Jemgyýeti demokratiýalaşdyrmak ugruna eýerip
28 dekabrda Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda BMG-niň Baş sekretarynyň ýörite wekili, Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça Sebit merkeziniň ýolbaşçysy Natali Germanyň gatnaşmagynda häzirki zaman şertlerinde Merkezi Aziýa döwletleriniň arasyndaky hyzmatdaşlygyň, şonuň ýaly-da, demokratiýanyň esaslaryny berkitmekde zenanlaryň ykdysady, durmuş, medeni hukuklaryny giňeltmegiň meselelerine bagyşlanan “tegelek stoluň” başynda söhbetdeşlik geçirildi.
“Tegelek stoluň” başyndaky mejlise Mejlisiň Başlygy, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň, Zenanlar birleşiginiň Merkezi geňeşiniň başlygy gatnaşdylar.
Çykyşlarda bellenilişi ýaly, Türkmenistanyň gender deňligi we zenanlaryň hukuklaryny hem-de mümkinçiliklerini giňeltmegiň meseleleri boýunça düzümiň Ýerine ýetiriji geňeşine saýlanmagy ýurdumyzyň gender deňhukuklylygyna we BMG bilen bu ugurdaky hyzmatdaşlyga ygrarlydygynyň nobatdaky subutnamasy bolup durýar.
Şunuň bilen baglylykda, halkara guramalary bilen netijeli gatnaşyklary mundan beýläk-de berkitmegiň zerurdygy bellenildi. Bu bolsa hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň durmuşa geçirýän syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir.
“Tegelek stola” gatnaşyjylar BMG-niň resminamalaryna laýyklykda, milli hasabatlary we synlary taýýarlamak, bu ulgamdaky öňdebaryjy tejribäni öwrenmek boýunça yzygiderli geçirilýän okuwlar, duşuşyklar hem-de maslahatlar barada habar berdiler.
Duşuşyga gatnaşyjylar mundan beýläkki hyzmatdaşlygyň mümkinçiliklerine ýokary baha berip, BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan 73 döwletiň awtordaşlygynda türkmen döwletiniň Baştutanynyň başlangyjy boýunça 2021-nji ýyly Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly diýip yglan etmek hakyndaky kararnama biragyzdan kabul edildi.
Bu Bitarap Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň ählumumy parahatçylygy, howpsuzlygy hem-de durnukly ösüşi üpjün etmegiň bähbidine durmuşa geçirýän daşary syýasat ugrunyň dünýä bileleşigi tarapyndan ählitaraplaýyn goldanylýandygynyň aýdyň subutnamasydyr.
Bu duşuşyk halkara guramalary, ilkinji nobatda, BMG bilen gatnaşyklary berkitmegiň ýolundaky ýene bir ädim boldy.
«Nebit-gaz» gazetiniň 15 ýyllygy dabaraly bellenildi
«Nebitgaz» gazetiniň redaksiýasynda neşiriň ilkinji sanynyň çap edilip başlanmagynyň 15 ýyllygyna bagyşlanan dabaraly çäre geçirildi. Oňa “Türkmengaz” we “Türkmennebit” döwlet konsernleriniň, Türkmenistanyň Nebitgaz senagaty toplumynyň işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň Geňeşiniň wekilleri, şeýle hem redaksiýanyň işgärleri gatnaşdylar.
«Ýaş tebigatçy» jemgyýetçilik guramasy intellektual bäsleşige çagyrýar!
16-njy sentýabrda sagat 14:00-da «Arkaç» SÖMerkeziniň «Iş nokady» koworking merkezinde «Ýaş tebigatçy» jemgyýetçilik guramasy Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrliginiň ýanyndaky Ozon merkezi bilen bilelikde Halkaara ozon gatlagyny goramak gününe bagyşlanan intellektual bäsleşik geçirýär.
Türkmenistanyň Prezidentiniň mekdep okuwçylaryna, talyp ýaşlaryna, mugallymlaryna we bilim işgärlerine gutlagy
Türkmenistanyň Prezidentiniň mekdep okuwçylaryna, talyp ýaşlaryna, mugallymlaryna we bilim işgärlerine gutlagy.
Ýerasty suw ýataklarynyň gor baýlygy artdyrylýar
«Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasynyň ýurdumyzyň welaýatlaryndaky gidrogeologiýa ekspedisiýalarynyň işgärleri halkymyzy gündelik arassa agyz suwy bilen üpjün etmek babatda möhüm işleri durmuşa geçirýärler. «Marygidrogeologiýa» ekspedisiýasynyň işgärleriniň alyp barýan işleri hem şunuň bir mysalydyr.
Türkmenistanyň erkin göreşçileri okuw-türgenleşik ýygnanyşyklaryny geçirdiler
2026-njy ýylyň awgust aýynda Mary we Aşgabat şäherlerinde erkin göreş boýunça geçirilen tapgyrlaýyn okuw-türgenleşik ýygnanyşyklary sport ussatlygyny ýokarlandyrmaga, tejribe alyşmaga hem-de pälwanlaryň geljekki ýaryşlara fiziki taýýarlygyny pugtalandyrmaga gönükdirildi.