Gyzyl kelem – derdiňe melhem

Hünärmenler gyzyl kelemi hökman iýmitlik rejäňe goşmagy maslahat berýärler. Bu önümiň peýdasy ikuçsyz bolsa-da, ony köp mukdarda yzygiderli kabul etmek bolmaýar. Ol witaminlere we mikroelementlere baý bolup, ýaşululara, çagalara hem-de geljekki enelere maslahat berilýär. Onuň düzüminde peýdaly elementlerden retinol, askorbin kislotasy, witaminleriň topary, demir, magniý, sink, ýod, kalsiý, kaliý, marganes, fosfor we beýlekiler bar.
Önüm mikroblara garşy göreşmekde, bedenden artykmaç suwuklyklary çykarmakda ähmiýetlidir. Şeýle-de, ol immun ulgamyny kuwwatlandyrýan güýçli antioksidant hasaplanýar. Şonuň ýaly-da, gyzyl kelem sowuklamany, üsgülewigi ýeňmekde peýdalydyr. Önüm gan basyşyny sazlaýar, dokumalary berkidýär, zyýanly holesterinleriň, gandaky şekeriň mukdaryny azaldýar. Şonuň üçin hem gyzyl kelemi süýji keselinde kabul etmek maslahat berilýär.
Gyzyl kelemiň şiresi bedeniň saglygyny goramakda has-da peýdaly hasaplanýar. Ol ownuk damarlaryň işini sazlaýar, ganjarmada peýdaly hasaplanýar. Şeýle-de, fiziki işjeňlikde, türgenleşikde alnan şikeslerden soňra, kelem şiresi bedeni dikeltmekde peýdaly melhemdir. Mundan başga-da, önümiň ýadawlygy, ysgynsyzlygy ýeňmekde ähmiýeti uludyr.
Gadymy rimlilerde gyzyl kelemiň şiresi sowuklama bilen baglanyşykly dürli näsazlyklarda işjeň ulanylypdyr. Ol häzirki wagtda lukmançylykda, derman senagatynda ýiti sowuklama kesellerinde netijeli ulanylýar. Şeýle-de, önüm ýaralaryň tiz bitmeginde, sarygetirmede hem peýdalydyr.
Seýitmyrat MAKSADOW,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň talyby.

Çepbekeýler adaty bolmadyk çemeleşmeleri tapýarlar
Donald Kostello işewürlik kollejiniň amerikan alymlary tarapyndan geçirilen täze gözleg çep eliň hünär kämillikde we baýlyga ýetmekde möhüm esas bolup biljekdigini görkezýär.

Bagbançylygyň ähmiýeti
Gözlegleriň netijesi bagbançylygyň adam beýnisine we bedenine oňyn täsir edýändigini görkezdi.

Aýdym aýtmak – saglygyňy berkitmek
Gadymyýetden bäri adamlar öz sesiniň güýji bilen saglygyny dikeldip bilipdirler. Aristotel we Pifagor akyl taýdan bozulmalary bejermekde aýdym aýtmagy maslahat beripdirler.

Çopantelpegiň adam saglygyna ýetirýän peýdaly täsirleri
Gadymy döwürlerden bäri halk lukmançylygynda şypaly ösümlik hökmünde giňden ulanylýan, dünýä ýurtlarynyň köpüsinde duş gelýän çopantelpek saglygymyz üçin örän peýdalydyr.

«Bejeriş binagärligi» hassalaryň ünsüni gussaly duýgulardan sowup, olarda ruhubelentlik döredýär
Ösümlikleriň, arassa howanyň, janly-jandarlaryň bejeriş ukyplary barada bilýän hem bolsak, binagärligiň şypa berijilik häsiýeti barada seýrek eşidilýär.