Ylmy-barlag we taslama işleri Türkmenistanyň nebitgaz pudagyny ösdürmäge ýardam edýär

10:13 23.05.2023

https://www.ussatnews.com/storage/posts/5473/original-1646c4b73d413e.jpeg

«Türkmengaz» döwlet konserniniň Ylmy-barlag tebigy gaz instituty ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumyny ösdürmek üçin onuň öňünde duran köp sanly toplumlaýyn meseleleri üstünlikli çözmäge ýardam etmek bilen, geologiýa gözleg, ýataklary işläp geçmeklige taýýarlamak we ulanyşa goýbermek, burawlamak, gaz pudagynyň ähli desgalarynda gurmak-gurnamak we durkuny täzelemek, şol sanda gazy gaýtadan işlemek we taýýar önümi sarp edijilere ugratmak boýunça ylmy-barlag we taslama işlerini ýerine ýetirýär.

YBTGI-niň alyp barýan işleri barada institutyň direktory Baýrammyrat Kakabaýewiç PIRNIÝAZOW bilen söhbetdeş bolduk.

— Baýrammyrat Kakabaýewiç, YBTGI-niň işi nämeden başlandy we häzir institut haýsy ugurlarda iş alyp barýar?

— Biziň institutymyz ilkinji gaz ýataklarynyň açylmagy, ýagny tutuş gaz pudagynyň ösmegi bilen birwagtda kemala geldi. Ýurdumyzyň gaz pudagynda köp ýyllaryň dowamynda işlemek bilen, institut gaz we gazkondensatly ýataklary netijeli işläp taýýarlamak boýunça baý tejribä eýe boldy, olary özleşdirmek bilen bagly bolan möhüm wezipeleri çözmäge ylmy, tehnologik we usuly taýdan çemeleşmeleri kesgitledi.

Häzirki wagtda pudagyň instituty ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda iş alyp barýar. Gündogar Türkmenistanyň gaz we gazkondensatly ýataklary Ylmy-barlag tebigy gaz institutynyň alymlarynyň we hünärmenleriniň ylmy taýdan esaslandyrylan taslamalary boýunça hem-de olaryň gös-göni gatnaşmagynda işlenip taýýarlanylýar.

Türkmenistanyň nebitgaz senagatyny ösdürmegiň 2030-njy ýyla çenli döwür üçin Maksatnamasynda goýlan maksatlara ýetmek hem-de tebigy gazyň çykarylýan mukdaryny artdyrmak üçin institutymyzyň alymlary we hünärmenleri geologiýa gorlaryny gözlemek, tapmak, kesgitlemek, olary artdyrmak, gaz we gazkondensatly ýataklary işläp taýýarlamagyň taslamasyny düzmek boýunça wezipeleri üstünlikli çözýärler.

— Institutda geljegi uly bolan nähili ylmy-barlag işleri geçirilýär?

— Nebitgaz toplumynyň edara-kärhanalary bilen bilelikde institut ýurdumyzyň tebigy serişdeleriniň ägirt uly kuwwatyny artdyrmak üçin alnyp barylýan wezipeleri amala aşyrmaga gönükdirilen işleri yzygiderli durmuşa geçirýär. Bu işler sebitlerde täze açylan gaz we gazkondensatly ýataklary işläp taýýarlamagyň ykdysady taýdan esaslandyrylmagyny, hereket edýän ýataklaryň netijeli ulanylmagynyň üpjün edilmegini, işläp geçmegiň dürli tapgyrynda bolan kiçi, iri we ägirt uly ýataklary, şol sanda «Galkynyş» gaz känini netijeli işläp taýýarlamak üçin tehnologiýalaryň döredilmegini öz içine alýar.

Şeýle hem institutyň hünärmenleri ýokary basyşlarda gaz ugratmagyň döwrebap tehnologiýalaryny, gaz çykaryş hem-de gaz üpjünçilik ulgamlarynyň desgalarynyň ygtybarlylygyny we netijeliligini ýokary derejede saklamak üçin täze anyklaýyş ulgamlaryny, tehniki serişdelerini döretmek bilen meşgullanýarlar.

