Ukynyň syrly dünýäsi

Uky ýaşaýyşyň janly- jandarynyň ömrüniň esasy bölegini düzýän wagty. Ukynyň täsiri, onuň ynsan saglygy bilen baglanşykly ýüzlerçe zatlara täsir edýänligi, ýene- de janly - jandaryň ukusynyň äleme gatnaşygy barada gürrüň etmek üçin elbetde ukynyň syrly dünýäsi hakda gyzyklanmak ýeterlik däl - de eýsem lukmançylyk ylmynda , biologiýada we tebigat ylymlarynda uka gidýän jandarlar, ýa - da gyş ukusyna gidýän jandarlar, ýa - da ömrüniň köp bölegini ukyda geçirýän jandarlar hakda hem söz açmak gyzykly bolsa gerek?!
Ukyny doly almagyň peýdasy örän köpdür. Gynansak - da dünýä ýüzündäki ähli ilatyň jemi boýunça 15% göterimi ukusyzlykdan ejir çekýän adamlardyr.
Adamyň ukusyz ýaşamagy diňe 11 güne çenli sürüp biler. Emma haýwanlaryň içinde pişikler öz ömrüniň 3/1 ni ukuda geçirýärler. Emma ýarganatlar gije - gündiziň dowamynda 19 sagatdan hem köp uklaýarlar.
Ukynyň janly ýaradylyşa täsiri gaty güýçlidir. Bedeniň ter, ruhuň dury ömrüňi dowam etdirmegi üçin ukynyň peýdasyna geljek zat ýokdur.
Ukysyzlygyň ýene bir tarapyny çaklaýan alymlar, ol :“Zehiniň ýüze çykmagynyň alamaty” – diýip, belleýärler.Adamyň ukusyndaky täsin faklara ser salynanda ukudaky adamyň düýşüniň 90 göterimi oýananyndan soň basym ýatdan çykýar. Emme jandarlarda köplenç beýle däl. Olar ukusynda köplenç gündizki beýni ýazgylaryny täzeden görmäge ukyplydyrlar.Uky hakdaky jemlemelerde alymlar beýniniň ukyda wagty beden hem ruha gerek zatlaryny “rejeleýär” diýýärler. Ýagny haýsy zadyň özüne gerekdigini “saýlap,tekjelere goýýar”.
Aýdaly, Wilýam Şekspir ukyny öz gahrymanlarynyň ýaşaýan sahnasy hasaplapdyr. Ol ol ýerde olaryň sahnanyň haýsy nokadynda durmalydyklaryny, nirä hereket etmelidiklerini duýdurypdyr.
A Mendeleýew bolsa, nijeme gijeler ukudan galyp, oýlap netijesini çözüp bilmedik himiki tablisasyny bir gije düýşünde görüpdir. Diýmek uky kime nähili täsir edýär, eýýäm onuň öz dünýäsini janly organizmler üçin wajyplygy bilen ýa- da wajyp dälligi bilen kesgitleýär.
Döwlet ORAZMÄMMEDOW,
Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň Sanly elektronika we elektrotehnika kafedrasynyň mugallymy.

Çepbekeýler adaty bolmadyk çemeleşmeleri tapýarlar
Donald Kostello işewürlik kollejiniň amerikan alymlary tarapyndan geçirilen täze gözleg çep eliň hünär kämillikde we baýlyga ýetmekde möhüm esas bolup biljekdigini görkezýär.

Bagbançylygyň ähmiýeti
Gözlegleriň netijesi bagbançylygyň adam beýnisine we bedenine oňyn täsir edýändigini görkezdi.

Aýdym aýtmak – saglygyňy berkitmek
Gadymyýetden bäri adamlar öz sesiniň güýji bilen saglygyny dikeldip bilipdirler. Aristotel we Pifagor akyl taýdan bozulmalary bejermekde aýdym aýtmagy maslahat beripdirler.

Çopantelpegiň adam saglygyna ýetirýän peýdaly täsirleri
Gadymy döwürlerden bäri halk lukmançylygynda şypaly ösümlik hökmünde giňden ulanylýan, dünýä ýurtlarynyň köpüsinde duş gelýän çopantelpek saglygymyz üçin örän peýdalydyr.

«Bejeriş binagärligi» hassalaryň ünsüni gussaly duýgulardan sowup, olarda ruhubelentlik döredýär
Ösümlikleriň, arassa howanyň, janly-jandarlaryň bejeriş ukyplary barada bilýän hem bolsak, binagärligiň şypa berijilik häsiýeti barada seýrek eşidilýär.