Demirgazyk Goturdepede täze guýulardan nebit çykaryldy
Hazaryň türkmen ýalpaklygynyň we kenarýaka zolagynyň geljegi uly ýataklaryny senagat möçberinde batly depginler bilen özleşdirilmek, bu ugurda daşary ýurt kompaniýalaryny we maýalaryny hyzmatdaşlyga çekmek hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň nebitgaz toplumynyň hünärmenleriniň öňünde goýan esasy wezipeleriniň biri bolup durýar.
Degişli ugurda daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen hyzmatdaşlyk işjeň ösdürilýär, olaryň hatarynda Singapurda bellige alynan «Yug-Neftegaz Private Limited» kompaniýasy hem bar. Ol 2020-nji ýylda ýerine ýetiren işleriniň netijelerini jemlemek bilen, Demirgazyk Goturdepe ýatagynda alty guýynyň – № 250, №315, №316, №317, №319 we №332 guýularyň buraw işleriniň tamamlandygy barada habar berdi, olaryň her biriniň taslama çuňlugy bäş müň metre barabardyr. Guýulary synagdan geçirmegiň barşynda nebitiň senagat möçberindäki akymlary alyndy.
Hazaryň kenarýaka zolagynda geljegi uly ýataklary senagat möçberindeişläp taýýarlamak boýunça maýagoýum taslamasyna 2018-nji ýylda badalga berildi. «Türkmennebit» döwlet konserni bilen «Yug-NeftegazPrivate Limited» kompaniýasynyň arasynda gol çekilen Ylalaşyga laýyklykda çuňlugy 4500-den 5500 metre çenli bolan dik, kese we eňňit-ugurly guýularyň 60-ny burawlamak meýilleşdirilýär.
Häzirki wagtda şol taslamanyň çäklerinde Hazaryň ýalpaklygynda ýerleşen guýularyň ýene-de dördüsiniň gurluşygy amala aşyrylýar. Şu ýylyň dowamynda çuňlugy 4750-5000 metr bolan guýularyň jemi 9-ny burawlamak meýilleşdirilýär.
Bulardan başga-da, günbatar sebitiň ýataklarynda guýularyň 201-sinde düýpli abatlaýyş işleri geçirildi, olar nebitiň 340 müň tonnadan gowragyny almaga mümkinçilik berdi.
Şol işleriň «Türkmennebit» döwlet konserniniň önümçilik kärhanalarynyň gatnaşmagynda ýerine ýetirilýändigini bellemek gerek.
Ussat news
«Nebit-gaz» gazetiniň 15 ýyllygy dabaraly bellenildi
«Nebitgaz» gazetiniň redaksiýasynda neşiriň ilkinji sanynyň çap edilip başlanmagynyň 15 ýyllygyna bagyşlanan dabaraly çäre geçirildi. Oňa “Türkmengaz” we “Türkmennebit” döwlet konsernleriniň, Türkmenistanyň Nebitgaz senagaty toplumynyň işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň Geňeşiniň wekilleri, şeýle hem redaksiýanyň işgärleri gatnaşdylar.
«Ýaş tebigatçy» jemgyýetçilik guramasy intellektual bäsleşige çagyrýar!
16-njy sentýabrda sagat 14:00-da «Arkaç» SÖMerkeziniň «Iş nokady» koworking merkezinde «Ýaş tebigatçy» jemgyýetçilik guramasy Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrliginiň ýanyndaky Ozon merkezi bilen bilelikde Halkaara ozon gatlagyny goramak gününe bagyşlanan intellektual bäsleşik geçirýär.
Türkmenistanyň Prezidentiniň mekdep okuwçylaryna, talyp ýaşlaryna, mugallymlaryna we bilim işgärlerine gutlagy
Türkmenistanyň Prezidentiniň mekdep okuwçylaryna, talyp ýaşlaryna, mugallymlaryna we bilim işgärlerine gutlagy.
Ýerasty suw ýataklarynyň gor baýlygy artdyrylýar
«Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasynyň ýurdumyzyň welaýatlaryndaky gidrogeologiýa ekspedisiýalarynyň işgärleri halkymyzy gündelik arassa agyz suwy bilen üpjün etmek babatda möhüm işleri durmuşa geçirýärler. «Marygidrogeologiýa» ekspedisiýasynyň işgärleriniň alyp barýan işleri hem şunuň bir mysalydyr.
Türkmenistanyň erkin göreşçileri okuw-türgenleşik ýygnanyşyklaryny geçirdiler
2026-njy ýylyň awgust aýynda Mary we Aşgabat şäherlerinde erkin göreş boýunça geçirilen tapgyrlaýyn okuw-türgenleşik ýygnanyşyklary sport ussatlygyny ýokarlandyrmaga, tejribe alyşmaga hem-de pälwanlaryň geljekki ýaryşlara fiziki taýýarlygyny pugtalandyrmaga gönükdirildi.