Geologiýa gözleg işleri boýunça institutymyzyň alyp barýan işiniň esasy ugurlary nebitgazly sebitler, zolaklar boýunça geologiýa-geofizika maglumatlaryny toplamak; olaryň öwrenilmegine baha bermek; nebitgazly meýdanlaryň geologiýa gurluşyny, mümkinçiliklerini kesgitlemek; sebitlerde geçirilýän gözleg işleriniň ugurlary boýunça teklipler bermek, nebitgazly etraplaryň geologiýa-ykdysady mümkinçiligine baha bermek, lisenzirlemegiň meýilnamalaryny esaslandyrmak işleri bolup durýar.

Bulardan başga-da, institutyň hünärmenleri tarapyndan geofiziki maglumatlary interpretirleýän «Shlumberger» firmasynyň GeoFrame köpfunksional ulgamy ornaşdyrylan. Köpfunksional ulgamy institutymyzda birnäçe ýyllaryň içinde üstünlikli ulanylyp gelinýär, ol şeýle-de ýokary hilli we tehnologik taýdan işläp düzmekde, interpretirlemekde, gidrodinamiki hem-de beýleki maglumatlar boýunça ýatagyň modelini ýüze çykarmakda, gorlary hasaplamakda, nebit, gaz ýataklarynyň ulanyş taslamalaryny ýerine ýetirmekde giňden ulanylýar.

Institutyň hünärmenleri köpugurly moduly ulanmak bilen, barlag işleri geçirilýän meýdanlaryň, zolaklaryň sanly geologiýa-geofizika model nusgalaryny döretmek, nebitgazly meýdanlaryň geologiýa gurluşyny kesgitlemek, uglewodorod ýataklaryny barlamak boýunça maglumatlary operatiw seljermek, gözleg-barlag buraw işleriniň geologiýa taslamalaryny işläp düzmek, uglewodorod ýataklarynyň geologiýa gözleg häsiýetnamalaryny kesgitlemek, üç ölçegli sanly geologiýa nusgalaryny döretmek, gorlary hasaplamak, gazly ýataklary işläp taýýarlamagyň geologiýa gözleg işlerini utgaşdyrmak bilen meşgullanýarlar.

Institutyň alymlary kern hem-de beýleki geologiýa-geofizika barlaglarynyň esasynda gazly, gazkondensatly ýataklaryň geologiýa-önümçilik (gidrodinamiki) modelleriniň nusgalaryny döredýärler. Ol işleri ýerine ýetirmek üçin lisenziýaly programmalar, şeýle hem Ylmy-barlag tebigy gaz institutynda döredilen awtorçylyk programmalary ulanylýar.

— Baýrammyrat Kakabaýewiç, institutyň gazananlary, ýurdumyzyň nebitgaz toplumynyň ösüşine goşandy barada gürrüň beräýseňiz!

— Institutyň alymlarynyň, hünärmenleriniň teklipleri esasynda we gös-göni gatnaşmaklarynda nebitgazly ýataklaryň 30-dan gowragy, şol sanda iri hem-de ägirt hasaplanylýan Döwletabat, Malaý, Ýaşlar, «Galkynyş» gaz känleri açyldy. Ýataklary işläp taýýarlamak babatda hem uly ähmiýetli ylmy-barlag işleri alnyp barylýar. Biziň hünärmenlerimiz gaz, gazkondensatly ýataklary tejribe-senagat taýdan ulanmagyň, işläp taýýarlamagyň taslamalaryny düzýärler, olara düzedişleri girizmek işlerini alyp barýarlar.

Ýataklaryň ulanylyşyny seljermegiň esasynda gaz ýataklaryny işläp taýýarlamagyň tehnologiýalaryny üýtgetmek, gatlaklaryň gaz, kondensat berijilik koeffisiýentlerini artdyrmak, çylşyrymly şertlerde işleýän ýataklarda: suwuň artmagy, çägäniň gelmegi, tebigy gazda turşy komponentleriň (kükürtli wodorod we kömürturşy gaz) köp bolmagy ýaly şertlerde guýulary ulanmagyň amatly tehnologik düzgünlerini ýola goýmak boýunça önümçilik kärhanalaryna teklipler berilýär. Häzirki wagtda alnan ylmy-tehniki barlaglaryň netijeleri ulanyş guýularynyň onlarçasynda önümçilige ornaşdyryldy, her bir guýy boýunça gaz çykymynyň goşmaça ösüşi alyndy.

