«Tatneft» Türkmenistanda goşmaça nebit önümçiligini ýene 770 müň tonna artdyrar
Türkmenistanda «Türkmennebit» döwlet konserni bilen bilelikde durmuşa geçirilýän «Tatneft» APJ taslamasynyň giňeldilmegi goşmaça 770 müň tonna nebiti çykarmaga mümkinçilik berer. Bu barada Tatarystanyň Prezidenti Rustam Minnihanow TASS agentligine interwýusynda habar berdi.
«Häzir «Tatneft» Türkmenistanda nebit önümçiligini ýokarlandyrmaga gönükdirilen hyzmat şertnamasyny üstünlikli durmuşa geçirýär. «Türkmennebit» DK-nyň iki nebit ýatagynda birnäçe çäreleriň amal edilmegi 280 müň tonnadan gowrak nebiti gazyp almaga mümkinçilik berdi. Häzirki wagtda türkmen we tatarystanly nebitçiler «Tatneft» APJ bilen «Türkmennebit» DK-nyň arasyndaky goşmaça nebit ýataklaryny öz içine alýan şertnamany mundan beýläk hem giňeltmek üçin meýilnamalary işläp düzdüler. Taslamanyň geriminiň giňelmegi, biziň çaklamalarymyza görä, goşmaça 700 müň tonnadan gowrak nebiti gazyp almaga mümkinçilik berer» – diýip, Rustam Minnihanow aýtdy.
Dekabr aýynyň başynda «Türkmennebit» DK bilen «Tatneft» APJ nebit guýularynyň akymyny ýokarlandyrmak boýunça hyzmatdaşlygy ýene sekiz ýyl uzaltdylar. Goşmaça şertnama 2028-nji ýyla çenli uzaldylyp, gatlaklaryň nebit berijiligini ýokarlandyrmak pudagynda kompaniýalaryň arasyndaky hyzmatdaşlygy giňelder. Iş maksatnamasy “Tatneftiň” 2011-2014-nji we 2018-2020-nji ýyllarda tehnologiýalaryny girizen ýerlerinden başga-da, “Goturdepenebit” nebitgaz çykaryş müdirliginiň birinji, ikinji we üçünji nebit ýataklaryny öz içine alýar.
Täze şertnama kompaniýalaryň Goturdepe ýatagynda bilelikdäki işi dowam etdirmek we nebiti gazyp almagy güýçlendirmek ugrunda “Tatneftiň” tehnologiýalaryny ulanmak maksadyny tassyklaýar. 2010-njy ýylyň awgust aýynda “Türkmennebit” we “Tatneft” ýedi ýyl möhlet bilen türkmen kompaniýasy tarapyndan işlenip düzülen Goturdepe ýatagynyň özleşdirilmeginiň çäklerinde gatlaklaryň nebit berijiligini ýokarlandyrmak üçin serwis işlerini geçirmek barada şertnama baglaşdy.
2011-nji ýylyň fewral aýynda “Tatneft” Türkmenistanda şahamçasyny hasaba aldy. Bilelikdäki işiň dowamynda Goturdepe ýatagynda 286 müň tonna goşmaça nebit gazylyp alyndy, “Tatneft” döwrebap nebit ýatak enjamlaryny, awtomatlaşdyryş serişdelerini we telemehanikany girizdi. Häzir kompaniýanyň hünärmenleri bu ýatagyň sanly modelini taýýarlaýarlar. Şeýle-de, çümýän elektrik nasoslaryny abatlamak boýunça önümçilik gurnaldy, nebit nasos-kompressor turbalarynyň abatlanylmagyny gurnamak we guýularyň abatlaýyş işleriniň arasyndaky döwri artdyrmak boýunça taslamalar durmuşa geçirilýär.
Ussat news
«Nebit-gaz» gazetiniň 15 ýyllygy dabaraly bellenildi
«Nebitgaz» gazetiniň redaksiýasynda neşiriň ilkinji sanynyň çap edilip başlanmagynyň 15 ýyllygyna bagyşlanan dabaraly çäre geçirildi. Oňa “Türkmengaz” we “Türkmennebit” döwlet konsernleriniň, Türkmenistanyň Nebitgaz senagaty toplumynyň işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň Geňeşiniň wekilleri, şeýle hem redaksiýanyň işgärleri gatnaşdylar.
«Ýaş tebigatçy» jemgyýetçilik guramasy intellektual bäsleşige çagyrýar!
16-njy sentýabrda sagat 14:00-da «Arkaç» SÖMerkeziniň «Iş nokady» koworking merkezinde «Ýaş tebigatçy» jemgyýetçilik guramasy Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrliginiň ýanyndaky Ozon merkezi bilen bilelikde Halkaara ozon gatlagyny goramak gününe bagyşlanan intellektual bäsleşik geçirýär.
Türkmenistanyň Prezidentiniň mekdep okuwçylaryna, talyp ýaşlaryna, mugallymlaryna we bilim işgärlerine gutlagy
Türkmenistanyň Prezidentiniň mekdep okuwçylaryna, talyp ýaşlaryna, mugallymlaryna we bilim işgärlerine gutlagy.
Ýerasty suw ýataklarynyň gor baýlygy artdyrylýar
«Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasynyň ýurdumyzyň welaýatlaryndaky gidrogeologiýa ekspedisiýalarynyň işgärleri halkymyzy gündelik arassa agyz suwy bilen üpjün etmek babatda möhüm işleri durmuşa geçirýärler. «Marygidrogeologiýa» ekspedisiýasynyň işgärleriniň alyp barýan işleri hem şunuň bir mysalydyr.
Türkmenistanyň erkin göreşçileri okuw-türgenleşik ýygnanyşyklaryny geçirdiler
2026-njy ýylyň awgust aýynda Mary we Aşgabat şäherlerinde erkin göreş boýunça geçirilen tapgyrlaýyn okuw-türgenleşik ýygnanyşyklary sport ussatlygyny ýokarlandyrmaga, tejribe alyşmaga hem-de pälwanlaryň geljekki ýaryşlara fiziki taýýarlygyny pugtalandyrmaga gönükdirildi.