Serdar Gurbangulyýewiç Berdimuhamedow Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Türkmenistanyň Ýokary gözegçilik edarasynyň başlygy wezipelerine bellendi
Türkmenistanyň Prezidentiniň
PERMANY
S.G.BERDIMUHAMEDOW hakynda
Serdar Gurbangulyýewiç Berdimuhamedowy Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Türkmenistanyň Ýokary gözegçilik edarasynyň başlygy wezipelerine belläp, Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň düzümine girizmeli hemde ony Türkmenistanyň senagat we gurluşyk önümçiligi ministri wezipesinden boşatmaly.
Türkmenistanyň Prezidenti
Gurbanguly BERDIMUHAMEDOW.
Aşgabat şäheri, 2021-nji ýylyň 11-nji fewraly.
Serdar Gurbangulyýewiç BERDIMUHAMEDOW
1981-nji ýylda Aşgabat şäherinde doguldy. Ýokary bilimli. 2001-nji ýylda S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetini inžener-tehnolog hünäri boýunça tamamlady. Halkara gatnaşyklar boýunça hünärmen.
2001-nji ýylda Türkmenistanyň Azyk senagaty assosiasiýasynyň Daşary ykdysady aragatnaşyk müdirliginiň baş hünärmeni bolup zähmet ýoluna başlady.
2003 — 2008-nji ýyllar aralygynda Türkmenistanyň Azyk senagaty assosiasiýasynyň bölüminiň baş hünärmeni bolup işledi.
2008 — 2011-nji ýyllar aralygynda Türkmenistanyň Russiýa Federasiýasyndaky (Moskwa ş.) ilçihanasynyň geňeşçisi boldy.
2011 — 2013-nji ýyllarda Birleşen Milletler Guramasynyň Ženewadaky edarasynyň ýanyndaky Türkmenistanyň Hemişelik wekilhanasynyň geňeşçisi bolup işledi.
2013-nji ýylyň awgust aýyndan dekabr aýyna çenli Daşary işler ministrliginiň Ýewropa ýurtlary bölüminiň başlygy.
2013 — 2016-njy ýyllar aralygyndaky döwürde Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Nebitgaz serişdelerini dolandyrmak we peýdalanmak baradaky döwlet agentliginiň direktorynyň orunbasary.
2016- 2017-nji ýyllarda Daşary işler ministrliginiň Halkara habarlary departamentiniň başlygy boldy.
2017- 2018-nji ýyllarda Türkmenistanyň Mejlisiniň komitetiniň başlygy bolup işledi.
2018-2019-njy ýyllarda Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary.
2019-2020-nji ýyllarda Ahal welaýatynyň häkiminiň orunbasary, häkimi boldy.
2020-nji ýylyň fewralyndan bäri Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministri.
“Garaşsyz Türkmenistana bolan beýik söýgüsi üçin” ordeni, “Mälikguly Berdimuhamedow” medaly, “Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 25 ýyllygyna” we “Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 25 ýyllygyna” atly ýubileý medallary bilen sylaglanyldy.
«Nebit-gaz» gazetiniň 15 ýyllygy dabaraly bellenildi
«Nebitgaz» gazetiniň redaksiýasynda neşiriň ilkinji sanynyň çap edilip başlanmagynyň 15 ýyllygyna bagyşlanan dabaraly çäre geçirildi. Oňa “Türkmengaz” we “Türkmennebit” döwlet konsernleriniň, Türkmenistanyň Nebitgaz senagaty toplumynyň işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň Geňeşiniň wekilleri, şeýle hem redaksiýanyň işgärleri gatnaşdylar.
«Ýaş tebigatçy» jemgyýetçilik guramasy intellektual bäsleşige çagyrýar!
16-njy sentýabrda sagat 14:00-da «Arkaç» SÖMerkeziniň «Iş nokady» koworking merkezinde «Ýaş tebigatçy» jemgyýetçilik guramasy Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrliginiň ýanyndaky Ozon merkezi bilen bilelikde Halkaara ozon gatlagyny goramak gününe bagyşlanan intellektual bäsleşik geçirýär.
Türkmenistanyň Prezidentiniň mekdep okuwçylaryna, talyp ýaşlaryna, mugallymlaryna we bilim işgärlerine gutlagy
Türkmenistanyň Prezidentiniň mekdep okuwçylaryna, talyp ýaşlaryna, mugallymlaryna we bilim işgärlerine gutlagy.
Ýerasty suw ýataklarynyň gor baýlygy artdyrylýar
«Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasynyň ýurdumyzyň welaýatlaryndaky gidrogeologiýa ekspedisiýalarynyň işgärleri halkymyzy gündelik arassa agyz suwy bilen üpjün etmek babatda möhüm işleri durmuşa geçirýärler. «Marygidrogeologiýa» ekspedisiýasynyň işgärleriniň alyp barýan işleri hem şunuň bir mysalydyr.
Türkmenistanyň erkin göreşçileri okuw-türgenleşik ýygnanyşyklaryny geçirdiler
2026-njy ýylyň awgust aýynda Mary we Aşgabat şäherlerinde erkin göreş boýunça geçirilen tapgyrlaýyn okuw-türgenleşik ýygnanyşyklary sport ussatlygyny ýokarlandyrmaga, tejribe alyşmaga hem-de pälwanlaryň geljekki ýaryşlara fiziki taýýarlygyny pugtalandyrmaga gönükdirildi.