Hazar – dostluk we hyzmatdaşlyk deňzi
Aşgabatda Hazar deňzindäki “Dostluk” ýatagynyň uglewodorod serişdelerini bilelikde gözlemek, işläp geçmek we özleşdirmek hakynda Türkmenistanyň Hökümeti bilen Azerbaýjan Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda Özara düşünişmek hakynda ähtnama gol çekmek dabarasy boldy. Bu çärä göni wideoaragatnaşyk arkaly Prezidentler Gurbanguly Berdimuhamedow we Ilham Aliýew gatnaşdylar.
Şanly wakanyň möhüm ähmiýeti barada aýtmak bilen, döwlet Baştutanymyz bu resminama biziň ýurtlarymyzyň energetika pudagyndaky hyzmatdaşlygy we özara düşünişmek gatnaşyklaryny berkitmäge, iki iri energetika döwletleriniň ägirt uly özara mümkinçiliklerini açmaga, Hazar deňziniň sebitinde durnukly energetika ösüşi, giň we özara bähbitli halkara gatnaşyklar üçin aňrybaş amatly şertleriň döredilmegine gönükdirilen işleriniň netijesi bolup durýar diýip belledi.
Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow 2020-nji ýylyň mart aýynda Baku şäherine bolan resmi saparyň dowamynda Prezident Ilham Aliýew bilen Hazar deňzinde energetika babatdaky ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň mümkinçilikleriniň jikme-jik ara alnyp maslahatlaşylandygyny we onuň ugurlarynyp seljerilendigini ýatlap geçdi. Netijede, Hazaryň iri uglewodorod serişdeleri känleriniň birinde bilelikdäki işi ýerine ýetirmek hakynda ylalaşyk gazanyldy. Şunda, raýdaşlygyň, birek-birege hormat goýmagyň we goldaw bermegiň bu işiň esasy ugurlary boljakdygy nygtaldy.
Hut şonuň üçin hem bu käne “Dostluk” diýip at bermek hakyndaky umumy çözgüdimiz çuňňur mana eýedir diýip, Türkmenistanyň Prezidenti belledi.
Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, ähtnama gol çekilmegi Türkmenistan bilen Azerbaýjanyň Hazar deňzinde energetika babatdaky hyzmatdaşlygynyň hil taýdan täze tapgyryny alamatlandyrýar. Mäkäm halkara-hukuk binýady esasynda bilelikdäki işler üçin täze mümkinçilikler açylýar, biziň sebitimize yzygiderli we uzakmöhletleýin esasda iri daşary ýurt maýalaryny çekmek üçin goşmaça, ygtybarly mümkinçilikler döreýär, ýurtlarymyzyň milli ykdysadyýetleriniň sazlaşykly ösüşine kuwwatly itergi berilýär. Bu bolsa täze iş orunlarynyň döredilmegine, adamlaryň ýaşaýyş derejesiniň we hiliniň ýokarlanmagyna ýardam edýär.
“Şu günki resminamany taryhy resminama diýip atlandyrmak isleýärin, çünki Azerbaýjan we Türkmenistan Hazar deňzinde ýatagy özleşdirmek boýunça bilelikdäki işe ilkinji gezek girişýärler. Munuň özi biziň ýurtlarymyzy we halklarymy has-da ýakynlaşdyrar hem-de uly peýda getirer” diýip, Prezident I.Aliýew belledi.
Azerbaýjanyň Lideriniň belleýşi ýaly, “Şu günki gol çekişlik Hazaryň uglewodorod serişdelerini özleşdirmekde täze sahypany açýar. Bu taslama biziň ýurtlarymyzyň hem-de olaryň goňşularynyň energetika howpsuzlygyny pugtalandyrmaga ýardam eder. Ol şeýle hem uly eksport mümkinçiliklerini açýar we şeýlelikde, halklarymyzyň abadançylygynyň pugtalandyrylmagyna ýardam eder”.
“Biz şu gün Hazardaky ýatagyň uglewodorod serişdelerini bilelikde gözlemek, işläp geçmek we özleşdirmek hakyndaky Ähtnama gol çekmek bilen çäklenmän, eýsem, gatnaşyklarymyzyň geljekki ösüşine tarap möhüm ädim ätdik” diýip, Azerbaýjanyň baştutany aýtdy.
Dostlukly döwletleriň baştutanlary Türkmenistanyň we Azerbaýjanyň halkara giňişligindäki gatnaşyklaryna ýokary baha berdiler. Biziň ýurtlarymyzyň ählumumy gün tertibiniň energetika howpsuzlygy, halkara energetika akymlaryna goşulmak we umuman, dünýäniň energetika ulgamynyň aýratynlyklary ýaly has wajyp meseleler boýunça çemeleşmeleri umumydyr.
Şeýle hem ulag ulgamynyň hyzmatdaşlygyň möhüm ugry bolup durýandygy bellenildi. Owgan, gruzin we türk hyzmatdaşlary bilen bilelikde, Türkmenistan we Azerbaýjan bu gün Aziýa bilen Ýewropanyň arasynda möhüm yklymüsti ugur bolan “Lapis-Lazuli” ulag geçelgesiniň netijeli hereketini üpjün etmek ugrunda iş alyp barýarlar.
Şeýlelikde, ýokarda agzalan ylalaşygyň hem-de kabul edilen çözgüdiň hoşniýetli goňşuçylyk, jogapkärçilik we öňdengörüjilik hem-de deňhukuklylyk we birek-biregiň bähbidini nazara almak ýaly asylly ýörelge hökmünde biziň döwletlerimiziň taryhyna aýdyň sahypa hökmünde girjekdigi gürrüňsizdir. Munuň özi, elbetde, türkmen we azerbaýjan halklarynyň we biziň döwletlerimiziň arasyndaky dost-doganlygy has-da pugtalandyrar.
Ussat news
Türkmenistanyň Prezidenti watandaşlaryny Gadyr gijesi bilen gutlady
Türkmenistanyň Prezidenti watandaşlaryny Gadyr gijesi bilen gutlady.
Wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi
12-nji martynda Lebap welaýat ýörite sungat mekdebinde wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi.
Türkmenabatda kompozitor Baýramdurdy Hudaýnazarowyň döredijilik agşamy geçiriler
Lebap welaýat ýörite sungat mekdebinde 11-nji martda Türkmenistanyň halk artisti, M.Kuliýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň dosenti, alym, pedagog, görnükli kompozitor Baýramdurdy Hudaýnazarowyň (1946-2025) hatyrasyna bagyşlanan döredijilik agşamy geçirler.
Balkanabatda hormatly Prezidentimiziň adyndan pul sowgatlary gowşurldy
Halkara zenanlar günine bagyşlanan çäreler ýurdumyzyň her bir künjeginde bolşy ýaly, “Türkmennebit” döwlet konserniniň Balkanabat nebitçilik orta hünär okuw mekdebinde hem şatlykly dabaralaryň bady tutulýar.
Türkmen şahyrlary Burýatiýanyň edebi neşirinde
Ýaňy-ýakynda Russiýa Federasiýasynyň Burýatyýa Respublikasynyň milli kitaphanasy tarapyndan neşir edilýän «Северо-Муйские огни» atly awtorlyk edebi žurnalyň N122 (2026-njy ýyldaky 1-nji sany) okyjylara gowuşdy.