Habarlar

Türkmenistanyň Prezidenti Hytaý Halk Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisini kabul etdi

https://www.ussatnews.com/storage/posts/556/original-15fff07d678fb4.png

12-nji ýanwarda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Hytaý Halk Respublikasynyň Türkmenistanda täze bellenilen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Sýan Naýçeni kabul etdi, diýip Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi habar berýär.

Ilçi döwlet Baştutanymyza wagt tapyp kabul edendigi üçin hoşallyk bildirip, ynanç hatyny gowşurdy hem-de pursatdan peýdalanyp HHR-nyň Başlygy Si Szinpiniň mähirli salamyny hem-de Türkmenistanyň başlangyjy bilen BMG-niň Baş Assambleýasynyň ýörite Kararnamasy esasynda Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly diýlip yglan edilen Täze, 2021-nji ýylda iň gowy arzuwlaryny ýetirdi.

Milli Liderimiz mähirli sözler üçin minnetdarlyk bildirip, dostlukly ýurduň ýolbaşçylaryna hem-de halkyna bagtyýarlyk we abadançylyk barada arzuwlaryny beýan etdi hem-de Türkmenistanyň Aziýa-Ýuwaş umman sebitiniň döwletleri, hususan-da, sebit möçberindäki möhüm taslamalary amala aşyrmakda strategik hyzmatdaş bolan Hytaý bilen däbe öwrülen dostlukly, özara hormatly gatnaşyklary pugtalandyrmaga aýratyn gyzyklanma bildirýändigini belledi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ilçini jogapkärli wezipä bellenilmegi bilen gutlap, oňa ikitaraplaýyn hem-de köptaraplaýyn esasda, şol sanda iri halkara guramalarynyň we sebit düzümleriniň çäklerinde üstünlikli ösdürilýän köpýyllyk netijeli türkmen-hytaý gatnaşyklaryny giňeltmäge gönükdirilen asylly işinde uly üstünlikleri arzuw etdi.

Duşuşygyň dowamynda Türkmenistanyň we Hytaýyň dünýäniň gün tertibindäki möhüm meselelere umumy çemeleşmeleriniň we garaýyşlarynyň, halkara başlangyçlarynda biri-birine berýän goldawlarynyň geçen ýyllaryň içinde ähli ugurlar boýunça ýola goýlan netijeli gatnaşyklary has-da giňeltmek üçin binýat bolup hyzmat edýändigi bellenildi.

Häzirki wagtda şeýle üstünlikli hyzmatdaşlyk umumy pikire görä, halkara işlerini oňyn ilerletmegiň, parahatçylygy, howpsuzlygy we durnuklylygy saklamagyň hem-de pugtalandyrmagyň, sebitde we dünýäde abadançylygy üpjün etmegiň möhüm şerti bolup durýar.

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň hem-de HHR-nyň Başlygy Si Szinpiniň arasyndaky ynamly gatnaşyklar türkmen-hytaý gatnaşyklaryny hil taýdan täze derejä çykarmaga ýardam etdi. 2013-nji we 2014-nji ýyllarda amala aşyrylan özara döwlet saparlarynyň çäklerinde geçirilen ýokary derjedäki gepleşikleriň jemleri boýunça gol çekilen resminamalaryň toplumy uzak möhletli, strategik häsiýete eýe bolan hyzmatdaşlyga kuwwatly itergi berdi.

Duşuşygyň çäklerinde iki ýurduň özara gyzyklanmasyny we özara üsti ýetirilýän, uly kuwwata eýe bolan milli ykdysadyýetleri nazara almak bilen, söwda-ykdysady gatnaşyklaryna aýratyn üns berildi. Mälim bolşy ýaly, Hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-hytaý komiteti şol gatnaşyklaryň netijeli amala aşyrylmagyny ugur edinýär.

Ägirt uly taslamanyň üstünlikli durmuşa geçirilmegi - Türkmenistandan Hytaýa “mawy ýangyjy” akdyrýan halkara gaz geçirijisiniň gurulmagy özara bähbitli hyzmatdaşlygyň hem-de tagallalary netijeli utgaşdyrmagyň aýdyň mysallarynyň hatarynda görkezildi.

Türkmenistanyň gündogar sebitinde ýerleşen iri Malaý gaz ýatagyndan Türkmenistan-Özbegistan-Gazagystan-Hytaý halkara gaz geçirijisine gymmatly energetika çig malynyň milliardlarça kub metri baryp gowuşýar.

Ýakynda bu ýerde ýyllyk kuwwaty 30 milliard kub metr bolan Malaý gaz gysyjy desgasy dabaraly ýagdaýda işe giriziler. Ol çep kenardan iki sany kommunikasiýa ulgamy boýunça “Bagtyýarlyk” şertnamalaýyn çäge akdyryljak türkmen tebigy gazynyň eksportyny iki esse artdyrmaga mümkinçilik berer.

Hytaý Halk Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Sýan Naýçen özara gyzyklanma döredýän meseleler boýunça pikir alşylandygy üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowy iki ýurduň hem-de olaryň dostlukly halklarynyň arasyndaky hoşniýetli gatnaşyklary has-da berkitmek üçin ähli tagallalary etjekdigine ynandyrdy.

Başga habarlar
16808b28c1a550.jpeg
Türkmenistanyň TEIF 2025 halkara maýa goýum forumy öz işine başlady

2025-nji ýylyň 23-nji aprelinde günüň ikinji ýarymynda Malaýziýanyň paýtagtynda Kuala-Lumpur maslahat merkezinde (KLCC) Türkmenistanyň ykdysadyýetine daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek boýunça halkara forumy – TEIF 2025-iň açylyş dabarasy geçirildi.


168087fc291e7b.jpeg
Kuala-Lumpurda Türkmenistanyň ykdysadyýetine daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek boýunça halkara forum öz işine başlaýar

Şu gün Malaýziýanyň paýtagty Kuala-Lumpurda Türkmenistanyň ykdysadyýetine daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek boýunça halkara forum başlaýar. Forumyň guramaçylary bolup, “Türkmengaz”, “Türkmennebit” döwlet konsernleri we Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy “Türkmen energiýa forum” HJ bilen hyzmatdaşlykda çykyş edýär.


168087e9d5dcda.jpeg
Serdar Berdimuhamedow TEIF 2025 halkara forumyna gatnaşyjylara gutlag iberdi

Prezident Serdar Berdimuhamedow 23-nji aprelde Kuala-Lumpur şäherinde öz işine başlan Türkmenistanyň ykdysadyýetine daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek boýunça halkara foruma gatnaşyjylara gutlag iberdi.

16800c789cd51a.jpeg
Kuala-Lumpur TEIF 2025 halkara maýa goýum forumyny geçirmäge taýýarlyk görýär

2025-nji ýylyň 23–24-nji aprelinde Malaýziýanyň Kuala-Lumpur şäherinde geçiriljek “TEIF 2025” Türkmenistanyň halkara maýa goýum forumynyň açylmagyna az wagt galdy.


167ffb5b95db7a.jpeg
Türkmenistan we Ýaponiýa söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürýär

15-nji aprelde Ýaponiýada saparda bolýan hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ýaponiýanyň Imperatory Naruhito bilen duşuşdy diýip, TDH habar berýär.