Nebitgaz toplumynyň kärhanalary önümçilik kuwwatyny pugtalandyrýär
Nebitgaz toplumynyň kärhanalarynda önümçilik kuwwatyny pugtalandyrmak bilen uglewodorod çig malynyň çykarylýan hem-de gaýtadan işlenilýän mukdaryny mundan beýläk-de artdyrmak boýunça çäreler görülýär.
Hünärmenlerimiz hem-de alymlarymyz ýapon hyzmatdaşlarymyz bilen bilelikde Ahal welaýatynda tebigy gazdan benzin öndürýän ikinji zawodyň gurluşygynyň taslamasynyň üstünde işler alyp barýarlar. 2018-nji we 2019-njy ýyllarda “Türkmengaz” döwlet konserni bilen ýapon kompaniýalar toparynyň arasynda bu gazhimiýa toplumynyň taslamasyny işläp taýýarlamak hem-de gurmak baradaky degişli resminama gol çekildi.
Mundan başga-da, Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan gaz geçirijisiniň türkmen bölegi ýokary depgini bilen durmuşa geçirilýär. Bu taslamanyň durmuşa geçirilmegi ählumumy energetika howpsuzlygynyň täze binýadyny kemala getirmek, ählumumy durnukly ösüş üçin şertleri döretmek babatda möhüm ähmiýete eýedir. TOPH gaz geçirijisiniň gurulmagy sebitiň ykdysady ösüşine kuwwatly itergi berer, durmuş hem-de ynsanperwer häsiýetli meseleleri çözülmegine, parahatçylygy we durnuklylygy pugtalandyrylmagyna ýardam eger. Bu gaz geçirijisi boýunça tebigy gaz uzak möhletleýin esasda Günorta-Gündogar Aziýanyň iri ýurtlaryna iberiler.
Şol wezipeleriň üstünlikli çözülmegi milli ykdysadyýetimiziň diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürilmegine, senagatlaşdyrmagyň depgininiň ýokarlandyrylmagyna hem-de ýurdumyzyň eksport mümkinçilikleriniň giňeldilmegine ýardam eder. Soňky ýyllarda ýangyç-energetika toplumyny tehniki we tehnologik taýdan döwrebaplaşdyrmakda uly üstünlikler gazanylandy. Innowaasion kärhanalar işe girizildi. Şonuň netijesinde, ýurdumyz üçin täze önümleriň – polipropileniň, polietileniň dürli görnüşleriniň, ekologiýa taýdan arassa sintetiki awtomobil benzininiň önümçiligi ýola goýuldy, öňden öndürilýän nebit önümleriniň hili hem yzygiderli gowulandyrylýar.
Ussat news
«Nebit-gaz» gazetiniň 15 ýyllygy dabaraly bellenildi
«Nebitgaz» gazetiniň redaksiýasynda neşiriň ilkinji sanynyň çap edilip başlanmagynyň 15 ýyllygyna bagyşlanan dabaraly çäre geçirildi. Oňa “Türkmengaz” we “Türkmennebit” döwlet konsernleriniň, Türkmenistanyň Nebitgaz senagaty toplumynyň işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň Geňeşiniň wekilleri, şeýle hem redaksiýanyň işgärleri gatnaşdylar.
«Ýaş tebigatçy» jemgyýetçilik guramasy intellektual bäsleşige çagyrýar!
16-njy sentýabrda sagat 14:00-da «Arkaç» SÖMerkeziniň «Iş nokady» koworking merkezinde «Ýaş tebigatçy» jemgyýetçilik guramasy Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrliginiň ýanyndaky Ozon merkezi bilen bilelikde Halkaara ozon gatlagyny goramak gününe bagyşlanan intellektual bäsleşik geçirýär.
Türkmenistanyň Prezidentiniň mekdep okuwçylaryna, talyp ýaşlaryna, mugallymlaryna we bilim işgärlerine gutlagy
Türkmenistanyň Prezidentiniň mekdep okuwçylaryna, talyp ýaşlaryna, mugallymlaryna we bilim işgärlerine gutlagy.
Ýerasty suw ýataklarynyň gor baýlygy artdyrylýar
«Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasynyň ýurdumyzyň welaýatlaryndaky gidrogeologiýa ekspedisiýalarynyň işgärleri halkymyzy gündelik arassa agyz suwy bilen üpjün etmek babatda möhüm işleri durmuşa geçirýärler. «Marygidrogeologiýa» ekspedisiýasynyň işgärleriniň alyp barýan işleri hem şunuň bir mysalydyr.
Türkmenistanyň erkin göreşçileri okuw-türgenleşik ýygnanyşyklaryny geçirdiler
2026-njy ýylyň awgust aýynda Mary we Aşgabat şäherlerinde erkin göreş boýunça geçirilen tapgyrlaýyn okuw-türgenleşik ýygnanyşyklary sport ussatlygyny ýokarlandyrmaga, tejribe alyşmaga hem-de pälwanlaryň geljekki ýaryşlara fiziki taýýarlygyny pugtalandyrmaga gönükdirildi.