Türkmenistanyň nebitgaz toplumynda geçen ýylyň jemlerine garaldy
Türkmenistanyň nebitgaz toplumynyň merkezi binasynda toplumyň düzümine girýän konsernlerde, korporasiýada we edara-kärhanalarda geçen 2020-nji — «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» ýylynda ýerine ýetirilen işleriň jemine hem-de şu ýylyň ýanwar aýynyň netijelerine bagyşlanan hasabat ýygnagy boldy. Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ş. Abdrahmanow hasabat ýygnagyny açmak bilen, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň 12-nji fewralda geçiren Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde nebitgaz toplumynyň öňünde goýan belent wezipeleri hakynda durup geçdi.
Soňra hasabat ýygnagynda Döwlet ministri — «Türkmengaz» döwlet konserniniň başlygy B. Amanow, «Türkmennebit» döwlet konserniniň başlygy G. Baýgeldiýew, «Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasynyň başlygy M. Rozyýew, Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň baş direktory D. Çişiýew, «Türkmen milli nebitgaz kompaniýasy» (NaPeCo) ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň baş direktory M. Pirliýew hem-de toplumyň birleşikleriniň, müdirlikleriniň, edara-kärhanalarynyň ýolbaşçylary çykyş etdiler.
Wise-premýer Ş. Abdrahmanow hormatly Prezidentimiz tarapyndan berlen tabşyryklara laýyklykda:
— «Türkmengaz» döwlet konsernine tebigy gazy we gazhimiýa önümlerini ýerlemegiň bazarlarynyň gerimini giňeltmegi, täze halkara bazarlara çykmagyň logistik mümkinçiliklerini öwrenmegi, Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisiniň gurluşygynyň depginini güýçlendirip, onuň gurluşygynyň bellenen möhletlerde tamamlanmagy, täze gazhimiýa toplumlarynyň durnukly ulanylmagyny we taslama kuwwatyna çykarylmagyny üpjün etmegi, ýakyn geljekde gurmak göz öňünde tutulan tebigy gazy gaýtadan işleýän täze zawodlaryň taslamasyny düzmek we olary gurmak boýunça işleri çaltlandyrmagy;
— «Türkmennebit» döwlet konsernine nebit ýataklaryny gözlemek, işläp geçmek babatda halkara kompaniýalary bilen hyzmatdaşlygyň täze görnüşlerini işläp taýýarlamagy, täze açylan ýataklary özleşdirmäge we köne ýataklardan kynlyk bilen çykarylýan nebitiň galyndy gorlaryny çykarmaga daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmegi;
— «Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasyna nebitiň gorlaryny artdyrmak we täze nebitgaz ýataklaryny açmak babatda gözleg-barlag işlerine niýetlenen geologiýa-gözleg işleriniň depginini güýçlendirmegi;
— Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumyna hojalygy dolandyrmagyň we nebit önümlerini öndürmegiň täze usullaryny toplumlaýyn öwrenmegi, nebithimiýa önümleriniň täze görnüşlerini öndürmegi ýola goýup, olary halkara bazarlara çykarmagyň ýollaryny we ugurlaryny giňeltmegi, önümçilige sanly tehnologiýalary ornaşdyrmagy üpjün etmegi, öndürilýän önümleriň hilini ýokarlandyrmagy, şonuň netijesinde bolsa şol önümleriň goşulan ýokary bahasyny artdyrmagy tabşyrdy.
Şeýle hem wise-premýer ylmy-barlag institutlarynyň gazananlaryny hem-de işläp taýýarlamalaryny önümçilige ornaşdyrmagy çaltlandyrylmalydygyna, bu ugurda öňdebaryjy tejribäniň we dünýä ylmynyň iň soňky gazananlarynyň özleşdirilmelidigine, ýokary derejeli ylmy işgärleri taýýarlamak üçin beýleki ýurtlaryň öňdebaryjy pudaklaýyn ylmy edaralary bilen hyzmatdaşlygy ýola goýmak zerurdygyna ünsi çekdi.
Hasabat ýygnagynyň ahyrynda wise-premýer Ş.Abdrahmanow «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylyny zähmet üstünliklerine beslemek maksadynda her bir ýolbaşçynyň has-da tijenip işlemeginiň zerurdygyna ýygnananlaryň ünsüni çekmek bilen, hormatly Prezidentimiziň giňişleýin mejlisde toplumyň öňünde goýan wezipelerine amal etmekde önümçilik meýilnamalarynyň gyşarnyksyz ýerine ýetirilmelidigini, «Türkmenistanyň nebitgaz senagatyny ösdürmegiň 2030-njy ýyla çenli döwür üçin Maksatnamasyny» durmuşa geçirmegiň milli ykdysadyýetimizi durnukly ösdürmekde uly ähmiýete eýedigini aýratyn nygtady.
Ussat news
OGT 2026 halkara sergisi halkara energetika jemgyýetçiliginiň ýokary islegini tassyklaýar
"Türkmenistanyň nebiti we gazy – 2026" (OGT 2026) XXXI Halkara maslahatynyň we sergisiniň açylmagyna üç aý galanda sergi meýdançalarynyň ählisi doly satyldy diýip, çäräni gurnaýjylar habar berýärler. Bu milli we daşary ýurt kompaniýalarynyň sebitiň iň iri energetika çäreleriniň birine gatnaşmaga bolan ýokary gyzyklanmasyny tassyklaýar.
“Türkmengaz” DK Germaniýadan enjamlary satyn alar
«Türkmengaz» döwlet konserni tehniki enjamlary satyn almak barada «VIETZ GmbH» kompaniýasy bilen şertnama baglaşar.
Serdar Berdimuhamedowyň Türkmen-gruzin işewürlik maslahatyndaky çykyşy
Serdar Berdimuhamedowyň Türkmen-gruzin işewürlik maslahatyndaky çykyşy.
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň mejlisindäki ÇYKYŞY
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň mejlisindäki ÇYKYŞY.
Serdar Berdimuhamedowyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisindäki çykyşy
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisindäki çykyşy.