Peýdaly maslahatlar

Pyrtykalyň adam saglygyna peýdasy

https://www.ussatnews.com/storage/posts/5260/original-164285cc49d51e.jpeg

Sitrus miwelerine degişli bolan pyrtykal dünýäde giňden ýaýran miwedir. Onuň düzüminde B1 witamini, A prowitamini, foliý turşusy, magniý, kaliý, marganes, fosfor, demir, kümüş, sink we beýleki peýdaly maddalar bar.

Lukmanlaryň bellemegine görä, pyrtykal bedendäki artykmaç agram bilen göreşmekde peýdalydyr. Onuň düzümindäki inozit (B8 witamini) ýaglaryň alyş-çalşygyny sazlaýar, ganyň düzüminde holesteriniň derejesini peseldýär, içege ýollaryny arassalaýar we işjeňligini kadalaşdyrýar. Pyrtykal bagyr, ýürek we ýürekdamar kesellerinden ejir çekýän adamlara maslahat berilýär. Şeýle-de, pyrtykal şiresi singa keseliniň öňüni almakda ulanylýar. Bu kesel bedende C witaminiň ýetmezçiligi netijesinde ýüze çykýar.

Pyrtykal miwesi askorbin turşusynyň, dürli minerallaryň, antioksidantlaryň, flawonoidleriň, fitoelementleriň çeşmesi bolup durýar. Şoňa görä-de, miwe saglygyňy goramakda we dikeltmekde netijeli hasaplanýar. Artritiň öňüni almak üçin pyrtykal netijeli serişdedir. Pyrtykal şiresiniň deň mukdarda ösümlik ýagy bilen garylan şiresi süňk agyrylarynda ýapgy edilýär, deriniň garalan, gatan ýerlerine çalynýar.

Pyrtykalyň galyň gabygynda witaminler uzak wagtlap saklanýar. Onda köp mukdarda C witamini bar. Pyrtykal gabygy deridäki gara tegmilleri bejermekde we deriniň gözeneklerini iýmitlendirmekde ähmiýetlidir. Ýeri gelende bellesek, pyrtykal agajy 100 ýyldan gowrak wagtlap miwe bermäge ukyplydyr. Bu bolsa pyrtykalyň ynsan üçin hemmetaraplaýyn ähmiýetli bolup durýandygyny görkezýär.

Taýýarlan Mähri SEÝITGULYÝEWA,

Türkmenistanyň döwlet çeperçilik akademiýasynyň mugallymy.

Başga peýdaly maslahatlar
16a6b1a1f1ce92.jpeg
Emosiýanyň adam saglygyna täsiri

Emosiýa — bu adamyň içki duýgularynyň, pikirleriniň we daşky ýagdaýlara bolan reaksiýasynyň ýüze çykmasydyr. Adam gündelik durmuşynda dürli görnüşli emosiýalary başdan geçirýär: şatlyk, gynanç, gahar, gorky, alada, buýsanç, söýgi we beýlekiler.


16a4a98f37215f.jpeg
Aýdym-saz täsin güýçdür

Çaganyň şahsyýet bolup kemala gelmeginde, dünýägaraýşynyň baýlaşmagynda we içki dünýäsiniň sazlaşykly ösmeginde aýdym-saz terbiýesiniň orny örän uludyr. Saz çaganyň kalbyna, aň-düşünjesine we emosional ýagdaýyna gös-göni täsir edýän, ony gözelliklere ugrukdyrýan täsirli guraldyr. Kiçi ýaşly çagalar daşky gurşawy has ir we duýgur kabul edýärler, şonuň üçin hem çagalar bagynda berilýän ilkinji aýdym-saz sapaklary olaryň geljekki durmuşynyň manyly bolmagynda möhüm binýat bolup hyzmat edýär.


168385199ec441.jpeg
Çepbekeýler adaty bolmadyk çemeleşmeleri tapýarlar

Donald Kostello işewürlik kollejiniň amerikan alymlary tarapyndan geçirilen täze gözleg çep eliň hünär kämillikde we baýlyga ýetmekde möhüm esas bolup biljekdigini görkezýär.

16837ee42d4fcf.jpeg
Bagbançylygyň ähmiýeti

Gözlegleriň netijesi bagbançylygyň adam beýnisine we bedenine oňyn täsir edýändigini görkezdi.


167f50c336288c.jpeg
Aýdym aýtmak – saglygyňy berkitmek

Gadymyýetden bäri adamlar öz sesiniň güýji bilen saglygyny dikeldip bilipdirler. Aristotel we Pifagor akyl taýdan bozulmalary bejermekde aýdym aýtmagy maslahat beripdirler.