Habarlar

Türkmen-hindi syýasy geňeşmeleriniň barşynda TOPH taslamasyny durmuşa geçirmekde işjeňlik bellenilip geçildi

https://www.ussatnews.com/storage/posts/581/original-16007ec0923d64.jpeg

Türkmenistanyň we Hindistan Respublikasynyň Daşary işler ministrleriniň arasynda iki ýurduň DIM-niň orunbasarlarynyň derejesinde sanly wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly geçirilen syýasy geňeşmeleriň barşynda TOPH gaz geçirijisiniň gurluşygy ileri tutulýan bilelikdäki taslamalaryň hatarynda agzalyp geçildi. Duşuşykda türkmen wekiliýetine Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary W.Hajiýew, hindi wekiliýetine – Hindistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Wikas Swarup ýolbaşçylyk etdiler.

Duşuşygyň barşynda TOPH gaz geçirijisiniň gurluşygynyň depgininiň soňky döwürde ähmiýetli derejede işjeňleşdirilendigi bellenilip geçildi.

Türkmen tarapy öz nobatynda Hindistany Türkmenistanda hususy pudagyň ösdürilmegi maksady bilen döredilmegi meýilleşdirilýän Maýa goýum Gaznasyna gatnaşmaga çagyrýar.

Işjeň söhbetdeşligiň barşynda diplomatlar sebit we halkara gün tertibine degişli bolan, şol sanda Owganystan bilen bagly meseleler dogrusynda pikirleri alyşdylar, hyzmatdaşlygyň giň toplumyny öz içine alýan ikitaraplaýyn özara hereketleriň has-da işjeňleşdirilmeginiň derwaýyslygyny belläp geçdiler.

2020-nji ýylyň 15-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Hindistan Respublikasynyň Prezidenti bilen telefon arkaly söhbetdeşligi geçirildi, onuň jemleri boýunça iki dostlukly döwletiň ýolbaşçylary Türkmenistanyň we Hindistanyň arasyndaky däp bolan özara gatnaşyklary hemmetaraplaýyn işjeňleşdirmek babatynda ylalaşdylar.

Sebit ösüşiniň derwaýys meseleleri boýunça pikirleriň alşylmagy, şeýle hem umumy ähmiýeti bolan köpugurly takyk taslamalaryň ara alnyp maslahatlaşylmagy we durmuşa geçirilmegi boýunça netijeli halkara meýdançalary bolup çykyş edýän «Hindistan – Merkezi Aziýa» Dialogynyň we «Hindistan – Merkezi Aziýa » Işewürlik Geňeşiniň çäklerindäki ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn hyzmatdaşlygyň önjeýliligi aýratyn bellenilip geçildi.

Diplomatlar Söwda, ykdysady, ylmy we tehnologiki hyzmatdaşlyk boýunça Bilelikdäki Hökümetara türkmen-hindi toparynyň çäklerindäki özara gatnaşyklary işjeňleşdirmegiň derwaýyslygyny nygtadylar. Şu nukdaýnazardan, Türkmenistanyň we Hindistanyň döwlet hem-de hususy pudaklarynyň köp ýyllyk netijeli hyzmatdaşlygy bellenildi, şonuň ýaly-da kiberhowpsuzlygy, terrorçylyga garşy göreşmek meseleleri we özara gyzyklanma döredýän beýleki ugurlar boýunça türkmen hem-de hindi bilermenleriniň ikitaraplaýyn duşuşyklarynyň işjeňleşdirilmeginiň zerurlygy hem nygtaldy.

Energetika, maglumat tehnologiýalary, ulag-kommunikasiýa infrastrukturalary, ýeňil senagat, medeniýet we syýahatçylyk, ylym we bilim, şonuň ýaly-da saglygy goraýyş ulgamlary özara bähbitli gatnaşyklaryň ileri tutulýan ugurlary hökmünde kesgitlenildi.

Ussat news

Başga habarlar
16adc5356060d4.jpeg
Türkmen milli кonserwatoriýada wokal bäsleşigi geçirildi

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda milli medeniýetimizi we sungatymyzy ösdürmek, sungat ulgamynyň hünärmenlerini döredijilikli işlemäge ruhlandyrmak hem-de saz sungatyna höwesli zehinli ýaşlary ýüze çykarmak ugrunda tutumly işler alnyp barylýar.


16adb4dfdaa440.jpeg
OGT 2026 forumynyň çäklerinde daşary ýurt kompaniýalary bilen hyzmatdaşlyk baradaky resminamalara gol çekildi

Aşgabatda geçirilýän «Türkmenistanyň nebiti we gazy» halkara maslahatynyň (OGT 2026) çäklerinde 22-nji oktýabrda Türkmenistanyň döwlet konsernleri bilen halkara hyzmatdaşlaryň arasynda hyzmatdaşlyk baradaky resminamalara gol çekmek dabarasy boldy.


16adb19570f601.jpeg
Wagyz-nesihat çäresi geçirildi

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisiniň taryhy-syýasy ähmiýetini ýaşlaryň arasynda giňden wagyz etmek maksady bilen, «Türkmennebit» döwlet konserniniň Balkanabat nebitçilik orta hünär okuw mekdebinde jemgyýetçilik guramalarynyň, hukuk goraýjy edaralaryň wekilleriniň, mekdebiň mugallymlarynyň hem-de talyplarynyň gatnaşmagynda «Türkmen halkynyň Milli Lideriniň nusgalyk Döwlet taglymaty we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda ösüşiň demokratik ýoly bilen geljege tarap» atly wagyz-nesihat çäresi geçirildi.

16adada0f46906.webp
Malaýziýanyň ykdysadyýet ministri: biz Türkmenistan bilen uzak möhletleýin hyzmatdaşlyga ygrarlydyrys

«Energetika. Hyzmatdaşlyk. Ösüş» şygary astynda geçirilýän «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2026» (OGT 2026) maslahatynyň mejlisiniň açylyşynda Malaýziýanyň ykdysadyýet ministri Akmal Nasrulla bin Mohd Nasir çykyş etdi.


16ada5cc088e2b.jpeg
“Merkezi Aziýanyň gaz halkasy” — türkmen gazynyň eksportynda goşmaça ugur bolup biler - GGC

«Merkezi Aziýanyň gaz halkasy» taslamasy türkmen gazynyň eksporty üçin goşmaça sebitleýin ugur döredip biler diýip, Global gaz merkeziniň (GGC, Ženewa) ýerine ýetiriji direktory Waleri Dýukro «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2026» atly 31-nji halkara maslahatynda we sergisinde belledi.