Has çuň gatlaklara aralaşyp

11:35 30.03.2023

https://www.ussatnews.com/storage/posts/5242/original-164252d9f73055.jpeg

Hormatly Prezidentimiz Ministrler Kabinetiniň şu ýylyň 4-nji ýanwarynda sanly ulgam arkaly geçiren ilkinji mejlisinde nebitgaz ulgamynyň işleri baradaky hasabaty diňläp, täze özleşdiriljek nebit ýataklarynyň gorlaryny kesgitlemek boýunça alnyp barylýan çäreleriň ykdysadyýetimiziň esasy pudaklarynyň biri bolan ýangyç-energetika toplumynyň kuwwatlyklaryny artdyrmakdaky ähmiýetine aýratyn ünsi çekdi. Şundan ugur alýan «Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasynyň düzüminde hereket edýän geofiziki ekspedisiýalar, ýörite geologik maglumatlar merkezi, geologiýa-gözleg we gidrogeologik ekspedisiýalardyr beýleki bölümler döwrebap işleri ýerine ýetirýärler. Bu düzümleriň «Türkmenistanyň nebitgaz senagatyny ösdürmegiň 2030-njy ýyla çenli döwür üçin maksatnamasyna» laýyklykda geçirýän işleri iki hem-de üç ölçegli seýsmiki barlaglary, profilli we meýdan-grawimetrik, şonuň ýaly-da beýleki barlag usullaryny, şeýle hem gatlaklaryň nebitgaz berijiligine baha bermegi, uglewodorod serişdeleriniň gorlaryny artdyrmaga gönükdirilen çuň gözleg-barlagy we parametrik burawlaýşy özünde jemleýär. Döwlet derejesindäki bu möhüm işleri üstünlikli amala aşyrmakda Balkan geofizika ekspedisiýasynyň hünärmenleriniň amala aşyrýan işleri hem özüniň döwrebaplygy bilen tapawutlanýar.

— Kärhanamyzyň zähmet toparlary geçen ýylda jemi 1 müň 79 pogon-kilometrlikde 2D usuly bilen seýsmiki gözleg işlerini geçirmek baradaky meýilnamany 105 göterim berjaý etmegi başardylar. Gürrüňi edilýän hasabat ýylynda 3D usulynda geçirilmeli işlerimiziň meýilnamasyna bolsa 108 göterim amal etdik. Bu ugurda bitirilen iş bellenilen meýilnamadan 673 inedördül kilometre barabar artyk boldy. Şeýle hem 2022-nji ýylda grawiki gözleg işleri baradaky tabşyryga 102 göterim hötde gelmegi başardyk. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň arka atylan ilkinji ýylyny oňat önümçilik görkezijileri bilen jemlemegi başaran geofiziklerimiz «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly» diýlip atlandyrylan üstümizdäki ýylyň hem belent sepgitlere beslenjekdiklerine pugta ynanýarlar — diýip, «Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasynyň Balkan geofizika ekspedisiýasynyň önümçilik-tehniki bölüminiň başlygy Hojanur Işmämmedow buýsanç bilen aýdýar.

Ekspedisiýanyň hünärmenleri ýeriň alty-ýedi müň metr çuňluklaryndaky gatlaklary öwrenmek netijesinde alynýan seýsmiki maglumatlaryň esasynda öwrenilen meýdançanyň çäginde geljegi bolan nebitgazly ýataklary anyklamagy üstünlikli amala aşyrýarlar. Ol maglumatlar ekspedisiýanyň kompýuterlerinde ilkinji gezek gaýtadan işlenilenden soň çykarylan netije esasynda wagt kesgitlemesi dolulygyna taýýarlanylyp, degişli hünärmenlere tabşyrylýar. Soňra toplanan maglumatlar «Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasynyň geologik maglumatlary gaýtadan işleýji merkezine ýetirilip, ahyrky netije alynýar we jemleýji hasabatda öwrenilen meýdançanyň kartasy taýýarlanylyp, ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumynyň degişli ulgamlarynyň çuň buraw işlerini alyp barýan burawlaýjylaryna tabşyrylýar. Aslynda, bu çäreleriň her biri aňyrçäk takyklygy talap edýär. Soňky gysga wagtyň dowamynda has ygtybarly seýsmiki stansiýalara, kuwwatly ýer sarsdyryjylara we beýleki zerur bolan tehniki enjamlardyr kämil tilsimatlara eýe bolan geofizikler bitirýän işleriniň netijeli we ýokary hilli bolmagyny gazanýarlar.

