Zenjebil — peýdaly melhem

00:00 27.03.2023

https://www.ussatnews.com/storage/posts/5223/original-16420966c0a167.jpeg

Imbir (Zenjebil) gamyşa meňzeş köp ýyllyk ösümlikdir. Ol imbir maşgalasyna degişli bolup, takmynan 140 görnüşi bellidir. Onuň kökleri sary ýa-da çal reňkde bolýar, ýöne gara görnüşi hem gabat gelýär. Hindistanda, Hytaýda, Günbatar Afrikada, Awstraliýada, Barbadosyň, Ýamaýkanyň we Indoneziýanyň ekerançylygynda giňden ösdürilip ýetişdirilýär. Imbir gadymy ösümlikleriň biridir. Ol Günorta-Gündogar Aziýada birnäçe müň ýyl ozal hem ösdürilipdir. Gadymy hytaý, hindi we pars ýurtlarynda ösümlik sazlaýjy, gyzgyny düşüriji we arassalaýjy serişde hökmünde ulanylypdyr.

Imbir ulanyşa taýýar kök, guradylan poroşok, duzlanan ýa-da bölejikler, ýag, ekstrakt görnüşinde bolýar. Onuň täze kökleri has-da peýdaly hasaplanýar. Önümiň 100 gramynda 80 kkal kaloriýa saklanýar. Şeýle ýagdaýda onuň düzüminde beloklar 1,5 gr, ýaglar 0,73 gr, uglewodlar 1,7 gr, suw 79 gr mukdarda, C, E, K, B3, B6, B5 witaminleri, kalsiý, demir, magniý, fosfor, kaliý, natriý, sink, mis, magniý, selen, marganes ýaly peýdaly elementler saklanýar.

Imbir sowuklamada, iýmit siňdiriş ulgamynyň işini kadalaşdyrmakda, madda çalşygyny ýokarlandyrmakda, gandaky şekeriň mukdaryny peseltmekde, bogunlarda ýüze çykýan agyrylary aýyrmakda, agyz boşlugyndaky bakteriýalary zyýansyzlaşdyrmakda, ýürek-gan ulgamynyň keselleriniň öňüni almakda giňden peýdalanylýar.

Imbiriň köki ýerasty baldak bolup, onuň peýdaly häsiýetleri sanardan kändir. Kökünde bar bolan işjeň madda gingerol, bişirilenden soň zingerona we guradylan kökünde şogaola öwrülýär we ýiti tagama eýe bolýar. Imbir iýmitde ulanylanda, aşgazanyň bölüp çykaryşyny gowulandyrýar, işdäňi açýar, gandaky holesteriniň mukdaryny azaldýar we gan basyşyny kadalaşdyrýar. Ol howply çişleriň döremeginiň öňüni almakda hem netijeli emdir. Ösümligiň peýdaly häsiýetlerini çopantelpek, narpyz, melissa ýaly otlar bilen baýlaşdyrmak bolar. Imbiriň sowuklamanyň öňüni almakda netijeli ulanylýar. Şeýle-de, onuň çişlere garşy netijeli göreşýär, şonuň üçin ol agzyň we bokurdagyň kesellerini, sowuklamalary, dümewi bejermekde örän peýdalydyr.

Lukmanlaryň bellemegine görä, imbir ynsan bedeniniň saglygyny goramakda we olaryň öňüni almakda netijeli tebigy serişdeleriň arasynda iň öňdebaryjylarynyň biridir.

Taýýarlan Ýulduz RÖWŞANOWA,

«Türkmenhimiýa» döwlet konserniniň Türkmenabat şäherindäki tehniki orta hünär okuw mekdebiniň mugallymy.

Başga makalalar
16631174d696af.jpeg
Gülli kelemiň peýdasy

Gülli kelemiň (brokkoli kelemi) watany gündogar Ortaýer deňzi sebiti hasaplanýar. Ol 2 ýyllyk ösümlik bolup, ýabany kelemden gelip çykýar. Häzirki wagtda hytaý, hindi, italýan, türk, fransuz, ispan we dünýäniň başga-da ýurtlarynyň aşhanalarynda giňden ulanylýar.


165e747935707c.jpeg
Çaganyň aň-akyl ösüşi üçin peýdaly önümler

Çaganyň aň-akyl taýdan kadaly ösmegi okuw-terbiýeçilik işinde esasy wezipe bolup durýar. Her bir ýaşda iýmitlenmegiň belli bir kadasy bolşy ýaly, çagalyk döwründe hem bu şeýledir.


165b91eda2f571.jpeg
Beýiniň peýdasy

Beýi peýdaly häsiýeti ýokary bolan miweleriň hataryna degişlidir. Biziň Türkmenistan ýurdumyzda hem beýi urugyndan adaty beýi görnüşi ösdürilip ýetişdirilýär. Aslynda, beýiniň gelip çykan ýerleri Kawkaz we Ortaýer deňiz kenarýakalary hasaplanýar. Beýi agaç görnüşli we gyrymsy bag bolup, boýy 8 metre çenli ýetýär.

1658d4df34d0ed.jpeg
Nohudyň peýdasy

Nohut — iň gadymy ösümlikleriň biri. Onuň watany günorta-günbatar Aziýa we ýakyn Gündogar hasaplanýar. Ösümlik bu ýerlerde miladydan öňki 7-nji müňýyllykda ösdürilip ýetişdirilipdir. Dünýäde nohudyň 70-e golaý görnüşi belli bolup, olardan diňe iki görnüşi giňden ulanylýar. Ol gök çig görnüşinde we gabykly bişen görnüşinde ulanylýar. Ösümlik beloklaryň ajaýyp çeşmesidir. Onuň 100 gramynda takmynan 25 gram belok bar. Şonuň üçin nohut sagdyn iýmitlenişiň aýrylmaz bölegi hasaplanýar.


1658bce4e243ca.jpeg
Greýpfrut — peýdaly miwe

Greýpfrut tropiki miwelere degişli bolup, onuň watany Barbados adasy hasaplanýar. Ol elmydama ýaşyl öwüsýän agaçda ýetişip, sowuk howany halamaýar. Miwe ýolunmanka daşky görnüşi boýunça üzüme çalym edýär.