Täze işlenip taýýarlanylýan ýataklar üçin institutyň barlaghanasynyň hünärmenleri tarapyndan guýulary ýerleşdirmegiň oýlanyşykly tory, olary burawlamagyň tertibi, perforasiýa interwallary seçilip alynýar. Gazly, gazkondensatly guýularyň önüm berijiligini artdyrmak, örän pes we örän ýokary gatlak basyşy şertlerinde olary özleşdirmegiň usullaryny kesgitlemek boýunça uly işler geçirilýär. Hasaplama geçirmek arkaly gaz gysyjy desgalary ulanmaga bermegiň möhletleri, olaryň kuwwaty kesgitlenilýär.

— Birleşen Arap Emirlikleriniň paýtagty Dubaýda geçirilen Türkmenistanyň nebitgaz pudagyna daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek boýunça halkara forumda çykyş etmek bilen, siz derwaýys meseleleriň birini — ekologiýa howpsuzlygy baradaky meseläni gozgadyňyz. Siziň ýolbaşçylyk edýän institutyňyzyň degişli bölümleri tarapyndan bu ugurda nähili işler geçirilýär?

— Institut tarapyndan senagat hem-de ekologiýa howpsuzlygy boýunça ylmy-barlag, taslama işlerine aýratyn ähmiýet berilýär. Önümçilik kärhanalarynyň daşky gurşawa täsirini ekologiýa taýdan kadalaşdyrmak, önümçilige ekologiýa pasportlaryny ornaşdyrmak, tebigatdan peýdalanmagyň limitlerini esaslandyrmak babatda taslamalar amala aşyrylýar, taslama inženerçilik-ekologiýa barlaglary geçirilýär. Maýa goýum taslamalarynyň, şeýle hem kärhanalary gurmak, bar bolan önümçilikleriň durkuny täzelemek boýunça taslamalaryň daşky gurşawa ýetirýän täsirine baha berilýär, daşky gurşawy goramak boýunça çäreler işlenip düzülýär, önümçilik ekologiýa monitoringi we gözegçiligi, tebigaty goramak boýunça çäreleriň ýerine ýetirilmegine awtor gözegçiligi amala aşyrylýar.

— Baýrammyrat Kakabaýewiç, «Türkmengaz» döwlet konserniniň Ylmy-barlag tebigy gaz institutynyň hünärmenleri «Galkynyş» gaz käninden çykarylýan tebigy gazyň uly möçberleri ugratmak üçin taýýarlanylanda alynýan kükürdi gaýtadan işlemegiň möhüm meselelerini çözmegiň ugurlaryny öwrendiler. Şu barada hem gürrüň beräýseňiz!

— Hawa, bu hut şeýle. Türkmenistanyň gaz gorlary boýunça ägirt uly «Galkynyş» gaz käniniň, örän iri Ýaşlar, Garaköl, Garajaowlak ýataklar toparynyň açylmagy netijesinde geljekde tebigy gazyň çykarylyşynyň ýokary kükürtli gaz bilen bagly boljakdygyny bellemek gerek. Şunuň bilen baglylykda, kükürdi gaýtadan işlemek wezipesi uly ähmiýete eýe bolýar, ol tehnologiýalar nukdaýnazaryndan hem, ekologiýa jähtden hem gaýragoýulmasyz çözgüdiň kabul edilmegini talap edýär. Turşy gazlary ýerasty gatlaklara akdyrmak bu meseläni çözmegiň amatly ugurlarynyň biridir. Ylmy-barlag tebigy gaz institutymyzda bu meseläni çözmekligiň birnäçe görnüşlerine garaldy, olaryň hatarynda suwly gatlaklary peýdalanmak, kükürtliwodorody ýa-da suwuk kükürdi önümli gatlagyň daşky zolagyna, şeýle hem gaz çykarylmagy tamamlanan goňşy ýataklara ýerlemek bar.

Kükürtliwodorody ýerasty gatlaklara ýerlemek, esasan, sebitde giňden ýaýran aşaky paleogen çökündileriniň buhara gatlagynyň ýokary öýjükli köwekli karbonat-sulfat çökündilerini ýa-da käne ýakyn ýerleşen ýataklaryň, ýagny demriň okislerinden ybarat bolan çägedaşly önümli gatlagy ulanmak bolup durýar.

Şeýle hem institutda döwrebap köpugurly enjamlar arkaly toplumlaýyn anyklaýyş işleri geçirilýär, bu ýüze çykarylan kemçilikleriň tebigatyny kesgitlemäge hem-de nebitgaz enjamlaryny howpsuz ulanmak maksady bilen, olaryň ösüşine gözegçilik etmäge mümkinçilik berýär.

