Habarlar

Ýurdumyzda ýokanç keselleriň öňüni almak üçin sanjymlary bellige almak babatda gepleşikler geçirilýär

https://www.ussatnews.com/storage/posts/643/original-160156ba13a7d5.jpeg

Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda, ýurdumyzda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygyna laýyklykda, ýokanç keselleriň öňüni almak üçin sanjymlary bellige almak babatda daşary ýurtly önüm öndürijiler bilen gepleşikler geçirilýär, diýip Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi habar berýär.

Hususan-da, Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň ýanyndaky dermanlyk serişdelerini bellige almak we döwlet hil gözegçiligi merkeziniň seljermeleriniň netijeleri boýunça Russiýanyň “EpiWakKorona” ikinji sanjymyny bellige almak hakynda şahadatnama gowşuryldy.

Bu sanjym Russiýa Federasiýasynyň sarp edijileriň hukuklaryny we adamlaryň abadançylygyny goramak babatda gözegçilik boýunça “Wektor” Federal gullugyň wirusologiýa we biotehnologiýa döwlet ylmy merkeziniň” federal býujet edarasynda işlenip taýýarlanyldy.

Sanjyma bellige alyş şahadatnamasynyň gowşurylmagy bu serişdäniň ýurdumyzda satyn almaga we peýdalanmaga ygtyýar berilýär.

Ýakynda Türkmenistanda “Gam- KOWID-Wak” garyşyk sanjymy bellige alyndy. Ol “Sputnik V” söwda nyşany bilen bellidir. Bu iki ulgamly sanjym Russiýanyň Nikolaý Gamaleý adyndaky epidemiologiýa we mikrobiologiýa ulgamy boýunça ylmy-barlag edarasy tarapyndan taýýarlanyldy.

“EpiWakKorona” täze sanjym synagdan geçirilip, onuň ýokary howpsuzlyk derejesine eýedigi tassyklanyldy. Şonda onuň netijeliligi 100 göterime deň boldy.

“Sputnik V” sanjymyndan tapawutlylykda, ol peptid häsiýetlidir. Bu serişdede hereketiň başga ugry emele gelýär: serişde emeli sintizirlenen gysga belokäpeptid koronawirus serişdelerinden ybaratdyr. Onuň üsti bilen immuno ulgamy öwrenilýär, soňra ol ýokanjy ýok edýär.

Türkmenistan Russiýa Federasiýasyndan soň, “EpiWakKorona” sanjymyny bellige alan dünýäde ilkinji döwlet bolup durýar. Şeýle hem Türkmenistan öz çäginde Merkezi Aziýada resmi taýdan “Sputnik V” sanjymyny bellige alan döwletleriň onlugyna girýär.

Keselleriň öňüni almak hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda işlenip taýýarlanylan “Saglyk” döwlet maksatnamasynyň möhüm ugrudyr. Ýurdumyzda keselleriň öňüni alyş işleri ulgamlaýyn esasda amala aşyrylýar. Häzirki döwürde Türkmenistanda keselleriň 14 görnüşine garşy sanjymlaryň 13-si tölegsiz geçirilýär.

Halkyň saglygy we abadançylygy baradaky alada hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň döwlet syýasatynyň möhüm ugrudyr. Munuň özi keselleriň öňüni almak boýunça öňde durýan wezipeleriň çözgüdine örän jogapkärçilikli we hemmetaraplaýyn çemeleşmegi talap edýär. Ilata ählumumy derejede sanjym geçirmek, bedenterbiýe-sport hereketini ösdürmek we sagdyn durmuş ýörelgelerini wagyz etmek boýunça maksatnamalar hem-de taslamalar özüniň oňat netijesini berýär.

Başga habarlar
169b64ad366257.jpeg
Türkmenistanyň Prezidenti watandaşlaryny Gadyr gijesi bilen gutlady

Türkmenistanyň Prezidenti watandaşlaryny Gadyr gijesi bilen gutlady.


169b5a626b99eb.jpeg
Wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi

12-nji martynda Lebap welaýat ýörite sungat mekdebinde wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi.


169ad82a1b73f3.jpeg
Türkmenabatda kompozitor Baýramdurdy Hudaýnazarowyň döredijilik agşamy geçiriler

Lebap welaýat ýörite sungat mekdebinde 11-nji martda Türkmenistanyň halk artisti, M.Kuliýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň dosenti, alym, pedagog, görnükli kompozitor Baýramdurdy Hudaýnazarowyň (1946-2025) hatyrasyna bagyşlanan döredijilik agşamy geçirler.

169ad70095fa7d.jpeg
Balkanabatda hormatly Prezidentimiziň adyndan pul sowgatlary gowşurldy

Halkara zenanlar günine bagyşlanan çäreler ýurdumyzyň her bir künjeginde bolşy ýaly, “Türkmennebit” döwlet konserniniň Balkanabat nebitçilik orta hünär okuw mekdebinde hem şatlykly dabaralaryň bady tutulýar.


169ad53540e2a5.jpeg
Türkmen şahyrlary Burýatiýanyň edebi neşirinde

Ýaňy-ýakynda Russiýa Federasiýasynyň Burýatyýa Respublikasynyň milli kitaphanasy tarapyndan neşir edilýän «Северо-Муйские огни» atly awtorlyk edebi žurnalyň N122 (2026-njy ýyldaky 1-nji sany) okyjylara gowuşdy.