Kädi

11:29 03.01.2021

https://www.ussatnews.com/storage/posts/481/original-15ff1643a14530.jpeg

Türkmen topragynda bitýän ir-iýmişleriň, bakja önümleriniň her biriniň adam bedeni üçin peýdasyny hiç bir zat bilen deňär ýaly däl.

Güýz we gyş aýlarynda kädi iýmek örän peýdaly. Kädi berhiz we kesel bejeriji önüm hökmünde iň gymmatly hasaplanylýar. Onuň düzüminde köp mukdarda askorbin turşusy saklanýar. Kädiniň düzüminde karotin 3-9 mg çenli, käbir görnüşlerinde 38 mg çenli bar. Ol bakja önümleriniň arasynda düzümindäki demir boýunça birinji orunda durýar. Kädiniň düzüminde C, E, D, PP, B witaminler topary we seýrek duş gelýän T witamini bar. Olar diňe bir witamin ýetmezçiliginiň ornuny tutman, eýsem, bedendäki alyş-çalyş hadysasyny hem güýçlendirýär. Onuň düzüminde demir, fosfor we mis elementleriniň bolmagynyň ganazlyk we ateroskleroz keselleriniň öňüni almakda we bejermekde peýdasy köpdür. Ol bagyr, böwrek, iýmit siňdiriş agzalarynyň, ýürek-damar näsazlyklarynda we gan basyşy ýokary bolan näsaglara örän peýdalydyr. Kädiniň düzümindäki pektin kleçatka ateroskleroz keseliniň öňüni alýar. Bu madda damardaky holesteriniň we bedendäki zyýanly maddalaryň bölünip çykmagyna ýardam edýär. Ondaky pektin aşgazanda döreýän ýaranyň öňüni almaga we tiz bitmegine kömek edýär. Kädi şiresini bedendäki alyş-çalyş hadysasy bozulan wagtynda, semizlikde, süýji keselinde, böwrek we peşew haltasynda daş bolan nasaglara içmek örän peýdalydyr. Kädiniň düzümindäki A we C witaminleri bedendäki madda çalşygyny kadalaşdyrýar. Ol ýeňil siňýär, aşgazan-içege ulgamynyň işjeňligini artdyrýar. Onuň özüni ýa-da käşir, alma garylan şiresini içmek peýdalydyr.

Abadan BERDIÝEWA,

TSG we DSM-niň Saglygy goraýşyň habarlar merkeziniň bölüm müdiri.

Başga makalalar
16640718866af2.webp
Çopantelpegiň adam saglygyna ýetirýän peýdaly täsirleri

Gadymy döwürlerden bäri halk lukmançylygynda şypaly ösümlik hökmünde giňden ulanylýan, dünýä ýurtlarynyň köpüsinde duş gelýän çopantelpek saglygymyz üçin örän peýdalydyr.


1663c945c93a7d.jpeg
«Bejeriş binagärligi» hassalaryň ünsüni gussaly duýgulardan sowup, olarda ruhubelentlik döredýär

Ösümlikleriň, arassa howanyň, janly-jandarlaryň bejeriş ukyplary barada bilýän hem bolsak, binagärligiň şypa berijilik häsiýeti barada seýrek eşidilýär.


16631174d696af.jpeg
Gülli kelemiň peýdasy

Gülli kelemiň (brokkoli kelemi) watany gündogar Ortaýer deňzi sebiti hasaplanýar. Ol 2 ýyllyk ösümlik bolup, ýabany kelemden gelip çykýar. Häzirki wagtda hytaý, hindi, italýan, türk, fransuz, ispan we dünýäniň başga-da ýurtlarynyň aşhanalarynda giňden ulanylýar.

165e747935707c.jpeg
Çaganyň aň-akyl ösüşi üçin peýdaly önümler

Çaganyň aň-akyl taýdan kadaly ösmegi okuw-terbiýeçilik işinde esasy wezipe bolup durýar. Her bir ýaşda iýmitlenmegiň belli bir kadasy bolşy ýaly, çagalyk döwründe hem bu şeýledir.


165b91eda2f571.jpeg
Beýiniň peýdasy

Beýi peýdaly häsiýeti ýokary bolan miweleriň hataryna degişlidir. Biziň Türkmenistan ýurdumyzda hem beýi urugyndan adaty beýi görnüşi ösdürilip ýetişdirilýär. Aslynda, beýiniň gelip çykan ýerleri Kawkaz we Ortaýer deňiz kenarýakalary hasaplanýar. Beýi agaç görnüşli we gyrymsy bag bolup, boýy 8 metre çenli ýetýär.