Habarlar

Saglygy goraýyş boýunça IX türkmen-german forumy

https://www.ussatnews.com/storage/posts/591/original-1600a9655493c4.jpeg

21-nji ýanwarda Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Halkara ylmy-okuw merkezinde saglygy goraýyş boýunça IX türkmen-german forumy öz işine başlady, diýip Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi habar berýär.

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy boýunça geçirilýän forum türkmen we nemes kärdeşleriniň arasyndaky üstünlikli ösdürilýän hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmaga, Türkmenistanyň saglygy goraýyş ulgamyny döwrebaplaşdyrmak boýunça bilelikdäki taslamalary işläp taýýarlamaga, öňdebaryjy tehnologiýalary hem-de enjamlary ornaşdyrmaga, ylmy işgärleri hem-de ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamaga mümkinçilik berýär.

Bu teleköpri Mýunhen uniwersitetiniň Grosshadern klinikasynyň tanymal alym-professorlaryny hem-de ýurdumyzyň döwlet düzümleriniň we ylmy-kliniki merkezleriniň, Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň , şonuň ýaly-da saglygy goraýyş ulgamynyň welaýatlardaky hem-de paýtagtymyzdaky düzümleriniň ýolbaşçylaryny we wekillerini birleşdirdi.

Nemes lukmanlarynyň adyndan hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa Türkmenistanyň saglygy goraýyş ulgamynda düýpli özgertmeleri durmuşa geçirmäge işjeň gatnaşýan GFR-li hyzmatdaşlara bildirýän ýokary ynamy üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirildi. Şol özgertmeler bolsa ilaty halkara ölçeglerine laýyk gelýän ýokary hilli lukmançylyk hyzmatlarynyň giň görnüşi bilen üpjün etmäge gönükdirilendir.

Şu gezekki onlaýn duşuşykda urologiýa we ginekologiýa şol sanda çagalar urologiýasy we ginekologiýasy meselelerine üns berildi. Lukmançylygyň bu ugurlarynyň Türkmenistandaky hem-de Germaniýadaky ýagdaýy baradaky çykyşlar diňlenildi, öňüni alyş çäreleri beýan edildi, işgärleri okatmagyň häzirki zaman çözgütleri hem-de aýratynlyklary barada gürrüň edildi.

Şonuň ýaly-da, adam doglandan tä garraýança urologiýa skrininginiň çäreleri; böwrek keselleriniň patofiziologiýasy, anyklanylyşy, bejerilişi we gaýraüzülmeleriniň öňüniň alnyşy; erkeklerde howply täze döremeler (karsinoma): anyklaýyş hem-de bejeriş we beýleki mowzuklara garaldy. Nemes alymlary tejribe alyşdylar hem-de keselleri bejermegiň täze usullaryny ulanmagyň netijeleri barada gürrüň berdiler.

Halkara lukmançylyk merkezleri müdirliginiň halkara iç keselleri merkeziniň iň gowy iş tejribesiniň mysalynda peşew bilen bagly daş keselleri anyklamak we öňüni almak, ony bejermek barada pikir alşyldy. Bu merkeziň hünärmenleri nemes kärdeşleri bilen ýakyndan hyzmatdaşlyk saklaýarlar.

Çykyşlaryň dowamynda slaýd-tanyşdyrmalaryň, wideomateriallaryň ulanylmagy Türkmenistanyň we Germaniýanyň klinikalarynda işe girizilen, näsaglaryň ömrüni halas etmäge hem-de saglygyny dikeltmäge ýardam edýän täzelikleriň birnäçesine baha bermäge mümkinçilik berdi.

Biziň ýurdumyzda bu meselä, şol sanda keselleri öz wagtynda ýüze çykarmak bilen baglylykda, uly üns berilýär. Milli Liderimiziň ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamyny hut şu ugra gönükdirýändigini, munuň bolsa lukmanlara keselleriň irki tapgyrlarynda has netijeli bejergileri saýlap almaga ýardam edýändigini bellemek gerek.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tagallalary netijesinde, Germaniýa bilen saglygy goraýşyň esasy ugurlary boýunça hyzmatdaşlygyň berk binýady goýuldy, bu gün bilelikdäki uly hem-de yzygiderli işler özüniň oňyn netijelerini berýär.

Ikitaraplaýyn tejribe alyşmagyň netijesinde, ýurdumyzyň lukmançylyk tejribesine anyklaýşyň, bejerişiň, juda az derejede täsir etmek arkaly hirurgiýa çäresiniň täze usullary ornaşdyryldy. Germaniýanyň iri klinikalarynyň professorlarynyň gatnaşmagynda türkmen lukmanlary üçin ylmy-tejribe maslahatlary hem-de okuw seminarlary, olaryň hünär derejesini ýokarlandyrmak boýunça okuwlar yzygiderli geçirilýär.

Şu gün, forumyň ikinji gününiň çäklerinde ýokary töwekgelçilikli göwrelilikde öňüni alyş lukmançylygy, göwrelilikde ýokanç keseller, ginekologiýa keselleri we beýleki meseleler ara alnyp maslahatlaşylýar.

Başga habarlar
168877b8299c55.jpeg
Nebitgaz toplumynda ýylyň ýedi aýynyň jemlerine garaldy

Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň 28-nji iýulynda Türkmenistanyň nebitgaz toplumynyň merkezi binasynda ýylyň ýedi aýynda ýerine ýetirilen işleriň jemlerine bagyşlanan hasabat ýygnagy geçirildi.


168736712bea0c.jpeg
Nebitgaz toplumynda ýylyň alty aýynyň jemlerine garaldy

Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň 12-nji iýulynda Türkmenistanyň nebitgaz toplumynyň merkezi binasynda alty aýda ýerine ýetirilen işleriň jemlerine bagyşlanan hasabat ýygnagy geçirildi.


1686ccb8f507b3.jpeg
Ýangyjyň tygşytly sarp edilişi

Awtoulagda ýangyjy tygşytly sarp etmek işinde sürüjä esasy orun degişlidir. Şol bir awtoulagda we belli bir ugurda dürli topara degişli sürüjileriň ýangyjy biri-birinden 20 — 25 göterim tapawutly sarp edýändigi synaglar üsti bilen tassyk edilendir.

168677382292fa.jpeg
Türkmenistanyň wekiliýeti Germaniýa bilen hyzmatdaşlygy pugtalandyrýar

23–28-nji iýun aralygynda Türkmenistanyň Energetika ministrliginiň, Bilim ministrliginiň hem-de Döwlet energetika institutynyň wekillerinden düzülen wekiliýeti Germaniýa Federatiw Respublikasyna tanyşlyk saparyny amala aşyrdy.


168417a294664b.jpeg
Hökümet mejlisinde nebitgaz toplumynyň 2025-nji ýylyň ýanwar-maý aýlarynda işiniň jemleri jemlenildi

4-nji iýunda Prezident Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň mejlisini geçirdi. Onda şu ýylyň bäş aýynda ýurdumyzda alnyp barlan işleriň jemleri jemlenildi diýip, TDH habar berýär.