ALYMLAR SPORTYŇ HAÝSY GÖRNÜŞINIŇ ADAM ÖMRÜNI UZALDÝANDYGYNY ANYKLADYLAR

Suwda ýüzmek adam üçin iň peýdaly sportdygyny yzygiderli tejribeler arkaly subut etdiler. Tejribeleriň netijelerine görä, 32 ýylyň dowamynda yzarlanan 20-90 ýaş aralygyndaky 40 müňden gowrak erkek adamlaryň üstünde geçirilen gözlegde ylgawçylara we ýöremegi halaýanlara garanyňda, ýüzüjileriň ölüm howpy 50% pesdi.
Günorta Karolina uniwersitetiniň professory Stiwen Bleýr ýüzmegiň ýürek-damar ulgamynyň fiziki ýadowlyga garşy durmak ukyby bolup, çydamlylygy ýokarlandyrmak üçin ýöremekden has gowudygyny anyklady. Sportyň bu görnüşiniň ähli ýönekeý adamlar hem-de yzygiderli keselleýänler üçin amatlydygyny belläp geçdi.Garwar uniwersitetiniň lukmançylyk professory Aý Ming Li, ýüzmek artritden ejir çekýän ýa-da akyl ýagdyny gowulaşdyrmak isleýän her bir adama maslahat berilýän “iň oňat türgenleşik” diýip atlandyrdy. Garwardly alymlar ýüzmegiň adam saglygyna ýetirýän täsirini ençeme ýyl bäri öwrenýärler. 2016-njy ýylda yzygiderli suwda ýüzmek maşklaryny ýerine ýetirmek ýürek-damar kesellerinden ölüm howpuny 41% azaldyp biler diýen netijä geldiler.
Serdar SOPYÝEW,
Türkmen oba hojalyk institutynyň mugallymy.

Çepbekeýler adaty bolmadyk çemeleşmeleri tapýarlar
Donald Kostello işewürlik kollejiniň amerikan alymlary tarapyndan geçirilen täze gözleg çep eliň hünär kämillikde we baýlyga ýetmekde möhüm esas bolup biljekdigini görkezýär.

Bagbançylygyň ähmiýeti
Gözlegleriň netijesi bagbançylygyň adam beýnisine we bedenine oňyn täsir edýändigini görkezdi.

Aýdym aýtmak – saglygyňy berkitmek
Gadymyýetden bäri adamlar öz sesiniň güýji bilen saglygyny dikeldip bilipdirler. Aristotel we Pifagor akyl taýdan bozulmalary bejermekde aýdym aýtmagy maslahat beripdirler.

Çopantelpegiň adam saglygyna ýetirýän peýdaly täsirleri
Gadymy döwürlerden bäri halk lukmançylygynda şypaly ösümlik hökmünde giňden ulanylýan, dünýä ýurtlarynyň köpüsinde duş gelýän çopantelpek saglygymyz üçin örän peýdalydyr.

«Bejeriş binagärligi» hassalaryň ünsüni gussaly duýgulardan sowup, olarda ruhubelentlik döredýär
Ösümlikleriň, arassa howanyň, janly-jandarlaryň bejeriş ukyplary barada bilýän hem bolsak, binagärligiň şypa berijilik häsiýeti barada seýrek eşidilýär.