Ösümlik we maňyz ýaglary

Tebigy ýaglaryň hemmesi diýen ýaly derimiz üçin peýdaly hasaplanylýar. Olaryň düzüminde bedene daşyndan-da, içinden hem täsir edýän maddalar bar.
Zeýtun ýagy we onuň peýdasy hemmä bellidir. Emma başgada käbir üýtgeşik ösümlikleriň ýaglarynyň bardygyny köpçülik bilmeýär. Zeýtun ýagyndan kem bolmadyk we arzan durýan hantal ýagy, üzüm ýagy, kädiniň çigitlerinden, zygyrdan, künjüden, badamdan alynýan ýaglar we başgalar hem adam bedenine peýdaly hasaplanylýar.
Bu ýaglaryň hemmesi witaminlere, mikroelementlere, minerallara baýdyr.
Gök otlardan petruşka, şibit, kinza,reýhan we beýlekiler organizmi hemme elementler bilen diýen ýaly üpjün edýär. Salatlara hem naharlara petruşka we şibitlerden biraz goşup iýmek derimiz üçin ýokumlydyr.
Oguljeren POTYKOWA,
Türkmen oba hojalyk institutynyň Agroekologiýa hünäriniň 4-nji ýyl talyby.

Çepbekeýler adaty bolmadyk çemeleşmeleri tapýarlar
Donald Kostello işewürlik kollejiniň amerikan alymlary tarapyndan geçirilen täze gözleg çep eliň hünär kämillikde we baýlyga ýetmekde möhüm esas bolup biljekdigini görkezýär.

Bagbançylygyň ähmiýeti
Gözlegleriň netijesi bagbançylygyň adam beýnisine we bedenine oňyn täsir edýändigini görkezdi.

Aýdym aýtmak – saglygyňy berkitmek
Gadymyýetden bäri adamlar öz sesiniň güýji bilen saglygyny dikeldip bilipdirler. Aristotel we Pifagor akyl taýdan bozulmalary bejermekde aýdym aýtmagy maslahat beripdirler.

Çopantelpegiň adam saglygyna ýetirýän peýdaly täsirleri
Gadymy döwürlerden bäri halk lukmançylygynda şypaly ösümlik hökmünde giňden ulanylýan, dünýä ýurtlarynyň köpüsinde duş gelýän çopantelpek saglygymyz üçin örän peýdalydyr.

«Bejeriş binagärligi» hassalaryň ünsüni gussaly duýgulardan sowup, olarda ruhubelentlik döredýär
Ösümlikleriň, arassa howanyň, janly-jandarlaryň bejeriş ukyplary barada bilýän hem bolsak, binagärligiň şypa berijilik häsiýeti barada seýrek eşidilýär.