— Balkan welaýatynyň dürli meýdançalarynda seýsmiki-gözleg işlerini geçirýän ekspedisiýamyzyň esasy maksady ýeriň çuň gatlaklarynyň geologik gurluşyny öwrenmek bilen nebite, gaza geljegi bolan ojaklaryň üstüni açmakdan hem-de uglewodorod çig mallarynyň haýsy çuňluklarda we gatlaklarda ýatandygyny takyklap, burawlaýjylara teklipnamalary taýýarlap bermekden ybaratdyr. Hünärmenlerimiziň ýüzlerçesi hemişe meýdan şertlerinde zähmet çekýär. Olaryň öz işlerini netijeli alyp barmaklary üçin ähli zerurlyklar döredilýär. Zähmet toparlarymyzyň irginsiz tagallalary bilen häzirki güne çenli Balkan welaýatynyň çäklerindäki gyzylreňk gatlaklar doly diýen ýaly öwrenilendir. Geofiziklerimiz has aşakda ýerleşýän miosen gatlagyny öwrenmekligi bolsa häzirki wagtda üstünlikli dowam etdirýärler — diýip, H.Işmämmedow gürrüňiniň üstüni ýetirýär.

Ekspedisiýanyň öňünde goýlan möhüm işleriň göwnejaý alnyp barylmagyny üpjün etmekde Azatbaý Satlykowyň, Çaryýar Hydyrowyň 2D usulynda, Eziz Şirjanowyň 3D usulynda işleýän seýsmiki, Kömek Toýçyýewiň grawiki, Lýudmila Şabankinanyň kompýuter-seýsmiki maglumatlary taýýarlaýan toparlarynyň, Amanmämmet Bawerisowyň topografiýa bölüminiň hünärmenleri has-da göreldeli işleri bitirýärler. Olar halal zähmet çekip, Watanymyzyň ykdysady kuwwatynyň artdyrylmagyna mynasyp goşant goşmaga döredýän giň mümkinçilikleri üçin Arkadagly Serdarymyza alkyş aýdýarlar.

Hojaberdi BAÝRAMOW,

Ussatnews.com.

Başga makalalar
16621837325e1e.jpeg
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow: «Ylym, bilim we halkara hyzmatdaşlyk ýurduň ähli pudaklarynyň ösüşine itergi bermelidir»

Nebitgaz senagaty üçin ýokary hünär derejeli işgärleri taýýarlamak esasy wezipeleriň biri bolup, geljekde Türkmenistanyň milli ykdysadyýetiniň ösüşi şol wezipäniň çözgüdine baglydyr.


166178aee0ef99.jpeg
Bagtyýarlyk döwrüniň teatr sungaty

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň medeniýet ulgamyny kämilleşdirmek Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň durmuş ugurly syýasatlarynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir.


165f9d3ed4c5c0.jpeg
Eserleri — ruhy hazyna

Magtymguly Pyragy türkmeniň ruhy sütünleriniň biridir. Akyldaryň döwredijiligi halkymyzyň durmuşynda we terbiýe mekdebinde mynasyp orun eýeleýär.

165f44c5a3a8f1.jpeg
Gaz akdyryjylaryň rowaçly gadamlary

«Türkmengaz» döwlet konserniniň «Türkmengazakdyryş» birleşiginiň «Daşoguzgazakdyryş» müdirliginiň gazçylary «Döwletabat — Derýalyk» ugry boýunça türkmen gazynyň dünýä bazaryna çykarylmagy ugrunda hem-de ýurdumyzyň demirgazyk welaýatynyň ilatynyň gymmatly «mawy ýangyç» bilen ýokary derejede üpjün edilmegi babatda nusgalyk işleri alyp barýarlar.


165dc6a2670a92.jpeg
Türkmenistanda habar beriş serişdeleriniň sanlylaşdyrylmagy täze mümkinçilikleri açýar

Ählumumy sanlylaşdyrma we internet asyry täze habar beriş serişdeleriniň döremegi üçin mümkinçilikleri açmak bilen çäklenmän, eýsem, sanly ulgamdan peýdalanýan okyjylaryň täze neslini kemala getirdi. Olar üçin maglumatlaryň esasy çeşmesi bolup metbugat sahypasy däl-de, kompýuteriň, planşetiň ýa-da smartfonyň multimedia ekrany hyzmat edýär.