Peýdaly maslahatlar

ALYMLAR TELEFONY ÝAKYNYŇDA GOÝMAGYŇ ZYÝANYNY DÜŞÜNDIRLER

https://www.ussatnews.com/storage/posts/4475/original-1634f9b541a9e1.jpeg

Häzirki wagtda tehnologiýalaryň ösmegi bilen durmuş has kämilleşýär. Emma olaryň ýetirýän peýdasynyň bolşy ýaly, zyýany hem bardyr.Jübi telefonlary, soňra bolsa smartfonlar döräli bäri olaryň bedene täsiri barada diňe bir alymlar däl, eýsem ýönekeý ulanylyjylar hem gyzyklanýar. Köp adamlar gadjetler adamyň biologiki ritmlerini ýykyp, adaty ukulara päsgel berjekdigini, gözüň görejini peseldýändigini, oňurganyň nädogry ösmegine getirýändigini çaklaýarlar. Gözegçiler munuň hakykatdanam şeýledigine has köp subutnama tapýarlar.Bütin dünýädäki alymlar bu mesele boýunça gözleg alyp barýarlar. Olaryň hemmesi bir netijä gelýär- düşegiň gapdalynda ýatan smartfon ukynyň hilini erbetleşdirýär. Ýagny adamyň çuňňur uka girmeginiň öňüni alyp nerw ulgamyna zyýan ýetirýär. Psihika günüň dowamynda alnan täsirleri we maglumatlary gaýtadan işleýär.Çuň uky bolmasa öýjükleriň täzelenmegi ýüze çykmaýar, energiýa bilen doldurylmaýar hem-de immunitet güýçlendirilmeýär.Şol sebäpli ukynyň dowamlylygy azalýar. Bu ýagdaýda berlen maslahatlar düşnüklidir: häzirki zaman tehnlogiýalary iň gowy ýagdaýda ýatýan otagyňyzdan daşda saklamakdyr. Gözegçileriň pikiriçe, bu täsir telefonyň radiasiýa zonasynyň daşynda birnäçe gije geçirilenden soň ýüze çykýar.Şeýle hem alymlar ýatmazdan birnäçe sagat öň gadjetlary ulanmagy bes etmegi maslahat berýärler. Şeýle endik dynç almagyň dowamlylygyna we hiline oňyn täsir edýär.

Ogulşat DURMUŞOWA,

Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň Mugallymy.

Başga peýdaly maslahatlar
168385199ec441.jpeg
Çepbekeýler adaty bolmadyk çemeleşmeleri tapýarlar

Donald Kostello işewürlik kollejiniň amerikan alymlary tarapyndan geçirilen täze gözleg çep eliň hünär kämillikde we baýlyga ýetmekde möhüm esas bolup biljekdigini görkezýär.


16837ee42d4fcf.jpeg
Bagbançylygyň ähmiýeti

Gözlegleriň netijesi bagbançylygyň adam beýnisine we bedenine oňyn täsir edýändigini görkezdi.


167f50c336288c.jpeg
Aýdym aýtmak – saglygyňy berkitmek

Gadymyýetden bäri adamlar öz sesiniň güýji bilen saglygyny dikeldip bilipdirler. Aristotel we Pifagor akyl taýdan bozulmalary bejermekde aýdym aýtmagy maslahat beripdirler.

16640718866af2.webp
Çopantelpegiň adam saglygyna ýetirýän peýdaly täsirleri

Gadymy döwürlerden bäri halk lukmançylygynda şypaly ösümlik hökmünde giňden ulanylýan, dünýä ýurtlarynyň köpüsinde duş gelýän çopantelpek saglygymyz üçin örän peýdalydyr.


1663c945c93a7d.jpeg
«Bejeriş binagärligi» hassalaryň ünsüni gussaly duýgulardan sowup, olarda ruhubelentlik döredýär

Ösümlikleriň, arassa howanyň, janly-jandarlaryň bejeriş ukyplary barada bilýän hem bolsak, binagärligiň şypa berijilik häsiýeti barada seýrek eşidilýär.