Peýdaly maslahatlar

Sport sagdynlygyň we ruhubelentligiň girewidir

https://www.ussatnews.com/storage/posts/5241/original-164248a0c42b5b.jpeg

Ynsan ömründäki ähli lezzeti, şatlygy, süýjiligi, bagty diňe saglygy bilen duýýar. Şonuň üçin, eger-de biz gowy we gurply durmuşda ýaşasymyz gelýän bolsa, ilkinji nobatda saglygyň gadyryny bilmelidiris. Munuň iň ygtybarly ýoly bolsa sport, zähmet bilen meşgullanmak, arassa howada gezim etmekdir. Adam näçe köp hereketde boldugyça onuň gan aýlanyşygynyň gowulaşýandygyny, süňňüniň barha taplanýandygy ylmy taýdan subut edilen hakykatdyr. Beden we ruhy sagdynlyk ynsanyň esasy baýlygy, baş hazynasydyr. Şular gurat bolsa, beýleki baýlyklary gazanmagyň müşgil däldigi hemmä mälim. Ýaş nesliň, jemgyýetiň, tutuş halkyň beden we ruhy taýdan sagdyn bolmagyny gazanmak – hormatly Prezidentimiz Arkadagly Serdarymyzyň durmuşa geçirýän syýasatynyň ileri tutýan ugurlarynyň biridir. Gahryman Arkadagymyzyň tagallalary bilen kabul edilen “Saglyk” Döwlet maksatnamasy üstünlikli amala aşyrylýar. Döwletimiziň dürli künjeginde gözüňi dokundyrýan, göwnüňi galkyndyrýan, saglygyňy berkidýän lukmançylyk merkezleriniň, şypahanalaryň, milli saglygy goraýyş ulgamyny täze derejä göteren beýleki ugurdaş desgalaryň, dynç alyş seýilgähleriniň, sport mekdepleriniň gurlup ulanylmaga berilmegi aýratyn nygtalmaly zatlaryň biridir. Dünýäniň öňdebaryjy we tanymal tehnologiýalary bilen üpjün edilen bu ýerlerde saglygyňy berkitmek we dikeltmek üçin ähli şertler döredilen.

Ýurdumyzda bedenterbiýäni we sporty goldamagyň hem-de ösdürmegiň kanunçylyk binýadyny kämilleşdirmek, daşary ýurtlaryň degişli sport guramalary bilen hyzmatdaşlygy ösdürmek hem-de bu ugurda sanly we innowasion tehnologiýalar babatda dünýä tejribesiniň gazananlaryny ýurduň sport ulgamyna ornaşdyrmak, ýaşlaryň arasynda bedenterbiýäni hem-de sporty ösdürmek, halkara derejeli ussat türgenleri taýýarlamak, bedenterbiýe we sport babatda ylmy ösdürmek hem-de beýleki wajyp çäreler esasy wezipe hökmünde kesgitlenildi.

Türkmenistan sebit we dünýä derejesindäki iri sport ýaryşlary guramak hem-de geçirmek üçin uly tejribä hem-de mümkinçiliklere eýedir. Halkara ýaryşlara işjeň gatnaşýan türkmen türgenleriniň gazanýan üstünlikleri we ýeňişleri bu ulgamda durmuşa geçirilýän strategiýanyň netijeliginiň aýdyň subutnamasydyr. Bularyň ählisi Türkmenistanyň dünýä derejesinde sport döwleti hökmünde abraýynyň has-da ýokarlanmagyna ýardam edýär.

Arslan Orazow,

Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň bedenterbiýe mugallymy.

Başga peýdaly maslahatlar
16a6b1a1f1ce92.jpeg
Emosiýanyň adam saglygyna täsiri

Emosiýa — bu adamyň içki duýgularynyň, pikirleriniň we daşky ýagdaýlara bolan reaksiýasynyň ýüze çykmasydyr. Adam gündelik durmuşynda dürli görnüşli emosiýalary başdan geçirýär: şatlyk, gynanç, gahar, gorky, alada, buýsanç, söýgi we beýlekiler.


16a4a98f37215f.jpeg
Aýdym-saz täsin güýçdür

Çaganyň şahsyýet bolup kemala gelmeginde, dünýägaraýşynyň baýlaşmagynda we içki dünýäsiniň sazlaşykly ösmeginde aýdym-saz terbiýesiniň orny örän uludyr. Saz çaganyň kalbyna, aň-düşünjesine we emosional ýagdaýyna gös-göni täsir edýän, ony gözelliklere ugrukdyrýan täsirli guraldyr. Kiçi ýaşly çagalar daşky gurşawy has ir we duýgur kabul edýärler, şonuň üçin hem çagalar bagynda berilýän ilkinji aýdym-saz sapaklary olaryň geljekki durmuşynyň manyly bolmagynda möhüm binýat bolup hyzmat edýär.


168385199ec441.jpeg
Çepbekeýler adaty bolmadyk çemeleşmeleri tapýarlar

Donald Kostello işewürlik kollejiniň amerikan alymlary tarapyndan geçirilen täze gözleg çep eliň hünär kämillikde we baýlyga ýetmekde möhüm esas bolup biljekdigini görkezýär.

16837ee42d4fcf.jpeg
Bagbançylygyň ähmiýeti

Gözlegleriň netijesi bagbançylygyň adam beýnisine we bedenine oňyn täsir edýändigini görkezdi.


167f50c336288c.jpeg
Aýdym aýtmak – saglygyňy berkitmek

Gadymyýetden bäri adamlar öz sesiniň güýji bilen saglygyny dikeldip bilipdirler. Aristotel we Pifagor akyl taýdan bozulmalary bejermekde aýdym aýtmagy maslahat beripdirler.