Türkmen alymlary ýurdumyzyň derman senagatynyň ösmegine goşant goşýarlar
Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň himiýa institutynyň alymlary tarapyndan ýurdumyzyň çäklerinde ýokanç keselleriniň ýaýramagynyň öňüni almak maksady bilen, zyýansyzlandyryş serişdelerini işläp taýýarlamak işjeň alnyp barylýar.
Ýerli çig malyň esasynda netijeli zyýansyzlandyryş serişdeleriniň görnüşlerini giňeltmek boýunça işleriň çäklerinde hünärmenler mis kuporosyny ulanylýan tehnologiýany hödürlediler. Bu önümi almak üçin olar “Türkmenhimiýa” döwlet konserniniň kärhanalarynyň mis, kükürt turşusy, ammiak selitrasy garyndylaryny ulandylar.
Döwlet arassaçylyk – epidemiologiýa gullugynyň jemgyýetçilik saglygy we iýmit merkezinde misiň dürli möçberdäki birleşmeleriniň ergininiň kömelejiklere garşy, fungisit we bakteriýalara garşy häsiýetleri boýunça barlaglar geçirildi. Barlaglaryň netijeleri mis kuporosynyň 0,75 göteriminden başlaýan erginleriň bakteriýalaryň ençeme görnüşlerini ýok edýändigini görkezdi.
Häzir Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Himiýa instituty tarapyndan işlenip taýýarlanylan tehniki şertleriň we reglamentiň esasynda mis kuporosynyň önümçiligi “Sahy doganlar” hususy kärhanasynyň önümçiliginde ornaşdyryldy.
Türkmen alymlarynyň belleýşi ýaly, mis kuporosy ekologiýa taýdan arassadyr hem-de oba hojalygynda, gurluşykda we derman senagatynda ulanylýar. Ol kömelejiklere garşy iň netijeli we gymmat bolmadyk serişdedir. Kuporos arkaly zyýansyzlandyryş serişdeleri üçin barmasy kyn bolan ýerleri işläp geçmek bolýar. Misiň sulfaty 25-30 günüň dowamynda öz täsirini ýitirmeýär.
Türkmen alymlary galyndysyz we ekologiýa taýdan arassa önümçiligiň alternatiw çeşmelerini öwrenmek bilen, ýurdumyzyň derman senagatynyň ösmegine uly goşant goşýarlar, importyň möçberlerini azaltmak hem-de eksport mümkinçiliklerini açmak maksady bilen ýerli serişdeleriň esasynda täze serişdeleriň üstünde işleýärler.
Türkmenistanyň at gazanan bilim işgäri, ussat halypa Ata Akbäbäýewiň hormatyna…
Ýakynda Mary welaýat Baş bilim müdirliginiň guramagynda Mary şäherindäki iňlis dili we ynsanperwerçilik ugurly okuw dersleri çuňlaşdyrylyp öwredilýän ýöriteleşdirilen welaýat mekdebinde Türkmenistanyň at gazanan bilim işgäri, ussat mugallym Ata Akbäbäýewiň ömrüne, döredijiligine we pedagogik mirasyna bagyşlanan “Ata Akbäbäýew - halypa-şägirtlik mekdebiniň beýik ägirdi” atly ýatlama çäresi geçirildi.
Türkmenistanyň Prezidenti watandaşlaryny baýramçylyk bilen gutlady
Türkmenistanyň Prezidenti watandaşlaryny baýramçylyk bilen gutlady.
SAGDYN DURMUŞ — BAGTYÝAR GELJEK
«Türkmengaz» döwlet konserniniň Ylmy-barlag tebigy gaz institutynda sagdyn durmuş ýörelgeleri bilen bagly wagyz-nesihat çäresi geçirildi.
“Ekologiýa abadançylygy – zeminiň gözelligi” atly çäre geçirildi
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda institutyň “Parahatçylyk medeniýeti” atly ÝUNESKO kluby hem-de “Ýaş tebigatçy” jemgyýetçilik guramasynyň bilelikde guramagynda “Ekologiýa abadançylygy – Zeminiň gözelligi” atly eko-kwest aksiýasy geçirildi. Bu barada jemgyýetçilik guramanyň resmi saýtynda habar berilýär.
Türkmenistanyň nebitgaz toplumynda dört aýyň jemlerine garaldy
5-nji maýda Türkmenistanyň nebitgaz toplumynyň merkezi binasynda «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynyň geçen dört aýynda ýerine ýetirilen işleriň jemine bagyşlanan hasabat ýygnagy geçirildi.