Türkmenistanyň Prezidenti Abu-Dabi şäherinde BAE-niň Prezidenti bilen gepleşikler geçirildi
Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Birleşen Arap Emirliklerine resmi saparyň çäklerinde Abu-Dabi şäherinde BAE-niň Prezidenti Şeýh Mohammed bin Zaýed Al Nahaýýan bilen arasynda gepleşikler geçirildi, diýip Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi habar berýär.
Iki ýurduň wekiliýetleriniň gatnaşmagynda, giňişleýin düzümdäki ikitaraplaýyn geçirilen gepleşikleriň dowamynda, türkmen-emirlik hyzmatdaşlygynyň yzygiderli hem-de depginli ösýändigi kanagatlanma bilen bellenildi. Şunuň bilen baglylykda, duşuşykda Türmenistanyň we BAE-niň arasyndaky doganlyk we dostluk gatnaşyklarynyň has-da berkeýändigi nygtaldy.
Giňişleýin düzümdäki gepleşikler tamamlanandan soňra, Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň we BAE-niň Prezidenti Şeýh Mohammed bin Zaýed Al Nahaýýanyň gatnaşmagynda ikitaraplaýyn resminamalara gol çekmek dabarasy boldy.
Ýokary derejedäki türkmen-emirlik gepleşikleriň jemleri boýunça Türkmenistan bilen Birleşen Arap Emirlikleriniň Bilelikdäki Beýannamasy kabul edildi.
Ikitaraplaýyn resminamalara gol çekmek dabarasy tamamlanandan soňra ýokary derejedäki ikiçäk duşuşyk geçirildi.
Türkmen-emirlik hyzmatdaşlygynyň ileri tutulýan meseleleri boýunça pikir alyşmagyň barşynda şu gün geçirilen ýokary derejedäki gepleşikleriň dowamynda gazanylan ylalaşyklaryň we olaryň netijeleri boýunça gol çekilen resminamalaryň uly toplumynyň netijeli hyzmatdaşlygy uzakmöhletleýin esasda mundan beýläk-de ösdürmek, täze bilelikdäki taslamalary amala aşyrmak üçin ygtybarly binýady goýandyklary bellenildi.
Şunda taraplaryň özara bähbitli söwda-ykdysady gatnaşyklary ösdürmegi, şeýle hem iki ýurduň we olaryň halklarynyň arasyndaky däp bolan dostlukly, ynanyşykly gatnaşyklary pugtalandyrmaga ýardam berýän medeni-ynsanperwer gatnaşyklary işjeňleşdirmegi maksat edinýändikleri tassyklanyldy.
Türkmenistanyň Prezidentiniň Birleşen Arap Emirliklerine resmi sapary dowam edýär.
OGT 2026 halkara sergisi halkara energetika jemgyýetçiliginiň ýokary islegini tassyklaýar
"Türkmenistanyň nebiti we gazy – 2026" (OGT 2026) XXXI Halkara maslahatynyň we sergisiniň açylmagyna üç aý galanda sergi meýdançalarynyň ählisi doly satyldy diýip, çäräni gurnaýjylar habar berýärler. Bu milli we daşary ýurt kompaniýalarynyň sebitiň iň iri energetika çäreleriniň birine gatnaşmaga bolan ýokary gyzyklanmasyny tassyklaýar.
“Türkmengaz” DK Germaniýadan enjamlary satyn alar
«Türkmengaz» döwlet konserni tehniki enjamlary satyn almak barada «VIETZ GmbH» kompaniýasy bilen şertnama baglaşar.
Serdar Berdimuhamedowyň Türkmen-gruzin işewürlik maslahatyndaky çykyşy
Serdar Berdimuhamedowyň Türkmen-gruzin işewürlik maslahatyndaky çykyşy.
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň mejlisindäki ÇYKYŞY
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň mejlisindäki ÇYKYŞY.
Serdar Berdimuhamedowyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisindäki çykyşy
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisindäki çykyşy.