Türkmenistanyň we Owganystanyň söwda gatnaşyklary berkidilýär
Goňşy döwletler, şol sanda Owganystan Yslam Respublikasy bilen dostlukly gatnaşyklary berkitmek hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň yzygiderli durmuşa geçirýän daşary syýasatynyň esasy ugurlarynyň biridir.
Häzir biziň ýurtlarymyz söwda-ykdysady ulgamda netijeli gatnaşyklary saklaýarlar, möhüm energetika we ulag-kommunikasiýa taslamalaryny amala aşyrýarlar. Olaryň arasynda Akina-Andhoý demir ýolunyň gurluşygy, Türkmenistanyň we Owganystanyň arasynda optika-süýümli aragatnaşyk ulgamy, döwletara energetika desgasynyň - TOPH gazgeçirijiniň owgan bölegini çekmek işleri.
Owganystanyň Milli statistika we habarlar müdirliginiň (NSIA) maglumatlaryna laýyklykda Türkmenistan Owganystana iberilýän benziniň mukdary boýunça birinji orny eýeleýär, şeýle hem dizel ýangyjyny we suwuklandyrylan gazy uly möçberde iberýän üç döwletiň hataryna girýär.
Şeýlelikde, şu ýylyň 9 aýynda ýurdumyzda awtomobil benzininiň 337 müň tonnadan gowragy hem-de dizel ýangyjynyň dürli görnüşleriniň 40 müň tonna golaýy, suwuklandyrylan gazyň 147 müň tonnadan gowragy, gaz kondensatynyň 4 müň tonnadan gowragy, polipropileniň 1,4 müň tonna golaýy we nebitgaz toplumynyň beýleki önümleri satyn alnyp, olaryň umumy bahasy 230 million dollardan gowrak boldy.
Şeýle hem OYR-na nebit önümleri, dizel ýangyjynyň 140 müň tonnadan gowragy, uçar kerosininiň 30 müň tonnasy we beýlekiler gümrük pajy tölenmezden iberildi. Olaryň bahasy ýylyň üç çärýeginiň jemleri boýunça 180 million dollardan gowrak boldy.
Şol önümleriň agramly böleginiň goňşy ýurda Atamyrat-Akina demir ýoly boýunça, türkmen-owgan serhedindäki Ymamnazarda nebit önümlerini kabul edýän, saklaýan we ýükläp ugradýän terminal arkaly iberilýändigini bellemek gerek.
Ussat news
«Nebit-gaz» gazetiniň 15 ýyllygy dabaraly bellenildi
«Nebitgaz» gazetiniň redaksiýasynda neşiriň ilkinji sanynyň çap edilip başlanmagynyň 15 ýyllygyna bagyşlanan dabaraly çäre geçirildi. Oňa “Türkmengaz” we “Türkmennebit” döwlet konsernleriniň, Türkmenistanyň Nebitgaz senagaty toplumynyň işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň Geňeşiniň wekilleri, şeýle hem redaksiýanyň işgärleri gatnaşdylar.
«Ýaş tebigatçy» jemgyýetçilik guramasy intellektual bäsleşige çagyrýar!
16-njy sentýabrda sagat 14:00-da «Arkaç» SÖMerkeziniň «Iş nokady» koworking merkezinde «Ýaş tebigatçy» jemgyýetçilik guramasy Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrliginiň ýanyndaky Ozon merkezi bilen bilelikde Halkaara ozon gatlagyny goramak gününe bagyşlanan intellektual bäsleşik geçirýär.
Türkmenistanyň Prezidentiniň mekdep okuwçylaryna, talyp ýaşlaryna, mugallymlaryna we bilim işgärlerine gutlagy
Türkmenistanyň Prezidentiniň mekdep okuwçylaryna, talyp ýaşlaryna, mugallymlaryna we bilim işgärlerine gutlagy.
Ýerasty suw ýataklarynyň gor baýlygy artdyrylýar
«Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasynyň ýurdumyzyň welaýatlaryndaky gidrogeologiýa ekspedisiýalarynyň işgärleri halkymyzy gündelik arassa agyz suwy bilen üpjün etmek babatda möhüm işleri durmuşa geçirýärler. «Marygidrogeologiýa» ekspedisiýasynyň işgärleriniň alyp barýan işleri hem şunuň bir mysalydyr.
Türkmenistanyň erkin göreşçileri okuw-türgenleşik ýygnanyşyklaryny geçirdiler
2026-njy ýylyň awgust aýynda Mary we Aşgabat şäherlerinde erkin göreş boýunça geçirilen tapgyrlaýyn okuw-türgenleşik ýygnanyşyklary sport ussatlygyny ýokarlandyrmaga, tejribe alyşmaga hem-de pälwanlaryň geljekki ýaryşlara fiziki taýýarlygyny pugtalandyrmaga gönükdirildi.