Makalalar

Gazçylaryň şäheri özgerýär

https://www.ussatnews.com/storage/posts/5533/original-1647d90efda13a.jpeg

«Marygazçykaryş» müdirliginiň Ýaşaýyş jaý-jemagat kontorasynyň işgärleri Mary welaýatynyň Şatlyk şäheriniň ilatynyň gündelik oňaýly ýaşaýyş-durmuş şertleri bilen üpjün edilmegi üçin maksatnamalaýyn işleri alyp barýarlar. Şäheriň ilatyny arassa agyz suwy bilen üpjün etmek, gyş paslynda ýaşaýyş jaýlarynyň ýyladyş ulgamynyň kadaly işlemegini gazanmak, durmuş hajatlaryndan çykýan lagym suwlaryny suw arassalaýjy desgasyna akdyrmak we ony biologik usulda arassalamak, şäheriň abadançylygyny üpjün etmek kärhananyň zähmet adamlarynyň berjaý edýän işleriniň esasy bölegini düzýär.

Gazçylar şäheriniň ilatyna agyz suwy ýylyň bütin dowamynda merkezleşdirilen usulda berilýär. Bu ýerde ilatyň sany barha artýar. Şoňa görä, suw üpjünçiliginde bökdençligiň bolmazlygy üçin edaranyň işgärleri tarapyndan bellenilen meýilnama laýyklykda, iş çäreleri geçirilýär. Suw geçirijileriň degişli ýerlerinde, elektrik hereketlendirijilerinde, sorujylarda, baglaýjylarda bejeriş-abatlaýyş işleri ýerine ýetirilýär.

Häzirki wagtda suw geçirijiniň sekiz ýüz on metrinde diametri iki ýüz ýigrimi bäş millimetr, ýene üç ýüz metrinde bolsa diametri bir ýüz altmyş sekiz millimetr bolan geçirijileri çekmek işleri alnyp barylýar. Suw geçirijiniň bir müň metrinde bolsa kiçi diametrli geçirijä derek, diametri bir ýüz altmyş sekiz millimetr bolan geçirijini gurnamak meýilleşdirilýär.

— Kärhanamyzda häzir bir wagtyň özünde lagym suwlaryny geçirijileriň degişli ýerlerinde-de düýpli abatlaýyş işleri ýerine ýetirilýär. Ozalky kiçi diametrli geçirijilere derek diametri üç ýüz on bäş millimetr bolan polietilen turbalar gurnalýar. Şu düýpli abatlaýyş işleri bir müň sekiz ýüz ýigrimi metr uzynlykda ýerine ýetiriler. Elbetde, bu geljekde-de lagym suwlarynyň bökdençsiz akdyrylmagyna ýardam berer — diýip, ýaşaýyş-jaý jemagat kontorasynyň başlygy Emir Gowkyýew gürrüň berýär.

Şäheriň durmuş hajatlaryndan çykýan lagym suwlaryny geçirijiler arkaly lagym suw arassalaýjy desgasyna akdyrmak bökdençsiz alnyp barylýar. Desga gije-gündizde lagym suwlarynyň iki ýarym-üç müň kub metrini kabul edýär. Şu ýerde lagym suwlary daşky gurşawy goramagyň kadalaryna laýyklykda, biologik usulda arassalanylýar. Suwuň arassalanyş derejesi şu ýerdäki gerekli enjamlar bilen enjamlaşdyrylan barlaghanada pugta gözden geçirilýär.

Lagym suw sorujy desganyň ussasy Bäşim Bäşimow, desganyň maşinistleri Sähetmyrat Orazdurdyýew, Kakabaý Gurbangeldiýew, slesar bejerijiler Ata Ataýew, Gurbangeldi Pirjanow dagy işleriň hemişe sazlaşykly guralmagyna özleriniň zähmet goşantlaryny goşýarlar.

Sapardurdy ÝAÝLYÝEW,

Ussatnews.com.

Başga makalalar
16a5d055ec06de.jpeg
Mary welaýatyndaky känden senagat ähmiýetli gaz akymy alyndy

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýen şygar astynda geçýän ýylynda türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz tarapyndan başy başlanan, häzirki döwürde bolsa hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýän döwlet syýasatynyň netijesinde, Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanyň ähli ugurlarynda, şol sanda ýangyç-energetika toplumynda taryhy özgertmeler amala aşyrylýar.


16a5535c50cbeb.jpeg
Türkmenistanyň nebitgaz toplumy Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllygyny zähmet ýeňişleri bilen garşy alýar

Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllygyna hem-de «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýen şygar astynda geçýän ýylyň hormatyna Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilen dabaraly mejlis medeniýet we sungat işgärlerini, jemgyýetçiligiň wekillerini bir ýere jemläp, ýurdumyzda täze ruhubelentlik we döredijilik badalgalaryny döretdi.


16a3cdaa5c3281.jpeg
Türkmenistanyň energetika kuwwaty täze derejä çykýar

Türkmenistanyň ýangyç-energetika toplumy milli ykdysadyýetiň düzüminde möhüm orny eýeläp, ykdysady ösüşi üpjün etmek bilen çäklenmän, eýsem, döwletimiziň halkara giňişliginde eýeleýän ornuny pugtalandyrmagyň möhüm guraly bolup durýar. Häzirki döwürde pudagyň ösüşi uzak möhletli durnuklylygy, tehnologik döwrebaplygy we daşary ykdysady gatnaşyklaryň giňeldilmegini ugur edinýän yzygiderli we strategik häsiýete eýe bolýar.

16a390c290facd.jpeg
Türkmenistan we Malaýziýa nebitgaz pudagynda strategik hyzmatdaşlygy berkidýärler

19-njy iýunda paýtagtymyzdaky Söwda-senagat edarasynda geçirilen «Türkmenistan — Malaýziýa: nebitgaz pudagynda özara bähbitli hyzmatdaşlyga 30 ýyl» atly halkara ylmy-amaly maslahat hem-de energetika pudagynda iki ýurduň netijeli gatnaşyklarynyň otuz ýyllygyna bagyşlanan sergi türkmen-malaý gatnaşyklarynyň ýokary derejesini hem-de nebitgaz pudagynda hyzmatdaşlygyň strategik häsiýetini dabaralandyrdy.


16a26f5f6da69f.jpeg
Owganystanda TOPH gaz geçirijisiniň strategik böleginiň gurluşygy dowam edýär

«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýen şygar astynda geçýän ýylda häzirki döwrüň iri halkara energetika taslamalarynyň biri — Türkmenistan — Owganystan — Pakistan —Hindistan (TOPH) gaz geçirijiniň gurluşygy dowam edýär.