Peýdaly maslahatlar

Gök otlaryň peýdasy barada

https://www.ussatnews.com/storage/posts/5337/original-1643e78510d7a1.jpeg

Gök otlar ýylyň islendik paslynda naharyň ýany bilen işdäaçar we iýmit siňdiriji hökmünde ulanylýar. Ýazda gök önümleri iýmek saglyga örän peýdalydyr. Işdäňi açýan we süňňüňi gurplandyrýan gök otlaryň düzüminde ynsan saglygy üçin zerur maddalar bar. Şeýle-de, olarda allergik täsiriň ýoklugy sebäpli, çagalar üçin peýdalydyr. Olaryň az mukdary çaganyň süňňüni mikroelementleriň gündelik zerur mukdary bilen üpjün edýär.

Naharyň ýany bilen iýilýän gök otlardan reýhan, şibit (ukrop), ýaş sogan we arpabadyýan (petruşka) has bellidir. Olaryň düzüminde witaminler, peýdaly ýaglar, mikroelementler köp mukdarda saklanýar. Lukmanlar gök otlary her iýmit kabul edilende ulanmagy maslahat berip, olaryň peýdaly aýratynlyklary barada belleýärler.

Reýhan naharlaryň tagamyny artdyrýan hoşboý ysly, ter gök otdyr. Onuň bejerijilik we deriniň ýagdaýyny gowulandyryjy aýratynlyklary bar. Ol B1 we B2 görnüşli witaminleriň, rutiniň, efir ýagynyň, saponinleriň çeşmesi hasaplanýar. Reýhan gan aýlanyşygyny we damarlaryň işjeňligini kadalaşdyrýar. Otda köp mukdarda saklanýan efir ýagy, kamfora dişagyryny köşeşdirýär, merkezi nerw ulgamyny rahatlandyrýar.

Şibit (ukrop) dürli peýdaly elementlere baýdyr. Onuň düzüminde A, B, C, E, K, P witaminleri we mikroelementler bar. Bu ot içegeleriň sazlaşykly işlemeginde, kadaly uklamaga, ganyň köpelmegine, kellagyryda ýardam edýär. Onuň tohumynyň gaýnatmasy buşukdyryjy, gakylyk goparyjy täsire eýe bolup, öt-daşly, peşew çykaryjy ýollaryň kesellerinde, sowuklamada, dümewde, bronhitde, pnewmoniýada peýdalydyr.

Arpabadyýanyň (petruşka) düzüminde A, PP, K, B1, B2 witaminleri köp mukdarda saklanýar. Bu otuň 50 gramy adam süňňüni karotiniň we C witamininiň bir gije-gündizki mukdary bilen üpjün edýär. Ol iýmit siňdiriş ulgamynyň kesellerinde, demgysmada, nerw kesellerinde peýdaly hasaplanýar.

Ýaş soganyň düzüminde A, C, B1, B2, B6, E, PP witaminleri saklanýar. Düzümindäki foliý turşusy işdäni açýar we iç gatamada ýardam edýär. Şeýle-de, bu ot buşukdyryjy häsiýete-de eýe bolup, bedeniň immunitetini güýçlendirýär, ganyň lagtalanmagynyň öňüni alýar we damarlaryň diwarjyklaryny berkidýär.

Taýýarlan Gurbanmyrat ÝARANMYRADOW,

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň talyby.

Başga peýdaly maslahatlar
16a6b1a1f1ce92.jpeg
Emosiýanyň adam saglygyna täsiri

Emosiýa — bu adamyň içki duýgularynyň, pikirleriniň we daşky ýagdaýlara bolan reaksiýasynyň ýüze çykmasydyr. Adam gündelik durmuşynda dürli görnüşli emosiýalary başdan geçirýär: şatlyk, gynanç, gahar, gorky, alada, buýsanç, söýgi we beýlekiler.


16a4a98f37215f.jpeg
Aýdym-saz täsin güýçdür

Çaganyň şahsyýet bolup kemala gelmeginde, dünýägaraýşynyň baýlaşmagynda we içki dünýäsiniň sazlaşykly ösmeginde aýdym-saz terbiýesiniň orny örän uludyr. Saz çaganyň kalbyna, aň-düşünjesine we emosional ýagdaýyna gös-göni täsir edýän, ony gözelliklere ugrukdyrýan täsirli guraldyr. Kiçi ýaşly çagalar daşky gurşawy has ir we duýgur kabul edýärler, şonuň üçin hem çagalar bagynda berilýän ilkinji aýdym-saz sapaklary olaryň geljekki durmuşynyň manyly bolmagynda möhüm binýat bolup hyzmat edýär.


168385199ec441.jpeg
Çepbekeýler adaty bolmadyk çemeleşmeleri tapýarlar

Donald Kostello işewürlik kollejiniň amerikan alymlary tarapyndan geçirilen täze gözleg çep eliň hünär kämillikde we baýlyga ýetmekde möhüm esas bolup biljekdigini görkezýär.

16837ee42d4fcf.jpeg
Bagbançylygyň ähmiýeti

Gözlegleriň netijesi bagbançylygyň adam beýnisine we bedenine oňyn täsir edýändigini görkezdi.


167f50c336288c.jpeg
Aýdym aýtmak – saglygyňy berkitmek

Gadymyýetden bäri adamlar öz sesiniň güýji bilen saglygyny dikeldip bilipdirler. Aristotel we Pifagor akyl taýdan bozulmalary bejermekde aýdym aýtmagy maslahat beripdirler.