Bekdurdy Amansaryýew Türkmenistanyň «Garaşsyz Türkmenistana bolan beýik söýgüsi üçin» diýen ordeni bilen sylaglandy
Türkmenistanyň Prezidentiniň
PERMANY
B.AMANSARYÝEWI Türkmenistanyň «Garaşsyz Türkmenistana bolan beýik söýgüsi üçin» diýen ordeni bilen sylaglamak hakynda
Türkmenistanyň Garaşsyzlygyny we özygtyýarlylygyny pugtalandyrmakda, medeniýeti ösdürmekde, döwlet we jemgyýetçilik işinde gazanan uly üstünliklerini hem-de Garaşsyz döwletimiziň we mähriban halkymyzyň öňünde bitiren hyzmatlaryny, köp ýyllaryň dowamynda çeken halal, yhlasly we göreldeli zähmetini nazara alyp, Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentliginiň başlygy Bekdurdy Amansaryýewi Türkmenistanyň «Garaşsyz Türkmenistana bolan beýik söýgüsi üçin» diýen ordeni bilen sylaglamaly.
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly BERDIMUHAMEDOW.
Aşgabat şäheri, 2021¬nji ýylyň 11¬nji fewraly.
Türkmenistanyň Prezidentiniň
PERMANY
B.AMANSARYÝEW hakynda
Bekdurdy Amansaryýewi, pensiýa gitmegi sebäpli, Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentliginiň başlygy wezipesinden boşatmaly.
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly BERDIMUHAMEDOW.
Aşgabat şäheri, 2021-nji ýylyň 11-nji fewraly.
«Nebit-gaz» gazetiniň 15 ýyllygy dabaraly bellenildi
«Nebitgaz» gazetiniň redaksiýasynda neşiriň ilkinji sanynyň çap edilip başlanmagynyň 15 ýyllygyna bagyşlanan dabaraly çäre geçirildi. Oňa “Türkmengaz” we “Türkmennebit” döwlet konsernleriniň, Türkmenistanyň Nebitgaz senagaty toplumynyň işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň Geňeşiniň wekilleri, şeýle hem redaksiýanyň işgärleri gatnaşdylar.
«Ýaş tebigatçy» jemgyýetçilik guramasy intellektual bäsleşige çagyrýar!
16-njy sentýabrda sagat 14:00-da «Arkaç» SÖMerkeziniň «Iş nokady» koworking merkezinde «Ýaş tebigatçy» jemgyýetçilik guramasy Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrliginiň ýanyndaky Ozon merkezi bilen bilelikde Halkaara ozon gatlagyny goramak gününe bagyşlanan intellektual bäsleşik geçirýär.
Türkmenistanyň Prezidentiniň mekdep okuwçylaryna, talyp ýaşlaryna, mugallymlaryna we bilim işgärlerine gutlagy
Türkmenistanyň Prezidentiniň mekdep okuwçylaryna, talyp ýaşlaryna, mugallymlaryna we bilim işgärlerine gutlagy.
Ýerasty suw ýataklarynyň gor baýlygy artdyrylýar
«Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasynyň ýurdumyzyň welaýatlaryndaky gidrogeologiýa ekspedisiýalarynyň işgärleri halkymyzy gündelik arassa agyz suwy bilen üpjün etmek babatda möhüm işleri durmuşa geçirýärler. «Marygidrogeologiýa» ekspedisiýasynyň işgärleriniň alyp barýan işleri hem şunuň bir mysalydyr.
Türkmenistanyň erkin göreşçileri okuw-türgenleşik ýygnanyşyklaryny geçirdiler
2026-njy ýylyň awgust aýynda Mary we Aşgabat şäherlerinde erkin göreş boýunça geçirilen tapgyrlaýyn okuw-türgenleşik ýygnanyşyklary sport ussatlygyny ýokarlandyrmaga, tejribe alyşmaga hem-de pälwanlaryň geljekki ýaryşlara fiziki taýýarlygyny pugtalandyrmaga gönükdirildi.