Habarlar

Türkmenistanda täze ýylyň birinji aýynda medeni çäreleri ýokary guramaçylyk derejesinde geçiriler

https://www.ussatnews.com/storage/posts/4844/original-163a956bdc0d27.jpeg

2023-nji ýylyň 1-nji ýanwarynda ýurdumyzyň welaýatlarynyň Baş baýdak meýdançalarynda Täze ýyl baýramy mynasybetli dabaralar geçiriler.

1 — 10-njy ýanwar aralygynda Söwda-senagat edarasynyň binasynda Täze ýyl mynasybetli çagalaryň baýramçylyk dabarasyny, şeýle-de Baş arçanyň ýanynda baýramçylyk çärelerini geçirmek göz öňünde tutulýar.

Çagalaryň gyşky dynç alyş möwsüminde Aşgabat şäherinde we sebitlerde dürli medeni çäreleri, şol sanda teatrlarda, kinokonsert merkezlerinde körpelerdir ýetginjeklere niýetlenen sahna oýunlarynyň, kinofilmleriň görkezilişlerini, muzeýlerde we kitaphanalarda dürli medeni çäreleri, sergileri guramak meýilleşdirilýär.

5-nji ýanwarda Söwda-senagat edarasynyň binasynda zehinli çagalara Gulbaba adyndaky çagalar baýragynyň gowşurylyş dabarasy bolar. 

 Watan goragçylarynyň güni mynasybetli 27-nji ýanwarda “Halk hakydasy” ýadygärlikler toplumynda çäreleri geçirmek meýilleşdirilýär.

Başga habarlar
16aa2408e4abd2.jpeg
«Nebit-gaz» gazetiniň 15 ýyllygy dabaraly bellenildi

«Nebitgaz» gazetiniň redaksiýasynda neşiriň ilkinji sanynyň çap edilip başlanmagynyň 15 ýyllygyna bagyşlanan dabaraly çäre geçirildi. Oňa “Türkmengaz” we “Türkmennebit” döwlet konsernleriniň, Türkmenistanyň Nebitgaz senagaty toplumynyň işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň Geňeşiniň wekilleri, şeýle hem redaksiýanyň işgärleri gatnaşdylar.


16a9ad9f4f09e4.png
«Ýaş tebigatçy» jemgyýetçilik guramasy intellektual bäsleşige çagyrýar!

16-njy sentýabrda sagat 14:00-da «Arkaç» SÖMerkeziniň «Iş nokady» koworking merkezinde «Ýaş tebigatçy» jemgyýetçilik guramasy Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrliginiň ýanyndaky Ozon merkezi bilen bilelikde Halkaara ozon gatlagyny goramak gününe bagyşlanan intellektual bäsleşik geçirýär.


16a965faa92a7d.jpeg
Türkmenistanyň Prezidentiniň mekdep okuwçylaryna, talyp ýaşlaryna, mugallymlaryna we bilim işgärlerine gutlagy

Türkmenistanyň Prezidentiniň mekdep okuwçylaryna, talyp ýaşlaryna, mugallymlaryna we bilim işgärlerine gutlagy.

16a95c2b8125e4.jpeg
Ýerasty suw ýataklarynyň gor baýlygy artdyrylýar

«Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasynyň ýurdumyzyň welaýatlaryndaky gidrogeologiýa ekspedisiýalarynyň işgärleri halkymyzy gündelik arassa agyz suwy bilen üpjün etmek babatda möhüm işleri durmuşa geçirýärler. «Marygidrogeologiýa» ekspedisiýasynyň işgärleriniň alyp barýan işleri hem şunuň bir mysalydyr.


16a955509d958a.webp
Türkmenistanyň erkin göreşçileri okuw-türgenleşik ýygnanyşyklaryny geçirdiler

2026-njy ýylyň awgust aýynda Mary we Aşgabat şäherlerinde erkin göreş boýunça geçirilen tapgyrlaýyn okuw-türgenleşik ýygnanyşyklary sport ussatlygyny ýokarlandyrmaga, tejribe alyşmaga hem-de pälwanlaryň geljekki ýaryşlara fiziki taýýarlygyny pugtalandyrmaga gönükdirildi.