Habarlar

NEXI ýapon kompaniýasynyň ýolbaşçylary bilen maýa goýum ulgamynda hyzmatdaşlyk mümkinçilikleri maslahatlaşyldy

https://www.ussatnews.com/storage/posts/4827/original-163a4986baaf88.jpeg

Çarşenbe güni Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow Ýaponiýanyň eksport we maýa goýum ätiýaçlandyryş agentliginiň (NEXI) Ýerine ýetiriji direktory Atsuo Kuroda bilen duşuşdy. Bu agentlik ýapon we türkmen taraplarynyň durmuşa geçirýän bilelikdäki ykdysady taslamalaryny maliýeleşdirmek üçin ätiýaçlandyryş öweziniň dolmagyny üpjün edýär diýip, Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň saýty habar berdi.

Duşuşykda taraplar maýa goýum pudagyndaky hyzmatdaşlygyň meselelerine garap geçdiler we hyzmatdaşlygyň täze mümkinçiliklerini, şol sanda NEXI-niň Türkmenistandaky taslamalary maliýeleşdirmek üçin dürli maliýe guramalaryny goşmak meselesini ara alyp maslahatlaşdylar.

Taraplar ikitaraplaýyn gatnaşyklaryny ösdürmäge, diwersifikasiýalaşdyrmaga we giňeltmäge özara taýýardyklaryny tassykladylar.

21-24-nji dekabry aralygynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýeti Ýaponiýada iş saparynda bolýarlar diýip, Türkmenistanyň DIM-i habar berýär.

Saparyň çäginde wekiliýetiniň ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça Ýapon-Türkmen we Türkmen-Ýapon komitetleriniň 14-nji bilelikdäki mejlisine, şeýle hem Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň «Merkezi Aziýa+Ýaponiýa» Dialogynyň 9-njy mejlisine gatnaşmagy, mundan başga-da Hökümetde, Parlamentde, degişli ministrliklerde we edaralarda duşuşyklaryň, Ýaponiýanyň öňdebaryjy kompaniýalarynyň, maliýe we eksport-karz agentlikleriniň ýolbaşçylary bilen duşuşyklary meýilleşdirilendir.

Başga habarlar
16aa2408e4abd2.jpeg
«Nebit-gaz» gazetiniň 15 ýyllygy dabaraly bellenildi

«Nebitgaz» gazetiniň redaksiýasynda neşiriň ilkinji sanynyň çap edilip başlanmagynyň 15 ýyllygyna bagyşlanan dabaraly çäre geçirildi. Oňa “Türkmengaz” we “Türkmennebit” döwlet konsernleriniň, Türkmenistanyň Nebitgaz senagaty toplumynyň işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň Geňeşiniň wekilleri, şeýle hem redaksiýanyň işgärleri gatnaşdylar.


16a9ad9f4f09e4.png
«Ýaş tebigatçy» jemgyýetçilik guramasy intellektual bäsleşige çagyrýar!

16-njy sentýabrda sagat 14:00-da «Arkaç» SÖMerkeziniň «Iş nokady» koworking merkezinde «Ýaş tebigatçy» jemgyýetçilik guramasy Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrliginiň ýanyndaky Ozon merkezi bilen bilelikde Halkaara ozon gatlagyny goramak gününe bagyşlanan intellektual bäsleşik geçirýär.


16a965faa92a7d.jpeg
Türkmenistanyň Prezidentiniň mekdep okuwçylaryna, talyp ýaşlaryna, mugallymlaryna we bilim işgärlerine gutlagy

Türkmenistanyň Prezidentiniň mekdep okuwçylaryna, talyp ýaşlaryna, mugallymlaryna we bilim işgärlerine gutlagy.

16a95c2b8125e4.jpeg
Ýerasty suw ýataklarynyň gor baýlygy artdyrylýar

«Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasynyň ýurdumyzyň welaýatlaryndaky gidrogeologiýa ekspedisiýalarynyň işgärleri halkymyzy gündelik arassa agyz suwy bilen üpjün etmek babatda möhüm işleri durmuşa geçirýärler. «Marygidrogeologiýa» ekspedisiýasynyň işgärleriniň alyp barýan işleri hem şunuň bir mysalydyr.


16a955509d958a.webp
Türkmenistanyň erkin göreşçileri okuw-türgenleşik ýygnanyşyklaryny geçirdiler

2026-njy ýylyň awgust aýynda Mary we Aşgabat şäherlerinde erkin göreş boýunça geçirilen tapgyrlaýyn okuw-türgenleşik ýygnanyşyklary sport ussatlygyny ýokarlandyrmaga, tejribe alyşmaga hem-de pälwanlaryň geljekki ýaryşlara fiziki taýýarlygyny pugtalandyrmaga gönükdirildi.