Daşoguz welaýatynda bagçylyk bilen meşgullanmaga höwesekleriň sany ýylsaýyn artýar
Daşoguz welaýatynda bagçylyk bilen meşgullanmaga höwesekleriň sany ýylsaýyn artýar, diýip TÜRKMENISTAN ALTYN ASYR saýty habar berýär. Mysal üçin, diňe Gurbansoltan eje adyndaky etrabynyň «N.Andalyp» daýhan birleşiginde döredilen ýörüteleşdirilen ýer gorundan soňky ýyllarda adamlaryň 299-syna gök-miwe önümlerini ýetişdirmek, şol sanda köp ýyllyk miweli baglary we üzüm ýetişdrimek üçin 1550 gektar ýer bölünip berildi. Şunda ýerleri 99 ýyllyk möhlete ulanmaga alanlaryň köpüsi diňe bagçylyk we üzümçilik bilen meşgullanmagy niýet edinýärler, diňe olaryň 110-sy bu işi kartoşka hem-de beýleki ekinleriň käbirini ýetişdirmek bilen utgaşdyrmagy göz öňünde tutýarlar. Bölünip berlen ýerleriň bir ýüz segsen iki gektar meýdanyna miweli baglar, on alty gektara golaý ýere üzüm, iki gektardan gowrak meýdanda tut agaçlary ýetişdirilýär.
Ýurdumyzyň demirgazyk sebiti ýeňil bolmadyk tebigy-howa şertlerine garamazdan baglary bilen meşhurlyk gazandy. Bu ýerde almadan, armytdan, alçadan, çereşnýadan, wişnýadan we beýleki miwelerden hemişe bol hasyl alynýar. Döwlet tarapyndan daşky gurşawy goramak we tebigy baýlyklary köpeltmek babatda yzygiderli amala aşyrylýan işler netijesinde Daşoguz welaýatynda ýerleriň melioratiw ýagdaýyny gowulandyrmak, olaryň çölleşmeginiň we batgalyga öwrülmeginiň öňüni almak, suw serişdelerinden rejeli peýdalanmagyň netijeliligini ýokarlandyrmak, sebitde bag ekmek boýunça iri taslamalaryň birnäçesi durmuşa geçirilýär. Her ýyl, şol sanda täze bag nahallarynyň ýüzlerçe müňüsini ekmek boýunça ähli ýerde geçirilýän ählihalk çäreleriniň çäklerinde amala aşyrylýan işler pürli we saýaly ýaprakly daragtlary ýetişdirmegi has-da ýokarlandyrmagyň zerurlygyny ýüze çykardy. Häzirki wagtda bu işe döwlet edaralary bilen birlikde hususy düzümler hem çekilýär.
Ussat news
«Nebit-gaz» gazetiniň 15 ýyllygy dabaraly bellenildi
«Nebitgaz» gazetiniň redaksiýasynda neşiriň ilkinji sanynyň çap edilip başlanmagynyň 15 ýyllygyna bagyşlanan dabaraly çäre geçirildi. Oňa “Türkmengaz” we “Türkmennebit” döwlet konsernleriniň, Türkmenistanyň Nebitgaz senagaty toplumynyň işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň Geňeşiniň wekilleri, şeýle hem redaksiýanyň işgärleri gatnaşdylar.
«Ýaş tebigatçy» jemgyýetçilik guramasy intellektual bäsleşige çagyrýar!
16-njy sentýabrda sagat 14:00-da «Arkaç» SÖMerkeziniň «Iş nokady» koworking merkezinde «Ýaş tebigatçy» jemgyýetçilik guramasy Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrliginiň ýanyndaky Ozon merkezi bilen bilelikde Halkaara ozon gatlagyny goramak gününe bagyşlanan intellektual bäsleşik geçirýär.
Türkmenistanyň Prezidentiniň mekdep okuwçylaryna, talyp ýaşlaryna, mugallymlaryna we bilim işgärlerine gutlagy
Türkmenistanyň Prezidentiniň mekdep okuwçylaryna, talyp ýaşlaryna, mugallymlaryna we bilim işgärlerine gutlagy.
Ýerasty suw ýataklarynyň gor baýlygy artdyrylýar
«Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasynyň ýurdumyzyň welaýatlaryndaky gidrogeologiýa ekspedisiýalarynyň işgärleri halkymyzy gündelik arassa agyz suwy bilen üpjün etmek babatda möhüm işleri durmuşa geçirýärler. «Marygidrogeologiýa» ekspedisiýasynyň işgärleriniň alyp barýan işleri hem şunuň bir mysalydyr.
Türkmenistanyň erkin göreşçileri okuw-türgenleşik ýygnanyşyklaryny geçirdiler
2026-njy ýylyň awgust aýynda Mary we Aşgabat şäherlerinde erkin göreş boýunça geçirilen tapgyrlaýyn okuw-türgenleşik ýygnanyşyklary sport ussatlygyny ýokarlandyrmaga, tejribe alyşmaga hem-de pälwanlaryň geljekki ýaryşlara fiziki taýýarlygyny pugtalandyrmaga gönükdirildi.