— Baýrammyrat Kakabaýewiç, gaz çykarmagyň durnuklylygyny üpjün etmek üçin institutda geçirilýän işler barada aýdaýsaňyz!

— Mälim bolşy ýaly, tebigy gazyň sarp edilişi ýylyň pasyllaryna görä üýtgeýär, ol gyşyna has-da ýokarlanýar. Türkmenistanyň tutuş Merkezi Aziýa sebitinde energetika howpsuzlygynyň kepili bolup durýanlygy sebäpli içerki sarp edijilere, şeýle hem daşarky energetika bazaryna gazyň durnukly iberilmegini üpjün etmek üçin gaz saklanýan ýerasty desgalara bolan zerurlyk aýdyň duýulýar. Häzirki wagtda möhüm bolan bu wezipäni çözmek üçin institutda tebigy gaz saklanýan ýerasty desgalaryň kuwwatyny kesgitlemek, amatly geologiýa gatlaklary gözlemek we barlamak bilen bagly bolan meseleleri öwrenmek boýunça işlere girişildi.

— Baýrammyrat Kakabaýewiç, beren gürrüňleriňiz üçin köp sag boluň. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň ýurdumyzyň nebitgaz toplumyny ösdürmek boýunça öňde goýan wezipelerini amala aşyrmakda uly üstünlikleri arzuw edýäris.

Ussa USSAÝEW,

«Nebit-gaz» gazetiniň baş redaktory.

Başga makalalar
165f9d3ed4c5c0.jpeg
Eserleri — ruhy hazyna

Magtymguly Pyragy türkmeniň ruhy sütünleriniň biridir. Akyldaryň döwredijiligi halkymyzyň durmuşynda we terbiýe mekdebinde mynasyp orun eýeleýär.


165f44c5a3a8f1.jpeg
Gaz akdyryjylaryň rowaçly gadamlary

«Türkmengaz» döwlet konserniniň «Türkmengazakdyryş» birleşiginiň «Daşoguzgazakdyryş» müdirliginiň gazçylary «Döwletabat — Derýalyk» ugry boýunça türkmen gazynyň dünýä bazaryna çykarylmagy ugrunda hem-de ýurdumyzyň demirgazyk welaýatynyň ilatynyň gymmatly «mawy ýangyç» bilen ýokary derejede üpjün edilmegi babatda nusgalyk işleri alyp barýarlar.


165dc6a2670a92.jpeg
Türkmenistanda habar beriş serişdeleriniň sanlylaşdyrylmagy täze mümkinçilikleri açýar

Ählumumy sanlylaşdyrma we internet asyry täze habar beriş serişdeleriniň döremegi üçin mümkinçilikleri açmak bilen çäklenmän, eýsem, sanly ulgamdan peýdalanýan okyjylaryň täze neslini kemala getirdi. Olar üçin maglumatlaryň esasy çeşmesi bolup metbugat sahypasy däl-de, kompýuteriň, planşetiň ýa-da smartfonyň multimedia ekrany hyzmat edýär.

165c31806f1f62.jpeg
Magtymguly Pyragynyň kanoniki portretiniň döreýşi

Döwlet şekillendiriş sungaty muzeýiniň zallarynyň birini Türkmenistanyň halk suratkeşi Aýhan Hajyýewiň döreden beýik şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň kanoniki portreti bezeýär. Bu portret Magtymgulynyň keşbiniň hut şeýle bolandygyna ynamymyzy berkitdi. Ýogsa, eseriň döredilen wagty suratkeş bary-ýogy 23 ýaşynda eken, ol şonda-da fotosuraty bolmadyk şahyryň keşbini şekillendirmäge ýaýdanmandyr. A.Hajyýewiň ýerine ýetirmeginde Magtymgulynyň asyl keşbiniň emele gelşine düşünmek üçin bu eseriň döreýşiniň taryhyny ýatlamagy makul bildik.


165953ddc0ebdf.jpeg
Sergeý Lazarew joşgunly türkmen tomaşaçysynyň öňünde dyza çökdi (Arhiwdan 2014 ýyl)

Rus estradasynyň ýyldyzy Sergeý Lazarewiň Sportuň gyşky görnüşleri boýunça sport toplumynda guralan çykyşy diýseň uly şowhun döredip, tomaşaçylaryň müňlerçesinde gyzyklanma döretdi.