Harytlyk gaz daşary bazara ugradylýar
«Türkmengaz» döwlet konserniniň iri önümçilik düzümleriniň biri bolan «Marygazçykaryş» müdirliginiň gazçylary «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynyň geçen dokuz aýynda ýigrimi bäş milliard iki ýüz elli dört million bäş ýüz ýigrimi alty müň kub metr tebigy gaz çykaryp, meýilnamalaýyn tabşyrygy üstünlikli berjaý etdiler. Şu gazanylan önümçilik görkezijisinde müdirligiň 2-nji gaz çykaryş we deslapky taýýarlaýyş sehiniň gazçy hünärmenleriniň, işçileriniň hem mynasyp paýy bar.
Bu önümçilik bölümi Garaşsyzlygyň 10 ýyllygy, Ýolguýy, Çymçykly, Tutly — Garaşsyzlyk gaz känlerini özüne birleşdirýär.
Häzir sehe degişli gaz ýataklarynda önüm berýän guýularyň altmyş bäşisi bolup, olardan her gije-gündizde on bäş million iki ýüz otuz müň kub metrden köpräk «mawy ýangyç» çykarylýar. Gazçylaryň şu ýylyň başyndan bäri ýer astyndan çykaran tebigy gazynyň möçberi dört milliard alty ýüz kyrk dört million alty ýüz on alty müň alty ýüz togsan dört kub metre deň bolup, şol «mawy ýangyjyň» hemmesi «Üçajy» gaz gysyjy desgasynyň üsti bilen Malaý — Bagtyýarlyk gaz geçirijisi arkaly daşary ýurtly sarp edijilere ugradylypdyr.
— Önümçilik bölümimiziň Garaşsyzlygyň 10 ýyllygy, Ýolguýy gaz känleriniň gazly guýularynyň önümçilige girizilenine indi ýigrimi ýyldanam köpräk wagt boldy. Guýular şondan bäri birsyhly durnukly önüm berip gelýär. Şu känlerdäki guýulardan çykarylýan «mawy ýangyjyň» düzüminiň kükürt wodorodsyz arassa bolmagy öndürýän önümimiziň esasy aýratynlygydyr. Şoňa görä, bu gaz känlerimizden çykarylýan tebigy gazyň hemmesi Hytaý Halk Respublikasyna eksport edilýär. Elbetde, munuň özi bu gaz känlerinden alynýan önümleriň ykdysady taýdan bähbitliligini şertlendirýär. Gazly guýularyň uzak wagtlap birsyhly durnukly önüm bermegi üçin guýularda meýilnama boýunça bellenilen wagtynda bejeriş-abatlaýyş işleriniň geçirilýändigini aýtmak gerek. Mysal üçin, müdirligimiziň Guýulary ýerasty we düýpli abatlaýyş sehiniň işgärleri tarapyndan Garaşsyzlygyň 10 ýyllygy gaz käniniň 13-nji, 33-nji, 45-nji guýularynda, Ýolguýy gaz käniniň 37-nji, 46-njy, 51-nji guýularynda ýerasty we düýpli abatlaýyş işleri geçirildi. Şonuň netijesinde gazly gatlagyň gözenekleri arassalanyp, guýularyň tehniki mümkinçiligi ýokarlandy. Indi şol guýular hem durnukly ýokary önüm berýär.
Sehimizde tebigy gazy çykarmak boýunça bellenilen meýilnamalaýyn tabşyrygyň üstünlikli berjaý edilmegine baý iş tejribeleri bolan halypa hünärmenlerimiziň, işçilerimiziň saldamly goşant goşýandyklaryny aýtmak ýakymlydyr. Olardan esasy inžener Güýç Jumaýew, uly mehanik Ahmet Annamämmedow, gaz çykaryjy operatorlar Nury Orazmuhammedow, Oraznyýaz Gurbanmyradow, Serdar Berdiýew, Ýazgeldi Abaýew, gaz çykaryjy ussalar Sapa Gylyjow, Azat Rahymow we beýlekiler işde zähmet göreldesini görkezýärler hem-de ýaş hünärmenleredir işçilere halypalyk goldawyny, gymmatly maslahatlaryny berip durýarlar — diýip, 2-nji gaz çykaryş we deslapky taýýarlaýyş sehiniň başlygy Perhat Baýramow gürrüň berýär.
