Gazhimiýa senagatynyň ösüşleri
Garaşsyzlyk eýýamymyzda ýurdumyzyň himiýa senagaty asyrlara barabar ösüşleri başdan geçirýär. Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlamagy, Arkadagly Serdarymyz tarapyndan mynasyp dowam etdirilmegi bilen, bu ugurda köp taraplaýyn işler durmuşa geçirilýär.
Milli himiýa senagatymyz köpugurlydyr. Şunda ýurdumyzyň deňsiz-taýsyz baýlygy bolan tebigy gazy işlemekden alynýan önümleriň köpdürlüligini agzap geçmek bolar. «Marykarbamid», «Maryazot», «Tejenkarbamid», «Garabogazkarbamid» ýaly dökünhimiýa zawodlarynda dünýäniň ýokary hil talaplaryna laýyk gelýän himiki dökünler öndürilýär. Öndürilýän dökünleriň mukdary ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynyň bu önümlere bolan islegini doly kanagatlandyryp, artykmaç öndürilen mukdary daşarky bazarlarda ýokary bahadan ýerlenýär.
Mälim bolşy ýaly, häzirki döwürde himiki dökünlere bolan isleg dünýä ýurtlarynda we yklymlarynda örän ýokary derejededir. Şol sebäpli, ýurdumyzda iň häzirki zaman ösen tehnologiýalary esasynda enjamlaşdyrylan dökün zawodlarynyň önümi daşarky bazarlarda bada-bat özüniň alyjysyny tapýar. Ýurdumyzda köpugurly ösýän ykdysadyýete laýyklykda, öndürilen dökün önümleriniň gaplanyşyna, daşalyşyna we saklanyşyna bildirilýän standart talaplar hem ýokary derejede berjaý edilýär. Munuň özi önümiň sarp edijä öz wagtynda we ýokary hilli baryp gowuşmagyna şert döredýär.
Garaşsyzlyk ýyllarymyzda tebigy gazy gaýtadan işlemek bilen ýokary hilli polietileni we polipropileni öndürmek hem ýola goýuldy. Gyýanlydaky Polimer zawodynda öndürilýän polietileniň we polipropileniň gerdejikleri taýýar önümi çykarýan sarp edijileriň ösen islegini kanagatlandyrýan ýokary hilli önümlerdir. Bu gerdejikler ýörite haltalara gaplanyp, hut şu ýerden demir ýol we awtomobil ulaglary arkaly Türkmenbaşynyň Halkara deňiz portunyň ürgün ýükleri ýükleýän terminalyna eltilýär we ol ýerden daşary ýurt sarp edijilerine ugradylýar.
Gazhimiýa senagatynyň ösüşlerinde Ahaldaky tebigy gazdan benzin ýangyjyny öndürýän zawod aýratyn ähmiýete eýedir. Ol gazdan ekologiýa taýdan arassa benzin ýangyjyny öndürmekde dünýäde iň ilkinji we häzirlkçe ýeke-täk zawoddyr. Ol ýurdumyzda döwletimiz tarapyndan tebigy baýlyklaryň her bir görnüşinden netijeli peýdalanmak babatda durmuşa geçirilýän oýlanyşykly ykdysady syýasatyň aýdyň görkezijileriniň biridir. Türkmenistan tebigy gaz gorlarynyň möçberi boýunça dünýäde dördünji orunda durýar. Bu ümmülmez tebigy baýlyk goruny şu günki abadan durmuşymyzyň bägbidine ulanmak bilen bir hatarda ony geljek nesiller üçin hem aýap saklamak babatda talabalaýyk işler durmuşa geçirilýär.
Biz ýurdumyzy ösüşlerden-ösüşlere alyp barýan Arkadagly Serdarymyza, mähriban Arkadagymyza jan saglyk, işlerinde hemişe üstünlik arzuw edýäris.
Atageldi AŞYROW,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň talyby.
Türkmen-hytaý hyzmatdaşlygy pugtalanýar
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip yglan edilen 2026-njy ýylyň 17-nji aprelinde Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary esasynda, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Hytaý Halk Respublikasynyň Döwlet Geňeşiniň Premýeriniň birinji orunbasary Din Sýuesýanyň Mary welaýatynyň Ýolöten etrabynyň çäginde «Galkynyş» gaz känini özleşdirmegiň dördünji tapgyrynyň gurluşyk işlerine badalga beren güni berkarar Watanymyzyň täze taryhyna altyn harplar bilen ýazyldy.
TOPH: sebitiň ykdysady ösüşiniň gözbaşy
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň başyny başlan hem-de Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýän Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisiniň (TOPH) taslamasy häzirki döwrüň iri halkara energetika taslamalarynyň biri bolup durýar.
TOPH — SEBITDE HYZMATDAŞLYGYŇ WE ÖSÜŞIŇ ENERGETIKA KÖPRÜSI
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow ýakynda Amerikanyň Birleşen Ştatlaryna saparynyň çäklerinde «Al-Arabiya» teleýaýlymyna beren interwýusynda Türkmenistanyň iri halkara energetika taslamalarynyň biri bolan Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan (TOPH) gaz geçirijisiniň üstünlikli amala aşyrylýandygyny aýratyn nygtady.
Maýa goýum syýasaty — Türkmenistanyň durnukly ösüşiniň mäkäm binýady
Türkmenistanyň yzygiderli we öňdengörüjilikli maýa goýum syýasaty durnukly durmuş-ykdysady ösüşiň hem-de halkyň hal-ýagdaýynyň ýokarlanmagynyň möhüm şerti bolup durýar.
Watanymyz — bagtymyz, buýsanjymyz
Watanyňy söýmek — ýurduňa, halkyňa, medeniýetiňe we taryhyňa çuňňur buýsanç hem-de wepalylyk duýgusydyr. Ol diňe bir çuňňur duýgy bolman, eýsem, Watanyňa gulluk etmäge, göbek ganyň daman topragyny goramaga, ýurduň rowaçlygy, halkyň abadançylygy ugrunda yhlasyňy gaýgyrman zähmet çekmäge taýýar bolmakda jemlenýän borçdur.