ähmiýeti

Gözlegleriň netijesi bagbançylygyň adam beýnisine we bedenine oňyn täsir edýändigini görkezdi.


167f50c336288c.jpeg
Aýdym aýtmak – saglygyňy berkitmek

Gadymyýetden bäri adamlar öz sesiniň güýji bilen saglygyny dikeldip bilipdirler. Aristotel we Pifagor akyl taýdan bozulmalary bejermekde aýdym aýtmagy maslahat beripdirler.

16640718866af2.webp
Çopantelpegiň adam saglygyna ýetirýän peýdaly täsirleri

Gadymy döwürlerden bäri halk lukmançylygynda şypaly ösümlik hökmünde giňden ulanylýan, dünýä ýurtlarynyň köpüsinde duş gelýän çopantelpek saglygymyz üçin örän peýdalydyr.


1663c945c93a7d.jpeg
«Bejeriş binagärligi» hassalaryň ünsüni gussaly duýgulardan sowup, olarda ruhubelentlik döredýär

Ösümlikleriň, arassa howanyň, janly-jandarlaryň bejeriş ukyplary barada bilýän hem bolsak, binagärligiň şypa berijilik häsiýeti barada seýrek eşidilýär.