Bu ýerde wahtalaýyn usulda zähmet çekýän gazçylar üçin müdirligiň kärdeşler arkalaşyklarynyň ilkinji guramasy hem-de sehiň ýolbaşçylary tarapyndan talabalaýyk iş, ýaşaýyş-durmuş şertleriniň döredilýändigi aýratyn bellärliklidir. Gazçylaryň iş ýerine ýörite rahat ulaglar bilen gatnadylmagy, oňaýly ýaşaýyş-durmuş şertleri bilen üpjün edilen umumyýaşaýyş jaýlarynda ýaşamaklary olaryň zähmete bolan höwesini, iş ukybyny has-da artdyrýar.
2-nji gaz çykaryş we deslapky taýýarlaýyş sehiniň gaz känlerinde jogapkärli döwür bolan güýz-gyş möwsümine-de göwnejaý taýýarlyk görlüpdir.
Garaşsyzlygyň 10 ýyllygy gaz käninden «Üçajy» gaz gysyjy desgasyna çenli aralykdaky göwrümi bir müň ýigrimi millimetr bolan ýokary basyşly gaz geçiriji bu sehiň çykarýan «mawy ýangyjyny» daşary bazara ugradýan esasy desgadyr. Desganyň mehaniki galyndylardan, suwuklyklardan birkemsiz, tehnologik talaplara laýyk arassalanylmagy jogapkärli möwsümde-de sehiň gaz känlerinden çykarylýan tebigy gazyň daşary bazara bökdençsiz akdyrylmagyna mümkinçilik berer.
«Nebit-gaz» gazetiniň 15 ýyllygy dabaraly bellenildi
«Nebitgaz» gazetiniň redaksiýasynda neşiriň ilkinji sanynyň çap edilip başlanmagynyň 15 ýyllygyna bagyşlanan dabaraly çäre geçirildi. Oňa “Türkmengaz” we “Türkmennebit” döwlet konsernleriniň, Türkmenistanyň Nebitgaz senagaty toplumynyň işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň Geňeşiniň wekilleri, şeýle hem redaksiýanyň işgärleri gatnaşdylar.
«Ýaş tebigatçy» jemgyýetçilik guramasy intellektual bäsleşige çagyrýar!
16-njy sentýabrda sagat 14:00-da «Arkaç» SÖMerkeziniň «Iş nokady» koworking merkezinde «Ýaş tebigatçy» jemgyýetçilik guramasy Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrliginiň ýanyndaky Ozon merkezi bilen bilelikde Halkaara ozon gatlagyny goramak gününe bagyşlanan intellektual bäsleşik geçirýär.
Türkmenistanyň Prezidentiniň mekdep okuwçylaryna, talyp ýaşlaryna, mugallymlaryna we bilim işgärlerine gutlagy
Türkmenistanyň Prezidentiniň mekdep okuwçylaryna, talyp ýaşlaryna, mugallymlaryna we bilim işgärlerine gutlagy.
Ýerasty suw ýataklarynyň gor baýlygy artdyrylýar
«Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasynyň ýurdumyzyň welaýatlaryndaky gidrogeologiýa ekspedisiýalarynyň işgärleri halkymyzy gündelik arassa agyz suwy bilen üpjün etmek babatda möhüm işleri durmuşa geçirýärler. «Marygidrogeologiýa» ekspedisiýasynyň işgärleriniň alyp barýan işleri hem şunuň bir mysalydyr.
Türkmenistanyň erkin göreşçileri okuw-türgenleşik ýygnanyşyklaryny geçirdiler
2026-njy ýylyň awgust aýynda Mary we Aşgabat şäherlerinde erkin göreş boýunça geçirilen tapgyrlaýyn okuw-türgenleşik ýygnanyşyklary sport ussatlygyny ýokarlandyrmaga, tejribe alyşmaga hem-de pälwanlaryň geljekki ýaryşlara fiziki taýýarlygyny pugtalandyrmaga gönükdirildi.