Ankara Hazardaky ýatak boýunça türkmen-azerbaýjan Ähtnamasyny goldaýar — Türkiýäniň DIM-i
Türkiýäniň Daşary işler ministrligi Hazar deňzindäki «Dostluk» ýatagynyň uglewodorod serişdelerini bilelikde gözlemek, işläp geçmek we özleşdirmek hakynda Türkmenistanyň Hökümetiniň we Azerbaýjan Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda Özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekilmegini goldaýar, diýip Trend agentligi Anadolu agentligine salgylanyp habar berýär.
«Bu şertnamanyň iki ýurduň dostlugyny pugtalandyrmagyny, Türkmenistanyň we Azerbaýjanyň dostlukly we dogan halklary üçin peýdaly bolmagyny we sebitiň gülläp ösmegine we durnuklylygyna goşant goşmagyny arzuw edýäris» diýlip Ankaranyň beýanatynda aýdylýar.
«Türkmenistan bilen Azerbaýjanyň Hazar deňzindäki “Dostluk” diýlip atlandyrylan uglewodorod ýatagynyň bilelikde gözlemek, işläp geçmek we özleşdirmek babatda ylalaşyga gelmegini uly hoşallyk bilen kabul edýäris... Şeýle hem bu şertnamanyň Türkiýe bilen Ýewropanyň galan böleginiň energetika howpsuzlygyny ýokarlandyrjak taslamalaryň hem öňüni açmagyny arzuw edýäris» diýlip beýanatda bellenilýär.
Ussat news
Türkmenistanyň Prezidenti watandaşlaryny Gadyr gijesi bilen gutlady
Türkmenistanyň Prezidenti watandaşlaryny Gadyr gijesi bilen gutlady.
Wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi
12-nji martynda Lebap welaýat ýörite sungat mekdebinde wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi.
Türkmenabatda kompozitor Baýramdurdy Hudaýnazarowyň döredijilik agşamy geçiriler
Lebap welaýat ýörite sungat mekdebinde 11-nji martda Türkmenistanyň halk artisti, M.Kuliýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň dosenti, alym, pedagog, görnükli kompozitor Baýramdurdy Hudaýnazarowyň (1946-2025) hatyrasyna bagyşlanan döredijilik agşamy geçirler.
Balkanabatda hormatly Prezidentimiziň adyndan pul sowgatlary gowşurldy
Halkara zenanlar günine bagyşlanan çäreler ýurdumyzyň her bir künjeginde bolşy ýaly, “Türkmennebit” döwlet konserniniň Balkanabat nebitçilik orta hünär okuw mekdebinde hem şatlykly dabaralaryň bady tutulýar.
Türkmen şahyrlary Burýatiýanyň edebi neşirinde
Ýaňy-ýakynda Russiýa Federasiýasynyň Burýatyýa Respublikasynyň milli kitaphanasy tarapyndan neşir edilýän «Северо-Муйские огни» atly awtorlyk edebi žurnalyň N122 (2026-njy ýyldaky 1-nji sany) okyjylara gowuşdy.